Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümine üýtgetmeler giriziler

2-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we kämilleşdirmek hem-de olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny düzümleýin üýtgetmek boýunça geçirilen özgertmeleri nazara alyp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky Döwlet toparynyň täze düzümini tassyklamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklibi hödürledi. Bu çözgüt döwlet emlägini hususylaşdyrmak işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady gatnaşyklary ugrukdyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk getirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu işler geçirilende, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň düzgünleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belläp, onda umumy kabul edilen halkara kadalara eýerilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu meseleleri jikme-jik öwrenmegi, ony ugurdaş düzümler bilen ýene bir ýola maslahatlaşyp, işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

 

https://tdh.gov.tm/tk/post/27959/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-17