Mähriban Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Görlüp-eşidilmedik özgerişlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Halkara abraýy barha belende göterilýär. Bularyň bary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp peşgeşidir. Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna barýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny-da öňegidişliklere besleýär. Ýylyň ilkinji iki aýynyň depginleri, ähli babatlardaky ýokary görkezijiler şeýle diýmäge doly esas berýär.
Biziň islendik ugurda gazananlarymyz ýurt Garaşsyzlygymyz bilen baglanyşyklydyr. Gojaman Hazaryň ýakasyny bütinleý özgertmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen amala aşyryldy. Deňiz kenarynyň özgermegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başlandy. Uzak bolmadyk döwür içinde ozal tozap ýatan meýdanda häzirki zaman dynç alyş, şypahana merkezi kemala geldi. Belent-belent ymaratlar: myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, boý alýan tokaý zolaklary, gyrasy jäheklenen, iki tarapy gök öwsüp oturan bagly giň, göni köçeler gözelligi bilen göreni haýran edýär. Kottej toplumlary, medeni-durmuş ojaklary, «Awaza» şypahanasy, akwapark, sport desgalary... ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Syýahatçylyk zolagynyň ortasyndan geçýän Awaza derýasynda suw ulagly gezelenç etmek, daş-töweregi synlamak ýakymly duýgulary döredýär. Agşamlaryna dürli reňkde ýalkym saçýan çüwdürimler toplumynda nazaryň eglenýär.
Awazanyň owazasy dünýä doldy. Bu ýerde arassa howa-da, sapaly kenar-da, derde derman suw-da bar. Syýahatçylyk zolagy geljekde-de uly ösüşlere eýe bolar.
Hazar deňziniň esli giňişligi eýelän kenary özboluşly şäherjigi ýada salýar. Kaşaň binalar, köprüler, demir we gara ýollar, yzy üzülmeýän ulag gatnawy bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Kenara ýanan ululy-kiçili gämiler daş-töwerege ýaraşyk berýär. Bu ýerde Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Halkara deňiz portunyň açylanyna ýakynda üç ýyl dolýar. Portuň parom, ýolagçy, ýük terminallary bar. Onuň ýük geçirijilik ukyby ýokarydyr.
Halkara deňiz porty Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirýär. Gämiler ýaşyl Baýdagymyzy pasyrdadyp, mawy giňişlikde erkana ýüzýärler, Hazarýaka ýurtlara ýük daşaýarlar, ýolagçy gatnadýarlar. Şeýle hem daşary ýurtlardan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna suw ulaglary arkaly dürli görnüşli ýükler getirilýär. Portuň ulgamynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň bolmagy buýsançlydyr. Zawodda eýýäm gury ýük gämileri, tankerler, beýleki görnüşli suw ulaglary abatlanýar, geljekde gämilerem gurlar.
Türkmenbaşy şäheri bilen Garabogaz şäheriniň arasy ep-esli meýdany tutýar. Iki şäheri birleşdirýän ýol deňziň kenaryndan uzaýar. Bilşimiz ýaly, Garabogaz — tebigy baýlyklaryň mesgeni, Guwlymaýakda mukaddes önüm — nahar duzy çykarylýar. Bularyň üstüne «Garabogazkarbamid» zawodynyň, Gyýanly polimer zawodynyň goşulanyna köp wagt geçenok.
«Garabogazkarbamid» zawody —sebitde iň iri maýa goýum taslamasy daşary ýurt hyzmatdaşlary: Ýaponiýanyň «Mitsubishi Gorparation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatirim we Diş Tijaret A. Ş» kompaniýalary tarapyndan «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama esasynda amala aşyryldy. Karbamid öndürýän bu toplumyň kuwwatlylygy ýurdumyzda ozal hereket edýän şunuň ýaly zawodlara garanyňda has ýokarydyr. Öndürilýän karbamidiň aglaba bölegini deňiz ýoly bilen daşary ýurtlara ibermek göz öňünde tutuldy. Heniz gurluşygyň dowam edýän döwründe daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň karbamidi satyn almaga isleg bildirendiklerini bellemek ýakymlydyr.
Iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, öňdebaryjy tehnologiýa esaslanýan karbamid zawodynyň sebitde deňi-taýy ýokdur. Ol oba hojalygy üçin bu döküni köp mukdarda öndürer. Zawod ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir.
Hazar deňziniň ýakasynda peýda bolan ýene bir kuwwatlyk Gyýanly gazhimiýa toplumydyr. Tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de polietilen we polipropilen öndürmek boýunça bu toplum Ýaponiýanyň «TOYO international», Koreýa Respublikasynyň «LG international Gorporation» we «Hundai Engineering Gorp Ltd» kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň sargydy bilen guruldy. Toplum Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň we beýlekileriň iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde işlejek hünärmenler daşary ýurtlarda okadyldy. Polimer zawody polietilen, polipropilen ýaly ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýär. Zawodda önümçilik maksatlary üçin ýylda 5 milliard kub metr gazy gaýtadan işlemek göz öňünde tutuldy. Polimer önümlerine dünýä bazarynda isleg uludyr, biziň ýurdumyzda-da şu önümler giňden peýdalanylýar.
Geljekde ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän şular ýaly zawodlar ýene-de gurlar. Bu bolsa biziň ösüşlerden ösüşlere barýandygymyzyň ýene bir subutnamasy bolar.
Şamyrat BEGJANOW,
«Balkan».