Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi

(2021-nji ýylyň 18-nji noýabry)


Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Mun Çže In!
Hormatly foruma gatnaşyjylar!


Ilki bilen, guramaçylara gutlag sözleri bilen ýüzlenmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin hem-de Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi arzuw edýärin.

Türkmenistan bu foruma Ýewraziýada ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek üçin möhüm halkara binýat hökmünde seredýär. Şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen üstünlikli özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň dowamy hökmünde garaýar.

Ýewraziýada ösüş ýagdaýlaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary hem-de başlangyçlary goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Ýewraziýa kontinentinde durnukly ösüşiň maksatnamalaryny we strategiýalaryny emele getirmekde we amala aşyrmakda köp meňzeşligi görýäris. Munuň özi Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasaty» bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategik ugry boýunça başlangyçlarynyň düýp mazmunyndan ybaratdyr.

Bu iki maksatnama hem üpjünçilik ulgamlaryny, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, energetika, ulag, ekologik howpsuzlyk, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ýaly ugurlarda toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar.

Häzirki döwrüň hakykaty pandemiýa garşy bilelikde göreşmek hem-de onuň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan ýaramaz durmuş-ykdysady, ynsanperwer netijeleri azaltmak wezipesini öňe çykarýar. Gynansak-da, ählumumy howpuň öňünde duran dünýä bileleşiginiň bu wehime öz wagtynda netijeli göreşip bilmändigini bellemek gerek.

Biz dünýäniň ähli döwletleriniň aň-bilim, maddy, maliýe we beýleki serişdelerini birleşdirmegiň bu çökgünlik ýagdaýyny üstünlikli ýeňip geçmegiň ýeke-täk usulydygyna ynanýarys. Koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan hem-de ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ozal beýan eden başlangyçlaryny anyklaşdyrdy. Biz, hususan-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda koronawirusyň tebigy gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ulgamlaýyn işe girişmegi, bu ýokanjyň döredýän kesellerini bejermek we onuň öňüni almak meseleleriniň üstünde maksada gönükdirilen işleri alyp barmagy teklip edýäris. Şu we beýleki halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, biz sebitleýin hem-de ikitaraplaýyn esasda degişli taslamalary amala aşyrmaga uly üns berýäris.

Türkmenistan saglygy goraýyş, «ýaşyl» ösüş, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlarda Koreýa Respublikasy bilen alyp barýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär. Bu ugurlar Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasatynyň» düzüm bölegi bolup durýar. Umuman, biz ylmy köp talap edýän pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris.


Hormatly foruma gatnaşyjylar!


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan eden 2021-nji ýyly tamamlanyp barýar. Bu başlangyjyň esasynda dünýä bileleşiginiň ünsüni özara ynanyşmak medeniýetini we hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyna çekmek islegi durýar. Döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde ýüze çykan ynamyň pese gaçmagyny aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar.

Bu umumadamzat meselesini çözmek taryhy, medeni we bilim gatnaşyklarynyň üsti bilen ynsan aragatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam berer. Munuň özi «Täze Demirgazyk syýasatynyň» möhüm düzümlerinden biridir.

Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ulgamy bilelikdäki tagallalary talap edýän ugur diýip hasap edýärin. Bu babatda uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ýakyn wagtda bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga girişip bilerler diýip pikir edýärin. Bu bolsa «Täze Demirgazyk syýasatyny» amala aşyrmakda möhüm goşant bolar.

Sözümiň soňunda ähli gatnaşyjylara ýene-de bir gezek gutlag sözleri bilen ýüzlenýärin hem-de bu forumyň çäklerinde üstünlikli işlemegi arzuw edýärin.

Üns bereniňiz üçin sag boluň!



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47240