Türkmenistanyň ykdysadyýetini has-da berkitmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek, eksport kuwwatyny artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň dokma pudagynda bimöçber uly işler amala aşyryldy. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, müňlerçe täze iş orunlary döredildi.
17-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze açylan dokma toplumy hem şolaryň biridir. Onuň gurluşygyna ýurdumyzyň dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň maý aýynda kabul eden Karary esasynda badalga berlipdi.
Döwrebap toplumyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda 1 müň 150 sany täze iş orny döredildi. Bu bolsa ilaty iş bilen üpjün etmekde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Bu ýerde işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki sany iki gatly 16 orunlyk myhmanhana ýerleşýär. Häzirki döwrüň iri we döwrebap kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan ýylda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde, has takygy awgust aýynyň 25-ne Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda hem inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu täze dokma toplumlary öndürijiligi üstünlikli alyp barýan öňki dokma kärhanalarynyň üstüni ýetirdi. Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala» nyşanly, Aşgabat dokma toplumynyň «Goza» nyşanly, Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» nyşanly tikin-trikotaž önümleri, Gypjak dokma toplumynyň «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň önümleri daşary döwletlerde hem meşhurlyga eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş belentliklerine çykan dokma pudagynyň kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa ýüplükden taýýarlaýan dürli hili önümleri daşary döwletlerde iň bir uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hillidigi dünýäde ykrar edildi. Halkara gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasy, daşary döwletleriň dokma barlag institutlary tarapyndan Türkmenistanyň dokma pudagynyň kärhanalaryna «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy» boýunça ISO 9001, «Daş-töweregi goramak» boýunça ISO 14001 hem-de «Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy goramak» boýunça OHSAS 18001 güwänamalary berildi.
Ýurdumyzyň dokma senagatynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän aladalaryna köp sagbolsun aýdýarlar, tutanýerli zähmetleri bilen pudagyň barha ilerlemegi üçin goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrýarlar.
Oguljeren ŞYHYÝEWA,
Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.