Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat
Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.
Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly bütin adamzat dünýäsiniň gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň giňeldilmegine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
Foruma gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanandygy baradaky habary uly ruhubelentlik we buýsanç bilen kabul etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyga, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşmeýilli erk-isleg we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy bellenildi. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyryp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär hem-de adamzadyň wajyp meseleleriniň netijeli çözgütlerine saldamly goşant goşýar.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkarar etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler. Anyk kesgitlenen sagdyn syýasy ölçeglere, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan bu täze filosofiýa halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýär.
Döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginiň durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär hem-de syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag we aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli alyp barýan daşary syýasatynda bitaraplyk ýörelgesine esasy orun berilýär. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan senetçiliginiň we mirasynyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmegi bu gymmatlyklaryň tutuş dünýä ösüşi üçin hem ähmiýetlidiginiň subutnamasydyr.
Çykyşlarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkara giňişlikde täze belent sepgitlere ýetilýändigi nygtaldy. Daşary ýurtlar bilen depginli ösdürilýän hoşniýetli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlygy depginli ösdürýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu guramalaryň çäginde öňe süren başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar.
Dünýä döwletlerinde we halkara guramalarda ata Watanymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri milli Liderimiziň häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de netijelilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek başlangyçlaryny ilerletmegi we yzygiderli durmuşa geçirmegi baş maksady hasaplaýarlar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de mähriban Watanymyzyň bähbitlerini halkara giňişlikde mundan beýläk-de ygtybarly üpjün etmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Däp bolşy ýaly, hünär baýramy mynasybetli diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Institutyň baş binasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp guralan konsert hem-de sergi şu günki maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy.