Ýurdumyzda amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler uzak möhletleýin bölünip berlen ýer böleklerine ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa gök-bakja ekinlerini we miweleri ýetişdirýärler.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti oba hojalygynda iri hususy düzümleriň biridir. Paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag etegindäki bereketli toprakda ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnamaga girişdi. 2019-njy ýylyň ýazynda paýdarlar jemgyýetine 1200 gektar ýer bölegi uzak möhletleýin esasda bölünip berildi. Bu ýerde badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglar bilen birlikde, gök önümlerden käşir, sogan, ýeralma hem ýetişdirilýär. Jemgyýetiň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Olaryň her birine 300 gektar meýdan bölünip berlen.
Döredilen üpjünçilik düzümleri — suw geçiriji ulgam, suw göteriji beketler, howdanlar, elektrik geçiriji ulgam we beket aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ekinleri suwarmak üçin gerek bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden çekilen suw geçiriji ulgam arkaly getirilýär. Suw döwrebap tehnologiýalaryň kömegi arkaly derýanyň derejesinden 184 metr belentlige çykarylýar we merkezi howdanlara eltilýär. Suw geçiriji ulgamyň umumy uzynlygy 27,5 kilometre golaý. Suwaryş işi damjalaýyn usul arkaly berjaý edilýär. Munuň özi suwuň tygşytly harçlanmagyny üpjün edýär. Ekin meýdanlaryny suwarmak işi awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Oňa sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Baglary gurplandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar.
Ekin meýdanynyň 130 gektara golaýynyň üsti ekini Günüň ýiti ultramelewşe şöhlesinden goramaga niýetlenen ýörite örtgüler bilen örtülendir. Ispaniýada taýýarlanýan ýokary hilli örtgüler ýetişen miweleriň ter bolmagyny üpjün edýär.
Şu günler garaly, şetdaly ýaly miweleriň hasyly ýygnalýar. Alma, armyt, hurma, badam baglaryndan ýokary hasyla garaşylýar. Baglara ideg edilende we hasyl ýygnalanda, hususyýetçi daýhanlara ýeňillikli şertlerde satyn alnyp berlen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we kombaýnlar peýdalanylýar.
Ekin meýdanlarynyň köp bölegine badam agaçlary ekildi. Bu ýerleriň howa şertleri badamdan bol hasyl almaga amatlydyr. Badam 3-nji ýyldan hasyla durýar we 6-7-nji ýylynda onuň hasyllylygy ýokary derejä çykýar. Netijede, 1 gektardan 2 tonna arassa maňyz alynýar. Her düýpden ortaça 6 kilograma çenli hasyl almak mümkin. Ýeri gelende belläp geçsek, badamyň daşky gabygy hem ekologiýa taýdan arassa ýangyç bolup hyzmat edýär. Hasylyň kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnalmagy el zähmetini azaldýar. Badamyň maňzy terligine azyk hökmünde ulanylýar, konditer önümlerini hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Şeýle-de badam ýagy, badam uny, badam süýdi we goýaltma taýýarlanýar. Lukmanlar bu önümleriň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny belleýärler.
Paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki sogan, käşir, ýeralma ekilen meýdanlar hem gök öwsüp, eýýämden hasylyň bereketli boljakdygyny buşlaýar. Hojalyk jemgyýetlerine gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanalary gurmak üçin 80 gektar ýer bölünip berildi. Şu ýyl her biri 5 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhananyň birnäçesiniň gurluşygyna badalga berildi. Hojalyk jemgyýetleriniň ählisinde degişli inžener-tehniki düzümler döredildi, ýollar çekildi. Ýakyn geljekde ýygnalan hasyly saklamak üçin sowadyjy ammary we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek üçin önümhanalary gurmak, sil suwlaryny toplap, ekerançylykda peýdalanmaga niýetlenen ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar.
Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy taýýarlygy ugrunyň talyby.