2021-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow ýurdumyz tarapyndan Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň ýolunda bilelikde durmuşa geçirilýän uly işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, ýaňy-ýakynda «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna» gol çekilmegi bilen bagly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygyny beýan etdi. Soňra, Narine Saakýan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan ýurdumyzda dürli ugurlarda alnyp barylýan we göz öňünde tutulýan taslamalar barada gysgaça gürrüň berdi.
Şeýle hem, myhman öz tarapyndan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary babatynda ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi