Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi.
Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen mähirli salamyny hem-de aýdan iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hemişe ygrarlydygy tassyklanyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň anyk ýagdaýy bolup durýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilik döredýär.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine hem-de Premýer-ministrine mähirli salamyny aýdyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de depginli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ylalaşyklar babatda hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiligi göz öňünde tutup, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, onuň uly kuwwatyny amala aşyrmagyň, özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny köpeltmegiň, maýa goýum işlerine itergi bermegiň anyk guraly hökmünde bilelikdäki hökümetara toparyň eýeleýän uly orny bellenildi.
Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, birnäçe beýleki pudaklar gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu giň gerimli taslamalar sebitiň ykdysady ösüşine oňyn täsir edip, onuň häzirki zaman hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermäge, parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan türkmen-pakistan ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Bu bolsa, ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni we ruhy umumylygy bilen baglanyşyklydyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde ýola goýlan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýändigi tassyklanyldy.
Pakistanda ýurdumyzyň oňyn daşary syýasat ýörelgesi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga, energetika, ulag ulgamy ýaly strategik pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary doly goldanylýar. Häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, şol başlangyçlaryň ähmiýetlidigine, olara isleg bildirilýändigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary, şol sanda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnama aýdyň şaýatlyk edýär.
Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesi bilen baglylykda, owgan meselelerine hem deglip geçildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Pakistan goňşy döwletdäki ýagdaýlaryň tiz durnuklaşmagy ugrunda çykyş edýärler. Şunda ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly düzgünleşdirilmegine hemişe ygrarlydygy bellenildi.
Pakistanyň daşary işler ministri Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen bäsleşikde gazanylan kümüş medalyň Türkmenistanyň sport ulgamynda uly üstünliklere eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowy bu ajaýyp üstünlik bilen gutlady.
Myhman paýtagtymyzyň özünde döreden täsirleri barada gürrüň bermek bilen, owadanlygy, gözelligi hem-de ýaşamak üçin amatlylygy bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň gazananlarynyň we üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylyp, ikitaraplaýyn hoşniýetli erkiň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38639