Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meret Meredowa degişli bolan hususy önümçilik kärhanasynyň işleri barha ilerleýär. Agzalan kärhanada öndürilýän dürli görnüşli datly önümler ildeşlerimiz tarapyndan uly islege we meşhurlyga eýe boldy.
Mundan bäş ýyl ozal gurlup, işe girizilen kärhanada bu gün nahar duzy, konditer önümleriniň, däneli önümleriň, miwe şerbetleridir mürepbäniň dürli görnüşleri öndürilýär. Önümleriň görnüşlerini artdyrmak, möçberini ýokarlandyrmak, ýokary hilliligini we datlylygyny saklamak babatda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Kärhanada öndürilýän önümleriň içerki bazarda giň orun almagy, ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki söwda nokatlaryna bezeg goşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Kärhanada bolanymyzda hünärmen Maral Kakajanowa bize ol ýerde işleriň ýola goýluşy hakda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, kärhanada ilkibaşda nahar duzunyň önümçiligi ýola goýulýar, Ýurdumyzda duzuň iri tebigy ýatagy bolan Balkan welaýatyndaky Guwly kölüniň tebigy käninden getirilen duz kärhanada ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilip başlanýar. Ol kämil tehnologiýalar arkaly ýuwulýar, arassalanylýar, guradylýar, ýodlaşdyrylýar hem-de taýýar bolan iýmit duzy gaplara gaplanylýar. Mundan başga-da, bu ýerde ýodlaşdyrylmadyk senagat duzunyň önümçiligine giň gerim berilýär. «Datmeni» haryt nyşanly nahar—iýmit duzy gysga wagtda uly islege eýe bolýar.
Häzirki wagtda kärhanada iýmit üçin niýetlenen ýodlaşdyrylan ýokary hilli duzlar iri, ownuk hem-de has ownuk görnüşinde taýýarlanylyp, awtomatiki usulda ýörite gaplara gaplanylýar. Duz önümçiligi boýunça sehdäki kämil enjamlar günde ortaça 20 tonna duzy gaýtadan işlemäge we gaplamaga mümkinçilik berýär.
Bu gün kärhananyň ýöriteleşdirilen sehlerinde täze görnüşli önümleriň, şol sanda konditer önümleriniň, miwe şerbetleridir mürepbeleriň önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Ol ýerde öndürilýän kokosly we künjüli owranýan kökeler, owranýan köke, marmelad, krem şanti, şeker tozy, kakao ýaly datly önümler ilat tarapyndan uly islegden peýdalanýar.
Kärhananyň degişli önümçilik bölüminde taýýarlanýan erik, böwürslen, garaly, injir, gawun, ülje, ýertudana mürepbeleri ýörite tehnologiýa esasynda 0,5 litrlik çüýşe gaplaryna gaplanýar. Ol ýerde miwe şerbetleriniň bolsa, 10-dan gowrak görnüşi öndürilip, «Datmeni» haryt nyşany bilen ilata ýetirilýär.
Alma, garaly ýaly miwelerden taýýarlanýan we 0,25 litr göwrümdäki owadan çüýşe gaplaryna gaplanan şerbetler hem gysga wagtda meşhurlyk gazandy.
Kärhananyň däneli önümlerini gaplaýan sehinde däneli önümler, şol sanda mäş, noýba, günebakar çigidi, mekgejöwen däneleri, tüwi, mele tüwi, merjimek ýaly önümler ýokary talaplara laýyklykda arassalanylýar hem-de gaplara gaplanylýar.
Önümçiligi täzelikde ýola goýlan şokolad örtükli nohutly nogul, maňyzly nogul, kişmişli nogul ýaly tagamly, ýokumly önümleriň «Derek» haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň azyk önümleriniň bolçulygyna saldamly goşant edýän, datly tagamlary bilen ildeşlerimiziň saçagynyň berekedine bereket goşýan hususy önümçilik kärhanasynyň agzybir işçi hünärmenleri ýakyn geljekde şokoladyň önümçiligini ýola goýmagyň aladasy bilen yhlasly zähmet çekýärler.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar. Surata düşüren awtor.