«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumy geçirilýär. Forumda strategiki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet düzümleriniň, halkara maliýe edaralarynyň we iri guramalaryň wekilleri ýygnandylar.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima wideoaragatnaşyk arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň forumy geçirmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi we bu çäräniň ýurduň Hereketleriň Awaza Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady.
Rabab Fatimanyň sözlerine görä, Türkmenistanyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen DÇBÖBD boýunça BMG-niň üçünji maslahaty ýurduň ösüşiň möhüm meselelerini çözmek üçin hyzmatdaşlary birleşdirip bilýändigini görkezdi. Ol DÇBÖBD-iň ýaş ilaty we baý serişdeleri bolan ýurtlar hökmünde ägirt uly maýa goýum mümkinçiligine eýedigini belledi.
BMG-niň iň az ösen döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy Hereketleriň Awaza Maksatnamasynda göz öňünde tutulan infrastruktura maýa goýum gurluşyny döretmek boýunça işleýär. Bu gurluş DÇBÖBD-iň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin zerur maýa goýumlaryny çekmelidir.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bu ýurtlary halkara maýadarlar bilen baglanyşdyrmak üçin niýetlenen DÇBÖBD üçin ählumumy işewürler torunyň işe girizilendigini hem ýatlatdy. Rabab Fatima sözüniň ahyrynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň gün tertibini öňe sürmekde yzygiderli ygrarlylygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
HHM