Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilen noýabr aýynyň dürli çäreleri, köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri we forumlar Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 1 — 3-nji noýabrda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge çalyşýandyklary tassyklanyldy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, RF-iň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem gün tertibine türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň geljegi, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri girizildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
7-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy, hususan-da, söwda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda bilelikdäki işiň ýagdaýy barada durlup geçildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Hökümetleriniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşyk geçirildi. Onda BMG-niň bu edarasy bilen özara gatnaşyklaryň esasy meseleleri, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň berjaý edilişi hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça gatnaşýan Konwensiýalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde dürli ugurlarda, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika, ulag, senagat, oba hojalygy we suw serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
10-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, sebit we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.
10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Bu çäreler “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan guraldy we 20-ä golaý daşary ýurduň wekillerini — ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri we iberijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary, hyzmatlary işläp düzüjileri, aragatnaşyk ulgamynyň, programma üpjünçiliginiň iri operatorlaryny birleşdirdi. Utgaşykly görnüşde geçirilen ýöriteleşdirilen forum bu ulgamda dünýäniň iň täze işläp taýýarlamalaryny ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça meýdança öwrüldi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan, kompaniýalardan innowasion tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk ulgamynda işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegi talap edýär.
11-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Sammitiň işi tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzy, türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan aýratyn saldamly goşandy üçin, Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Samarkantda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyna agza bolan dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
14-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň bu guramanyň agzasy bolmak bilen, özüniň durmuşa geçirýän syýasatynda hemmeleriň mynasyp zähmet çekmegi we deňhukuklylyk şertlerini döretmek ýörelgesine ygrarlydygy bellenildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýun bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygyň, şol sanda goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmekde özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Şeýle-de türkmen tarapy Owganystanyň ygtyýarly resmi wekilleri bilen sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy, hoşniýetli goňşuçylyk, köpasyrlyk dostluk ýörelgelerinden ugur alyp, owgan halkyna yzygiderli kömek bermegi möhüm hasaplaýar.
14-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Uganda Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Onda özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
15-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapyndan başlygy A.Owerçuk bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine maliýe-bank, nebit, senagat, elektrik energetikasy pudaklarynda, ulag we aragatnaşyk, logistika, oba hojalygy, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli meseleler girizildi.
17-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Germaniýanyň “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de dürli taslamalar, maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy.
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Onda ekologiýa, azyk howpsuzlygy, ýaşlar, gender deňligi we adam hukuklary ýaly meselelere, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parlamentara diplomatiýanyň orny bilen bagly wezipelere aýratyn üns berildi. Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleriniň we Türkiýäniň parlament wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşykda halkara energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, maglumat howpsuzlygy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika, ulag, maýa goýumlar, täze tehnologiýalar, oba hojalygy, dokma, gazhimiýa senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly meselelere garaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra, döwletara hyzmatdaşlygyň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna goşan goşandy üçin, Mustafa Şentopa dabaraly ýagdaýda “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni gowşuryldy.
21-nji noýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebit wekili hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk boldy. Wekiliýet Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de ugurdaş meseleler boýunça kiçi toparyň 55-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi. Duşuşykda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin serhetüsti hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça milli, sebit we ählumumy maksatnamalaryny amala aşyrmagyň ýollary, şeýle hem Türkmenistan bilen bu müdirligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar döwri üçin çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
22-nji noýabrda paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sanly ulgam arkaly “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemegiň tejribesi” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen çärä ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly olaryň daşary ýurtly kärdeşleri — Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň iri ylym, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary, bilermenler gatnaşdylar.
22-23-nji noýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň bilelikde guramagynda “Ýaşyl” energetika hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wodorody peýdalanmak we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça strategiýalary” atly utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata bu ugurda işleýän alymlar, hünärmenler gatnaşdylar. Çykyşlar degişli ulgamda kanunlary işläp taýýarlamak, wodorod energetikasynyň ýokary öndürijilikli eksport ugurly bölümini döretmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmegiň mümkinçilikleri we ornaşdyrmagyň ýollary ýaly meselelere bagyşlandy. Maslahata gatnaşyjylar wodorody peýdalanmak we metanyň zyňyndylaryny azaltmak, nebitgaz, energetika, ulag pudaklarynda döwrebap, ekologik taýdan howpsuz, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak boýunça tejribe alyşdylar.
23 — 26-njy noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Parižiň Luwr muzeýinde geçirilen “Ulugdepe — Merkezi Aziýanyň gadymy taryhyny öwrenmek üçin iri merkez” atly halkara maslahata gatnaşdy. Maslahat bilelikdäki fransuz-türkmen arheologik toparynyň Ulugdepede geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine bagyşlandy.
24-nji noýabrda Fransiýanyň paýtagtynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary Ernesto Ramires bilen geçirilen duşuşykda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO agza bolmagynyň 30 ýyllygy, 2024-nji ýylda bolsa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe dabaralary we medeni çäreleri geçirmek ylalaşyldy.
25-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde köptaraplaýyn forumlaryň hem-de halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurlan saglyk öýünde abatlaýyş işleriniň tamamlanmagy, şeýle hem owgan tarapyna lukmançylyk enjamlaryndan we derman serişdelerinden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif ş.) baş konsullygynyň guran dabaraly resmi çäresinde ýerli ilat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tarapyndan berilýän kömek üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Milli Assambleýanyň ýolbaşçysy Kim Jin-Pýo, “Türkmenistan — Koreýa” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşdy, işewürler maslahatyna gatnaşdy, şeýle-de öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda esasy ugurlar boýunça, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk, ulag-logistika, maliýe-bank, ylym-bilim, ýangyç-energetika, şähergurluşyk we beýleki ulgamlarda netijeli özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýet agzalarynyň dostlukly ýurduň ugurdaş düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça degişli ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Munuň özi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
28-nji noýabrda türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Müdiriýetiň mejlisiniň netijeleri boýunça birnäçe resminamalar, şol sanda Amyderýada we Syrderýada suw serişdelerini hasaba almak hem-de gözegçilik etmek boýunça döwrebap enjamlary ornaşdyrmak baradaky çözgüt kabul edildi.
28-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylyşy bolan “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Tatarystandan, Türkiýeden we Özbegistandan aýdymçylardyr sazandalar, alymlardyr hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri geldiler. Milli medeni mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bu forumyň esasy maksady boldy.
28-nji noýabrda Ankara şäherinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Olarda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändikleri tassyklanyldy.
28-29-njy noýabrda türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Baku şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda hem-de toparyň mejlisinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Söwda, ulag, energetika, gämigurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamlarynda, senagatyň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine deglip geçildi. Bulardan başga-da, Aşgabatda we Bakuwda söwda öýlerini açmagyň hem-de Türkmen-azerbaýjan işewürlik geňeşini döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilen bilelikde guran Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty iki ýurduň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemledi. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary bilen bagly meseleler girizildi. Forumyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň, telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 30-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde gurluşyk, energetika, ulag we logistika, saglygy goraýyş, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna garaldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
30-njy noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen aýda geçirilen medeni çäreler döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň aýdyň beýany boldy hem-de döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy. Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Daşoguz şäherinde bolsa Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirildi. Bu halkara forumlara dostlukly ýurtlaryň alymlary, sungat ussatlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mahlasy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň geçen aýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen baglylykda guran köp sanly çäreleri ýurdumyzyň ösüşiň täze sepgitlerine tarap ýolundaky anyk ädimleriniň aýdyň beýany boldy.
(TDH)