Hyrydarly önümler

Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçiler özleriniň irginsiz zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hususy ulgamynda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri ýylyň-ýylyna guwandyryjy zähmet üstünliklerini gazanýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde uly işler alnyp barylýar we döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar esasynda uly goldaw berilýär. Ýurdumyzda ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde hususy pudakda bäsdeşlige ukyply birnäçe kärhanalar döredildi. Ýurdumyzda öz öndürýän önümleri bilen uly meşhurlyk gazanan «Miweli ülke» hususy kärhanasy hem «Hoşwagt» haryt nyşanly önümleri bilen adygandyr. Biz golaýda kärhananyň hünärmeni Agamyrat Döwletmyradow bilen bu ýerde öndürilýän önümler dogrusynda söhbetdeş bolduk.

— «Miweli ülke» hususy kärhanamyz Mary şäherinde ýerleşýär, ol 2016-njy ýylda döredildi. Kärhanamyzda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri öwrenilýär. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen halkymyzyň ösen isleglerine laýyk gelýän, ýokary hilli önümler öndürilip, olaryň görnüşleri artdyrylýar. Bu günki gün importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek her bir telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Bu maksatdan ugur alyp, kärhanamyzyň agzybir işgärleri öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyny, hil derejesiniň ýokarylygyny gazanmaga uly üns berýärler. Biziň kärhanamyzda gowrulan günebakar çigidi, çipsi, kofe, gant, mekgejöwenden taýýarlanylýan önümler öndürilýär. Kärhanamyzyň ähli harytlary «Hoşwagt» haryt nyşany bilen gözegelüwli owadan gaplara gaplanylyp halka ýetirilýär. Dürli tagamly «Berk», «Süýtli», «Tokaý hozy tagamly», «Kapuçino» ýaly kofelerimiz halk arasynda uly islegden peýdalanýar. «Hoşwagt» haryt nyşanly kofeleriň her aýda 10,5 tonnasy öndürilýär. Bu kofeler bilen bir hatarda, «Gyzgyn şokolad» we «Gold» atly gaplanan kofeler diňe bir öz ýurdumyzyň içine däl, eýsem, eksporta hem gönükdirilýär.

Her aýda çipsileriň 109,71 tonnasy öndürilýär, olar aýratyn tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Mekgejöwen çipsilerimiz peýnir, gyzylburç, gaýmak, çişlik tagamlary bilen hödürlense, «Hoşwagt» nyşanly gant süýjüligine limon, malina, tokaý miweleriniň tagamlary berlip, her aýda onuň 28,57 tonnasy, mekgejöwen önümleriniň 15,57 tonnasy, gowrulan günebakar çigidiniň 64,3 tonnasy öndürilip halka ýetirilýär. Bulardan başga-da, kärhanamyzda dürli agramlarda pisse maňzynyň gowrulan, duzlanan görnüşleri taýýarlanylyp, söwda nokatlaryna ugradylýar. Geljekde kärhanada un we unaş önümlerini öndürmek hem göz öňünde tutulýar. «Miweli ülke» kärhanasynyň wekilleri welaýatlarymyzyň we gözel paýtagtymyzyň söwda nokatlaryny öndürýän önümlerimiz bilen yzygiderli üpjün edýärler.

Kärhanamyz ýylyň ähli paslynda halkymyzy elýeter bahadan ter miweler, bakja önümleri bilen üpjün etmeklige hem uly goşant goşýar. Kärhana ter önümleri talabalaýyk saklamak üçin ammarlar, tomus paslynyň jöwzaly günleri üçin kuwwatly sowadyjyly ammarlar bilen üpjün edilendir. «Lezzeti tebigatdan, hili bizden» şygary bilen üstünlikleri nazarlaýan hususy kärhanamyzyň ümzügi ileri.

Telekeçilige giň ýol açan, mähriban halkymyza bolelin durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! — diýip, söhbetdeşimiz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Dursun HOJATOWA,

«Aşgabat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20667