Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi netijesinde Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar we bu ugurda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, bank kartlary arkaly milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar. Şeýle maksatlara gönükdirilen giň gerimli mahabat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Netijede, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky boýunça 2020-nji ýylda bank kart ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň pul möçberi geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende 2,1 essä çenli ýokarlandy.
Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek hem-de bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça iri söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň ornaşdyrylmagy işjeň dowam etdirilýär. Töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin banklaryň hersiniň özüne mahsus bolan kartlaryň ýaýradylmagyna aýratyn üns berilýär. Bankymyz tarapyndan «Maşgala» atly täze bank kart hyzmaty dolanyşyga girizilip, müşderilerimize hyzmat edilip başlandy. «Goýum bank karty» hem ýola goýlup, bu kartyň üsti bilen nagt däl görnüşde söwda edilende, «Cash back» hyzmaty esasynda müşderä bank tarapyndan kesgitlenen 0,5 göterim möçberinde pul sylagy hökmünde yzyna gaýtarylýar. Ady agzalan bank kartlarynyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň biri-birinden tapawutly bolmagy bäsdeşligiň ösmegine getirip, banklarymyzyň halkymyza has bähbitli hyzmatlary hödürlemegine hem-de ilat arasynda bank kartlaryna bolan islegiň artmagyna itergi berýär.
Bankymyzda hereket edýän pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek barada yzygiderli işler alnyp barylýar. Berilýän karzlaryň yzyna gaýtarylyşyna doly seljerme geçirilýär we gözegçilikde saklanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet tarapyndan giňden goldaw bermäge gönükdirilen maliýe çäreleri durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan döwlete dahylsyz kärhanalara, hususy telekeçilere hem-de raýatlara jemi 250 million 922 müň manat möçberindäki karzlar resmileşdirildi. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende esli ýokarydyr.
Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasatynyň esasynda ýeňillikli salgyt syýasatynyň alnyp barylmagy, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Işewürligi ýola goýmak maksady bilen, orta we kiçi telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça ýerli haryt öndürijiler goldanylýar. Önümçilik bilen meşgullanýan hususy ulgama we telekeçilere eksport üçin öndürýän önümleriň möçberlerini hem-de ýerli haryt öndürijileriň sanyny artdyrmaga gönükdirilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen, kiçi göwrümli karzlar hem hödürlenilýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara jemi 135 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar resmileşdirildi hem-de geljekde bu görkezijini ýokarlandyrmak ugrunda işler alnyp barylar.
Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu gün ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Bize şeýle ajaýyp zamanada döredijilikli işlemäge hem-de eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Gurbanmyrat BÄŞIMOW,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.