Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.
Uzak geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginleri, onuň köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.
Milli Liderimiz seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Döwlet Baştutanymyz Söwda-dynç alyş merkeziniň, seýilgähiň we “Garagum” myhmanhanasynyň bir toplumda ýerleşmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny, täze, döwrebap seýilgähiň uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň dynç almagynyň hem-de gezelenç etmeginiň iň söýgüli ýerine öwrüljekdigini belledi.
Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan we gurluşygy meýilleşdirilen binalaryň şekil taslamasy, “Garagum” işewürlik merkezli myhmanhananyň baş meýilnamasy hem-de seýilgähiň şekil taslamasy we baş meýilnamasy, Söwda-dynç alyş merkeziniň taslamalary, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow seýilgähiň taslamasy barada hasabat berdi. Bu taslamada meýilleşdirilen ähli işler, şol sanda suw çüwdürimleri, bagy-bossanlyklar, ýanýodalar we beýlekiler seýilgäh zolagyny döretmegiň iň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetiriler.
Döwrebap seýilgähiň ýer böleginiň umumy meýdany 9,75 gektara barabardyr. Onuň uzynlygy 320 metr, ini bolsa 310 metre deňdir. Seýilgähde suw çüwdürimleriniň 9-sy, şol sanda merkezde 1 uly we 8 sany kiçi suw çüwdürimler bu ýere gelýänleriň göwnüni joşdurar. Şeýle hem bu ýerde suw howdanlarynyň 3-sini gurmak meýilleşdirildi.
Taslama laýyklykda, gurluşygy alnyp barylýan ýerasty geçelgeler bolsa pyýadalaryň howpsuzlygy üçin niýetlenendir. Geçelgeleriň jemi 4-si bolup, uzynlygy 25,1 metre, ini 8,1 metre we beýikligi 4,8 metre deňdir. Ýoluň uzynlygy 704 metre barabar bolup, ini 18 metrdir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taslamalara käbir belliklerini hem-de düzedişlerini girizdi. Täze seýilgäh paýtagtymyzyň Halkara howa menziline çenli uzalyp gidip, şol ýerde ýaşaýan raýatlarymyzyň oňaýly dynç alýan ýerine öwrüler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda görülýän çäreler ilatymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän amatly ekologiýa gurşawyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize geçelgäniň taslamasyna degişli çyzgylar görkezildi.
Soňra döwlet Baştutanymyza ýerasty geçelgäniň çyzgylary görkezildi, hormatly Prezidentimiz olar bilen tanşyp, degişli düzedişlerini girizdi we tekliplerini aýtdy.
Milli Liderimiz bu ýerde şäheriň ýaşaýjylary üçin-de, ýurdumyza gelýän myhmanlar we syýahatçylar üçin-de öz wagtlaryny peýdaly geçirer ýaly, ähli zerur amatlyklaryň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şu ýerde saýaly agaçlary köp ekmek, özüne çekiji suw çüwdürimlerini gurmak barada häkime degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barlyp, milli öwüşginleri özünde jemlemelidigi barada nygtap, seýilgähiň döwrebap atlandyrylmalydygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, ony “Laçyn” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Milli Liderimiziň bu teklibi paýtagtymyzyň ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilindäki Halkara howa menziliniň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglylykda, ýerine düşen teklipdir.
Soňra şu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew gurluşygy alnyp barylýan Söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli çäreleriň görülýändigi aýratyn nygtaldy.
Söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk meýdançasynyň umumy meýdany 8,92 gektara barabar bolup, binalaryň gurluşyk meýdany hem-de abadanlaşdyrylýan ýerleriň jemi meýdany degişlilikde, 28 müň 331,6 inedördül metre we 60 müň 888,4 inedördül metre barabardyr. Binanyň beýikligi 40 metre deňdir. Bu ýerde meýilleşdirilen köp gatly awtoduralganyň meýdany 54 müň 381,67 inedördül metrdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygynda hil babatda halkara ölçeglere bildirilýän ähli talaplaryň ýerine ýetirilmelidigini, şol sanda onuň içki we bezeg işlerinde milli aýratynlyklaryň öz beýanyny tapmalydygyny, alyjylar hem-de dynç almaga geljekler üçin hemme amatly şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz şu ýerde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasyny synlady.
Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze, özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Şolar ýurdumyzyň baş şäheriniň özboluşly görkezijisine, täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlaryna öwrülýär.
6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhananyň binasynda, taslama laýyklykda, kaşaň otaglaryň 87-si, şol sanda standart, suite, lýuks hem-de super lýuks otaglar göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, restoranlar, banket zaly, suwda ýüzülýän howuzlar, dürli trenažýorlar bilen üpjün edilen fitnes-zal, tennis meýdançasy we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Işewürlik merkezinde duşuşyklary geçirmek üçin oňaýly şertler dörediler.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşen toplumyň binagärlik gurluşynda hem-de bezeginde Türkmenistanyň täsin tebigy gymmatlyklarynyň biri — Garagum sährasynyň gaýtalanmajak keşbi öz beýanyny tapýar. Binanyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý milli öwüşginleri bilen ünsi çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, “Garagum” myhmanhanasynyň ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň otaglarynyň birine baryp gördi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew myhmanlar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi.
“Garagum” myhmanhanasy, onuň bezeg aýratynlyklary, şol sanda penjireleriniň altynsow reňkleri onuň adyna kybap gelýär. Bu myhmanhana türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň nyşany bolmalydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyza gelýän syýahatçylar we daşary ýurtly myhmanlar üçin bu ýerde ýörite medeni maksatnamany işläp taýýarlamak zerurdyr. Şol maksatnamada paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri boýunça tanyşlyk gezelençlerini guramagy göz öňünde tutmak gerek.
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasy ugry, onuň yklymara ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam eder.
Häzirki döwürde ýurdumyz dürli ulgamlarda döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Şol ýoluň möhüm bölegi ençeme asyrlar mundan ozal, türkmen topragyndan geçipdir.
Bularyň ählisi ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň yzygiderli artmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhana işewürliginde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak maksady bilen, iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz degişli desgalaryň daşky we içki bezeginde milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlara mähriban halkymyzyň baý we özboluşly däpleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döreder.
Şunda milli Liderimiz işleriň ýokary hiliniň hem-de olaryň ýerine ýetirilişine hemmetaraplaýyn çemeleşmäniň, şol sanda desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmeginiň potratçylara we buýrujylara bildirilýän esasy talaplardygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew bu ýerde häzirki wagtda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň otaglarynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu myhmanhananyň zallarynyň we otaglarynyň içki bezegleriniň milli derejede özara utgaşmalydygyna ünsi çekdi we şol işleriň halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde iň döwrebap we täzeçil tehnologiýalar ulanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, myhmanhanada iň ýokary halkara derejedäki maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin hemme döwrebap şertler döredilmelidir. Toplumyň daş-töwereginde emele getirilýän bagy-bossanlyklarda, gurulýan suw çüwdürimlerinde Türkmenistanyň ekologiýa meselesine neneňsi uly üns berýändigi aýdyň beýanyny tapmalydyr we şolar bu ýere gelýänlerde ruhubelentlik döretmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün edilmelidir, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Aşgabat boýunça iş saparyny dowam edip, ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluna tarap ugrady. Onuň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy.
Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara şunuň bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda hereket edýän ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täze ýollary çekmek, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şunda milli Liderimiz taslama, gurluşyk we beýleki degişli işleriň ýokary hilli hem-de möhletleriniň berjaý edilip ýerine ýetirilmeginiň hökmany talap bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýtdy.
Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzak möhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek — ine, şular ýurdumyzda taslamalar we ösüş maksatnamalary amala aşyrylanda zerur bolan daýanylmaly üýtgewsiz ugurlardyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilişini ep-esli artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Taslama laýyklykda, awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga we tizleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen birlikde, iň häzirki zaman awtomobil ýoluny gurmak boýunça işleri “Nusaý ýollary” we “Hyzmat merkezi” hususy kärhanalary, “Edermen” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri amala aşyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän goldawlary netijesinde, häzirki wagtda telekeçileriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ägirt uly işleri alyp barýandyklaryny, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny hem-de durmuş maksatly köp sanly beýleki desgalary yzygiderli gurýandyklaryny we ulanyşa tabşyrýandyklaryny bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň birinji bölegini — Aşgabat — Tejen aralygyny şu ýyl, Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji — Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak maksat edinilýär.
Awtomobil ýoly hereket etmegiň esasy üç ugruny özünde jemlär we her tarapdan bir goşmaça ugur bolar. Ýoluň ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak çatrykdan başlanar. Şu ýerde elektron hasaplaşygy hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçiligi gullugynyň bölümi, dynç almak üçin meýdançalar ýerleşdiriler.
Ýokary tizlikli ýola degişli derejede tehniki taýdan hyzmat etmek üçin beketleri hem bina etmek meýilleşdirilýär. Ýol hereketini awtomatik ulgam dolandyrar. Şol ulgam üznüksiz wideogözegçiligiň kömegi bilen ulag akymy boýunça hemme maglumatlary ýygnaýar we saklaýar hem-de ýol gözegçiligi gullugyna iberýär. Şeýle hem şu ýere howanyň ýagdaýyna gözegçilik edýän beketden çyglylyk, aralygy görüp boluş ýagdaýy ýaly ölçegleri özünde jemleýän maglumatlar we beýlekiler iberiler.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň I, II, III tapgyrlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen işler bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz ýoluň geçjek ugurlaryny görkezýän çyzgylar, uly töleg terminalynyň hem-de kiçi töleg nokatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, çyzgylarda ýangyç guýujy bekediň, söwda nokatlaryň, ulag serişdelerine hyzmat ediş bölümleriň, dynç alyş meýdançalaryň, çatryklaryň, köprüleriň görnüşleri we beýlekiler görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, taslama käbir düzedişleri girizdi hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we ekologiýa talaplaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ölçeglere kybap gurulýan bu ýoluň hyzmatyndan peýdalanjak sürüjileriň töleg terminallary arkaly töleg geçirenlerinde, töleglerini kart we çip bilen amala aşyrmalydyklaryny, daşary ýurtlardan gelip-geçýän sürüjileriň bolsa daşary ýurt walýutasynda hasaplaşmalydyklaryny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we “Gündogar — Günbatar” hem-de “Demirgazyk — Günorta” ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler bar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi hem Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde garamak, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garamak milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga tabşyryljak desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna açylyp, desgalaryň ýokary hil derejesinde we bellenen möhletinde ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda şanly sene mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgada öwrüljek desgalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli tabşyrylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz abadanlaşdyryş işlerini bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirmegiň paýtagtymyzyň ýaşamak üçin iň amatly we owadan şäher derejesini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň esasy wezipesiniň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçilik etmekden ybaratdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, telekeçileriň öz ulag parkyny döretmek barada tabşyryk berdi. Bellenilişi ýaly, satyn alynjak awtobuslarda ýolagçylar üçin hemme amatly şertler döredilmelidir. Awtobanyň ugrunda gyssagly jaňlar hem-de kömek bermek üçin dolandyryş merkezi bilen birleşdirilen telefon aragatnaşygynyň ýörite bölümleri ýerleşer.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslama durmuşa geçirilende, şu ulgamdaky öňdebaryjy tejribäni we täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Baş talap Aşgabat — Türkmenabat awtoulag ýolunda amala aşyrylýan işleriň hil derejesine, halkara ölçeglere kybap gelmegini yzygiderli üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunuň ýaly ýokary derejeli awtobanyň gurulmagy bilen baglylykda, degişli halkara guramalar we maksatnamalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek gerek.
Munuň özi, ilkinji nobatda, milli awtoulag birleşmeleriniň we guramalarynyň bähbitlerini birleşdirýän Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA hem-de bütin dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir. Bularyň ählisi, esasan, transmilli ulag geçelgesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda aýratyn möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň telekeçiligi ösdürmekden, Diýarymyzda öndürilýän önümleriň eksport edilişiniň mukdaryny artdyrmakdan, gyzyklanma bildirýän hemme hyzmatdaşlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň köp dürli görnüşlerini çykarýan häzirki zaman önümçilik toplumlaryny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, Ýol gözegçiligi gullugynyň talabalaýyk işlemegini gazanmak, ýollarda ulag hereketiniň sazlaşygyny ýola goýmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan awtoban boýunça ýoluny dowam edip, onuň ugrunda gurnalan germewleriň hilini gözden geçirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtap, munuň aňyrsynda “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyzyň durýandygyny aýratyn belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz häzirki wagtda gurluşygy ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Şolarda ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan durmuş üpjünçiligi döredilmelidir diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalygyň täze öýlerde jaý toýuny toýlamagynyň olar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan şu işlerde esasy ugruň geljegi nazarlap, yhlasly, ygtybarly we owadan gurup, adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdygyny ýene-de bir gezek nygtap, bu ýere ýygnananlara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19165?type=feed