Geçen ýylyň soňky aýynyň wakalary özygtyýarly döwletimiziň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran netijeli işleri — dürli görnüşlerde geçirilen işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan forumlar munuň aýdyň mysallarydyr.
4-5-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik dialogy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de parlamentara gatnaşyklary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň hem agza bolup durýan, BMG-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähmiýetine ýokary baha berildi.
5-nji dekabrda Moskwada geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Hazar deňzinde suwuň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, bäştaraplaýyn iş toparyny döretmegiň, suwuň ýalpaklaşmagynyň öňüni almak we azaltmak çärelerini işläp düzmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Hazar deňzinde ekologiýa we energetika hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, kenarýaka döwletleriň ykdysady zerurlyklaryny kanagatlandyrýan, gyzyklanmalaryň we bähbitleriň deň göz öňünde tutulmagy esasynda Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek üçin möhüm şert bolup hyzmat edýän suwasty infrastrukturanyň gurluşygynyň möhüm orny bellenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip etmeginde ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üçtaraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadäniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda 10-njy türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. “Tegelek stol” görnüşinde geçirilen çäre Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň senagat, nebitgaz hem-de ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetikada, maliýe-bank ulgamynda, söwda, oba hojalygy, ekologiýa we beýleki pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Maslahatyň jemleri boýunça “Case New Holland Industrial” kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
6-njy dekabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisinde söwda, ykdysadyýet, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, şähergurluşyk, oba hojalygy, tebigaty goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ýaly möhüm ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýokary derejesi bellenildi. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Şol gün paýtagtymyzda geçirilen türkmen-türk işewürlik maslahatynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolan nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna, şeýle-de durmuş ulgamyna aýratyn üns çekildi.
7-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
8-9-njy dekabrda Aşgabatda utgaşykly görnüşde “Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy” atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi. Oňa diplomatlar, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
10-njy dekabrda Daşary işler ministrliginde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen geçirilen duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak hem-de sanly ýer kadastry ulgamynda bilelikde iş alyp barmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Duşuşykda aýratyn mesele hökmünde Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak boýunça anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti bellenildi. Hususan-da, bilelikde 27 taslamanyň amala aşyrylýandygy aýratyn nygtaldy.
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen hem gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.
11-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahat ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk teklipleri öňe sürýän Diýarymyzyň bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli ädimleri ädýändigini nobatdaky gezek tassyklady.
Şol gün paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistanyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün ÝUNESKO-nyň Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bilim, ylym, medeniýet, sport, sanlylaşdyrmak, taryhy-binagärlik ýadygärliklerini we medeni gymmatlyklary gorap saklamak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garaldy.
13-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-Habitat) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Onuň işine bu maksatnamanyň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Şefer, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depgini bellenildi hem-de Türkmenistanda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça geňeşçisi Leýla Şarafi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna zenanlaryň deňhukukly gatnaşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň gender syýasatynyň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 2021 — 2025-nji ýyllarda Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çykyş edenler hukuk we durmuş-ykdysady ugurlarda, hususan-da, häzirki zaman “ýaşyl” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly azyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, sanlylaşdyrmak, maglumatlary dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
14-nji dekabrda Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirildi. Bu çäre halklarymyzyň parahatçylykly durmuşyna, durnukly ösüşine we abadançylygyna ýardam edýän, möhüm ugurlary öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde nobatdaky ädim boldy.
14-15-nji dekabrda sanly ulgam arkaly XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Onda saglygy goraýyş ulgamynyň dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
15-nji dekabrda Türkmenistanyň we Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
16-17-nji dekabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda goňşy döwletiň daşary işler, dag-magdan senagaty, senagat we söwda ministrleri bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ileri tutulýan ugurlaryň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
18-nji dekabrda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilen Adam hukuklary boýunça dialogda türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň hereket we dini ynanç azatlygyny üpjün etmek, täze jemgyýetçilik guramalaryny bellige almak ugrundaky tagallalaryny belledi hem-de bu ulgamda alnyp barylýan özgertmeler barada rejelenen maglumatlary berdi.
Şol gün Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Arkalaşygyň çäklerinde köpugurly hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
19-njy dekabrda Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agzalyga kabul edilmeginiň şertleri bilen baglanyşykly makroykdysady ýagdaýy, şeýle-de energetika, daşky gurşawy goramak, ulag, bilim, ýaşlar syýasaty, barlaglar we innowasiýalar, sport, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” hem-de “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Köp sanly ýurtlaryň bu resminamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etmegi olaryň umumadamzat üçin möhüm ähmiýetlidigini görkezýär.
22-nji dekabrda “Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň degişli düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça sanly ulgam arkaly geňeşmeleri geçirdiler.
28-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar, hususan-da, bilim ulgamy boýunça okgunly ösdürilýändigi bellenildi.
Dekabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem dekabr aýynda Daşary işler ministrliginde Benin Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň we Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri kabul edildi. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem iri halkara düzümleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şeýlelikde, synda beýan edilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilik syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de abraýly guramalar bilen bilelikde guran köp sanly çäreleri mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine ýurdumyzyň durnukly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmeginiň ýolunda anyk ädimleri kesgitledi.
(TDH)