Daglaryň alkymyndaky hazynalar mekany

Önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizminiň kemala getirilmegi welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigine «Lebap» sement zawodynyň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Kärhanada häzirki wagtda gurluşykda örän uly islege eýe bolýan sementiň önümçiligi kämil derejede ýola goýuldy. 

                                                                   

Kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde 2022-nji ýylyň dowamynda 1,1 million tonna ýokary hilli sement öndürildi. Munuň özi öňňilkiden 109 müň tonna çemesi sementiň artyk öndürilendigini aňladýar. Öndürilýän sementiň ýurdumyzyň çar künjünde alnyp barylýan gurluşyklara ugradylýandygyny, şol sanda daşary döwletlere-de eksport edilýändigini göz öňünde tutsaň, döwrebap kärhananyň önümlerine islegiň has uludygyny arkaýyn aýdyp bolar. Ulanylýan esasy çig mal serişdeleriň ählisi hem özümizde gazylyp alynýar. Häzirki wagtda demir jöwher we bazalt ýaly sementiň berkligini hem-de beýleki hil sypatlaryny ýokarlandyrýan çig mallaryň hem ählisi öz tebigy baýlyklarymyza degişlidir. Bu bolsa şu ýerde öndürilýän portlandsementiň М400 we М500 hem-de duza çydamly М400 ýaly görnüşlerine islegiň artmagyny üpjün edýär. Çig mallaryň beýleki ýerleriňkä garanyňda hem hiliniň ýokarydygy, umuman, düzüminiň örän baýdygy anyklanyldy.  

                                                                   

Gurşun magdan käni şäherçesiniň golaýynda sement üçin zerur bolan çig mallaryň gazylyp alynýan 8 gektarlyk käni sement önümçiligi üçin gerek bolan çig mallary gazyp almakda esasy daýançdyr. Kärhananyň döwrebap tehnologiýalary önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyna hem täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Kärhana sebitde alnyp barylýan gurluşyklaryň bökdelmezligi üçin hem berk daýanç bolup hyzmat edýär. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sementi öndürmäge barabardyr. Emma onuň önümlerine islegiň köp bolmagy kuwwaty öňküsinden kem bolmadyk ýene-de bir zawodyň zerur gerekdigini görkezdi. Gündogar sebitiň sement önümçiligi üçin gerekli çig mallara baý bolmagy göz öňünde tutulan maksadyň amala aşmagy üçin hem örän amatly bolup çykdy. Hut şonuň üçin 2020-nji ýylyň tomsunda sebitde ýene-de bir sany ýylda 1 million tonna portlandsement öndürýän zawodyň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu kuwwatly zawodyň gurluşygynda hünärmenleriň 650-den gowragy zähmet çekýär. Kärhana işe girizileninden soňra ozalky öndürilýänleriniň sanawynda sementiň M600 görnüşi hem peýda bolar, onuň hili has-da ýokarydyr.  

                                                                   

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň esasy özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen öňe barýan güneşli Diýarymyzda adamlaryň ýaşaýşyna eşret goşýan, durmuş amatlylyklaryny köpeldýän şertleriň döredilýändigi üçin ildeşlerimiz hem sagbolsunlaryny aýdýarlar. 

                                                                                                           

Ilmyrat DÖWLETOW.