Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy häzirki döwrüň gereklenilýän taglymaty bolup orta çykýar.
Şeýle teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň garamagyna hödürlemek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen mejlisinde habar berildi we ol bada-bat kalplara ornady. Bu başlangyjyň dünýäniň iň uly münberinde biragyzdan goldaw tapjakdygyna ildeşlerimiz birjik-de şübhelenmeýärler.
Eýsem, şeýle bolar diýip ynamly aýtmaga nämeler esas berýär?!
Munuň delilleri örän kändir we olaryň iň esasysy bu başlangyjyň halkymyzyň ýürek töründen syzylyp gaýdýandygydyr hem-de onuň diňe Merkezi Aziýa bilen Hazar sebitiniň däl-de, eýsem, bütin dünýäniň halklarynyň iň arzyly islegini, ýagny pugta parahatçylygy üpjün etmäge diňe bir goşant goşmak bilen çäklenmän, şol parahatçylygy döretmäge ukyplylygydyr. Özüňiz pikir edip görüň! Biziň ýaşaýan sebitimiz — Aziýanyň ýüregi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek, sebit üçin örän ähmiýetli bolan suw üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly derwaýys meseleleri bileleşip çözmek, dünýä bazaryna bilelikde çykmak, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, ahyrky netijede bu işleriň hemmesini sebitiň halklarynyň bähbidine gönükdirmek arkaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, her halkyň milli gymmatlyklaryna hormat goýup, dost-doganlygy berkitmek ýaly işlerde bir maksada gulluk etmek babatda pikiri goldadylar. Şu ýerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda (2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Awaza, Türkmenistan) kabul edilen Bilelikdäki Beýannamany ýatlalyň! Biziň halklarymyzda aýdylýan söz bilen edilýän işiň hiç haçan aýra çykmaýandygyny göz öňünde tutup, ýakyn wagtda şol Beýannamada bellenilen wezipeleriň ýerli-ýerden durmuşa geçirilip başlanjakdygyny aýdyp bolar. Gürrüňi edilýän başlangyjy dünýä bileleşigine hödürlemäge taýýarlamak bilen, Türkmenistan eýýäm şol işleri amal etmäge girişdi diýip bolar.
Hawa, biziň sebitimiziň ajaýyp geljegi bardyr. Umuman, sebitiň ösüşi şu wagtam pes däl, ýöne «Kämilligiň çägi ýok» diýlişi ýaly, ösüş-özgertmeleriň badyny hem hiç haçan peseltmeli däldir, çünki üstünlik — hereketde. Merkezi Aziýany bilelikde, agzybirlikde düýpli galkyndyrmaga alnan ugur sebiti Aziýanyň ösen merkezine öwürmek bilen birlikde, ony dünýäniň hem baryp görmäge höwes edilýän künjegine öwrer. Bu howaýy gürrüň däl-de, hut şeýle boljak işdir. Bu aýdylanlary Türkmenistanyň mysalynda hem delillendirmek mümkin.
“Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly başlangyjyň öňe sürülmegi bilen biziň doganlyk halklarymyzyň, şol sanda türkmenleriň hem beýik häsiýeti açylýar. Türkmen aga diňe maňa bolsun diýip ýaşamaýar, ol goňşy-golamlaryň, ýagny goňşy halklarynyň hemmesine edil özüne isleýşi ýaly gowulyklary isleýär, onuň şeýle bolmagy üçin elinde baryny edýär. Türkmenistanyň teklip etmekçi bolýan başlangyjy halkymyzyň bu häsiýetiniň häzirki zaman geoşertlerine laýyklykda ýüze çykmasydyr. Bu başlangyçda durmuş zerurlygy jemlenendir. Bu hakynda oýlananyňda, ilki bilen oýuňa gelýän zat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň çuňňur oýlanyşyklydygydyr, onda uzakdan görüjilik, iň esasy-da, abadan geljegi üpjün etmek höwesi we başarnygy jemlenen. Türkmenistandan gözbaş alýan parahatçylyk ýoly, ynanyşmak ýoly, hyzmatdaşlyk ýoly, görşümiz ýaly, ilki öz sebitimize dolýar, soňra Hazar sebitine, soňlugy bilen Kawkaz ýurtlaryna, has aňyrrak gitseň, Ýewropa we beýleki yklymlara ýaýraýar.
Hazar deňzi Merkezi Aziýa ýurtlaryny dünýä bilen baglanyşdyrýar. Bu ýerde netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýurtlara diýseň oňat mümkinçilikler açylýar, şol mümkinçilikleri doly ulanmaga Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyjy hyzmat eder. Türkmen topragynda dörän taglymat, hakykatda, diňe iki sebiti däl-de, dünýäni birleşdirmäge, hyzmatdaşlyk etmäge, parahatçylygy berkitmäge, halklary ýakynlaşdyrmaga gulluk edýär. Bu taglymatyň gymmaty, ine, şundadyr. Şu nukdaýnazardan ony ýollary ýagtyldýan Güne meňzedesiň gelýär.
Ýeri gelende aýtsak, bu başlangyjy tizara durmuşa ornaşdyrmaga, aýdylyşy ýaly, maddy şertler eýýäm döredilendir. Biz şunda, ilki bilen, Türkmenistanyň, galyberse-de, sebitiň beýleki döwletleriniň üstaşyr ulag geçelgeleriniň, aragatnaşyk we elektrik, şeýle hem gaz geçirijileriniň, beýleki infrastrukturalaryň bardygyny, olaryň hereketdedigini göz öňünde tutýarys. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze tehnikalar we tehnologiýalar, garaz, doly bahaly durmuş şertlerini üpjün etmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň döreýändigini aýratyn nygtamaly.
Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde Türkmenistanyň täze başlangyjy BMG tarapyndan goldanylan ýagdaýynda, onuň degişli syýasy-hukuk meseleleriniň Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan VI Hazar sammitinde ilik-düwme seredilip we kabul edilip bilinjekdigi hakynda aýdyldy. Görnüşi ýaly, bu başlangyja düýpli taýýarlyk görlüpdir we ol, nesip bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynda doly goldaw tapar diýip pikir edýäris.
Magtymguly Pyragyda:
Sözläbilseň ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr —
diýen setirler bar. Ine, Türkmenistanyň bu başlangyjy Magtymguly atamyzyň aýdan şol ýagşy sözlerindendir.
Ýoluň ak!
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40139