Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Ahal döwlet elektrik stansiýasynda geçen ýyl guwandyryjy önümçilik görkezijileri gazanyldy. Milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan energetika pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan bu elektrik stansiýasynda 2021-nji ýylda 2 million 749 müň 718 kilowatt/sagat elektrik energiýasy öndürildi. Munuň özi ruhubelent işçi-hünärmenleriň öndürijilikli zähmeti netijesinde 2021-nji ýylda, ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilikde 111,4 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.
Ýagşy arzuwlar bilen gadam basylan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem ýokary iş görkezijilerine beslemegi maksat edinýän agzybir işgärler özleri üçin döredilen iş şertlerinden ruhlanyp, oba-şäherçelerimizi, şäherlerimizi, her bir ojagy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrundaky asylly işde yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Aýdo ŞEKEROW.