Sýan NAÝÇEN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:
— 25-nji ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sammit geçirildi. Oňa HHR-iň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we sebitiň beýleki döwletleriniň Liderleri gatnaşyp, dabaraly hem-de dostlukly ýagdaýda geçilen ýola syn berdiler, geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Jenap Si Szinpin öz çykyşynda 30 ýyl mundan ozal Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny, munuň bolsa taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleriniň açylmagyna ýardam edendigini nygtady.
Geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleri gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýdular. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyzyň arasynda täze görnüşli döwletara gatnaşyklaryň binýadynyň goýulmagynyň-da esasyny düzdi. Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleri häzirki zaman ösüş ýolunda hemişe bilelikde hereket edýärler. Biziň hyzmatdaşlygymyz «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde netijeli alnyp barylýar. Taraplar derwaýys bähbitler we umumy howpsuzlygy üpjün etmek babatda özara baglanyşykly bolup, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek ulgamynda umumy gyzyklanmalary yzygiderli goldaýarlar. Bu günki gün ýurtlarymyzyň ýürekdeş gatnaşyklary kalplary ýyladyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hytaýyň birek-birek bilen şatlygynam, gaýgysynam deň paýlaşýan halklarynyň arasyndaky müňýyllyklara uzaýan dostlukly gatnaşyklar hakynda özboluşly şygyr eserini ýada salýar. Biziň döwletlerimiz egin-egne berip, adalatlylygyň goragynda mäkäm durýarlar, bilelikde köptaraplaýynlygyň tarapynda durup, ykbal çözüji möhüm meselelerde tutanýerlilik bilen birek-biregi goldaýarlar.
Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliginiň syry barada aýdylanda, onuň özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek we özara bähbitlilik ýörelgelerinde jemlenendigini nygtap bileris. Şu dört ýörelge diňe bir bahasyna ýetip bolmajak tejribäni we umumy gazanylanlary özünde birleşdirmän, eýsem, biziň gatnaşyklarymyzyň depginli ösüşiniň syýasy kepili, dostlukly özara hereketleri ýola goýmakda güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup hem hyzmat edýär.
Üýtgäp durýan halkara ýagdaýlara we ösüş derejesine garamazdan, Hytaý Merkezi Aziýa döwletleri üçin hemişe hoşmeýilli goňşy, ygtybarly hyzmatdaş, ýakyn dost, doganlyk ýurt bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Hytaý sebitiň döwletleriniň milli aýratynlyklara laýyklykda saýlanyp alnan ösüş ýoluny, özygtyýarlylygy, garaşsyzlygy we çäk bitewüligini goramak boýunça tagallalaryny hem-de olaryň halkara giňişlikde barha artýan ähmiýetli ornuny doly goldamagyny mundan beýläk-de dowam eder. Biz bu dostlukly ýurtlar bilen egin-egne berip, Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň umumy ykbaly üçin berk binýatly jemgyýeti döretmäge taýýardyrys.
Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa — Hytaý» onlaýn sammitinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bäş sany teklibi öňe sürdi:
Birinjiden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmek. Çünki hut şu iki ýörelge biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Hoşmeýillilik, açyklyk, özara bähbitlilik we sabyrlylyk konsepsiýasyna esaslanyp, hytaý tarapy ýokary derejedäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge çalşar we strategik utgaşdyrmany işjeňleşdirer. Şunda Hytaýyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri derejesindäki duşuşyklaryňdyr beýleki gepleşik gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmak möhümdir.
Ikinjiden, ýokary hilli hyzmatdaşlygyň guşagyny döretmek. Hytaý tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary hilli harytlary we oba hojalyk önümleri üçin ýurduň ägirt uly içerki bazaryna ýol açmaga, Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Söwda-ykdysady forumlary geçirmek tejribesini dowam etdirmäge, 2030-njy ýyla çenli bu ýurtlaryň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberini 70 milliard amerikan dollaryna ýetirmek ugrunda tagalla etmäge taýýardyr. Şeýle-de Hytaý elektron söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler guralyny döretmegi, zerurlyga görä, Senagat we maýa goýum hyzmatdaşlygy forumyny geçirmegi teklip edýär. Pandemiýa şertlerinde ulag geçelgeleriniň hereketini bökdençsiz üpjün etmek, ýolagçylary hem-de ýükleri gatnatmak işini hem ýuwaş-ýuwaşdan dikeltmek möhümdir. Nebitgaz geçirijileriň durnukly işini ýola goýmak, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, energetika ulgamynda pes uglerodly tehnologiýalara geçmegi goldamak babatda-da yzygiderli tagalla etmeli.
Üçünjiden, parahatçylygy berkitmek üçin ygtybarly goragy döretmeli. Howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly ulgamyny döretmek üçin serhet barlagy we kiberterrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaly hem-de bilelikdäki işleri alyp barmaly. Hytaý Merkezi Aziýa döwletlerine waksinalary we epidemiýa garşy göreşmek üçin beýleki serişdeleri ibermegi dowam etmäge taýýardyr. Şu ýylyň dowamynda hytaý tarapy sebitiň ýurtlaryna ynsanperwerlik kömegi hökmünde goşmaça 50 million doza waksina ugratmagy göz öňünde tutýar we «Merkezi Aziýa — Hytaý» saglyk senagaty birleşmesini döretmäge çagyrýar.
Dördünjiden, medeni özboluşlylyklary we ýakyn aragatnaşyklary hasaba alyp, sebitde «umumy maşgalany» döretmek. Şunda medeni-ynsanperwer ulgamda köptaraply gatnaşyklary ýola goýmak, medeni merkezleri açmak we medeni mirasy goramak boýunça dialogy döretmek, zenanlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek has möhümdir. Hytaý tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň halklarynyň Dostluk forumyny geçirmegi, geljek 5 — 10 ýylda doganlaşan şäherleriň sanyny 100-e çenli artdyrmagy hem teklip edýär. 5 ýylyň dowamynda Hytaýyň öz ýokary okuw mekdeplerinden sebitiň ýurtlaryndan bolan ýaşlara talyp hakly ýerleriň 1200-sini bermegi meýilleşdirýändigini-de aýtmak gerek.
Bäşinjiden, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek. Ýakynda hytaý tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynda howplara we wehimlere garşy durmakda, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ilerletmekde tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýakyn 3 ýylda Merkezi Aziýa döwletlerine durmuş maksatly iri taslamalary amala aşyrmak üçin pul serişdeleriniň bölünip beriljekdigini mälim etdi.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, sammitde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi hem-de olar HHR-iň Başlygynyň we sebitiň beýleki döwletleriniň Liderleriniň goldawyna mynasyp boldy. Döwlet Baştutanlary sammitiň jemleýji resminamasy hökmünde Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.
Geografik taýdan uzak aralyklarda ýerleşendigine garamazdan, biziň ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Nesilme-nesil dowam edip gelýän bu gatnaşyklar geçen 30 ýylyň dowamynda täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyryldy. Şunda soňky ýyllarda iki ýurduň Liderleriniň baştutanlygynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik derejä çykarylandygyny bellemek gerek.
Geçen ýylyň maýynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk ugurlardyr wezipeler kesgitlenildi. Noýabr aýynda bolsa Hyzmatdaşlyk boýunça hytaý-türkmen komitetiniň bäşinji mejlisi üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde dürli ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi. Umuman, biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynda gazanylan oňyn netijeler we toplanan baý tejribe strategik häsiýete eýe türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegine ynamly garamaga esas berýär.
Hytaý halkynda «30 ýylda başarnyklar taplanýar» diýen ýörgünli jümle bar. 30 ýyllyk ösüşiň ilkinji tapgyrynda Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasy kemala getirildi. Biz gazanylan üstünliklere doly kanagatlanma bildirip, özara gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagallalarymyzy gaýgyrmarys.