Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip

Ýurdumyz häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda täze başlangyçlary öňe sürýär, bilelikdäki uly taslamalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden has ýerlikli peýdalanmak bilen, häzirki wagtda sebitleri hem-de yklymlary birleşdirýän strategik ähmiýetli ýurda öwrülýär. Sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiziň üstaşyr kuwwata eýe bolmagy milli we ählumumy maksatlara gönükdirilen ulag diplomatiýasyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan möhüm ugruna öwürmäge ýardam etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlara geçen umumy sapagyndaky çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýasynyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Muňa Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyz geçmişde halklary we yklymlary birleşdiren bu şöhratly ýoly gaýtadan dikeltmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olary nusgalyk derejede, işjeň durmuşa geçirýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ýokarda agzalan çykyşynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek, kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi bu babatda bäsdeşlige ukyply düzümi kemala getirmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, TRACECA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar» diýip belledi. 

                                                                   

Häzirki zaman ösüşini ulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ösüş — munuň özi, ilkinji nobatda, döwletleriň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygydyr. Şonuň üçin ulag meselesine uly üns we gyzyklanma bildirilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ulag gatnawynyň döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bar. Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çalyşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek, hususan-da, deňiz, derýa ulag ulgamynyň gerimini giňeltmek, täze howa, demir ýol, awtomobil ulag merkezlerini we geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, Prezident Maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda ulag ulgamyny ösdürmek ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. 

                                                                   

Awtomobil ulaglary pudagy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin oňa berilýän üns hem, bu düzümi ösdürmäge goýberilýän serişdeler hem uludyr. Bu aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Daşoguz, Mary, Balkan hem-de Lebap welaýatlarynda ulanmaga berlen häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleri Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, halkara ulag geçelgeleriniň «altyn halkasyna» öwrülmeginde, üstaşyr ulag geçirijilik kuwwatynyň has-da artdyrylmagynda awtomobil ulaglary pudagynyň goşandynyň uludygyny ýene bir gezek tassyklaýan taryhy waka boldy.  

                                                                   

Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollary ýurdumyzyň sebitlerini gysga wagtda birleşdirer, pudagyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder, ýolagçylar üçin has oňaýly şertleri döreder. Ýöne şu ýerde ýene bir zada ünsi çekmek isleýäris. Ýokarda agzalan iri ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen, täze halkara awtomobil ýoly hem peýda bolar we ol sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder. Mysal üçin, Aşgabat — Türkmenabat awtobany üstaşyr ulag gatnawlaryny Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köp şahaly ulgamyna birikdirer. Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bolsa Özbegistanyň ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, soňra deňiz ýoly arkaly Russiýa, Kawkaza, Ýewropa, Eýrana, Pars aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Umuman, Türkmenistan birnäçe üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.  

                                                                   

Ulag we kommunikasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygyň aýratyn möhüm häsiýete eýe bolmagyny gazanmak, has takygy, ony Merkezi Aziýada, şol sanda tutuş Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi döretmegiň esasy gurallarynyň birine öwürmek maksady bilen, ýurdumyzyň yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary, bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirýän anyk işleri dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. Ählumumy durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam edýän bu paýhasly, öňdengörüjilikli, işjeň hereketler ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Türkmenistanyň halkara howpsuz ulag düzümini döretmekde edýän tagallalary, ählumumy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça garaýyşlary diňe bir sebit däl, eýsem, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde hem uly gyzyklanma döredýär we ünsli öwrenilýär. Netijede, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy durnukly ulag meseleleri, has takygy, ulag-logistika ulgamynyň ählumumy ösüşe ýardam edýän täze mümkinçiliklerini, çözgütleri we usullary gözlemek boýunça dört sany möhüm Kararnamany kabul etdi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň hem möhüm ähmiýete eýedigini aýtmalydyrys. Şeýlelikde, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe oňyn başlangyçlar Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidildi. Bu başlangyçlaryň möhümdigini wagt subut etdi. Sebäbi üstaşyr ulag ulgamy dünýäniň ykdysady-hojalyk gatnaşyklarynyň deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär. Ulag gatnawlaryny gowulandyrmak hem-de täze ulag-logistika geçelgelerini döretmek — munuň özi ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şertidir.  

                                                                   

Türkmenistan hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň 78-nji sessiýasynda täze teklipler bilen çykyş etmegi maksat edinýär. Olaryň hatarynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak, Baş Assambleýanyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli mejlisini, Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejedäki birinji duşuşygyny geçirmek barada teklipler bar.  

                                                                   

BMG-niň Durnukly ulag boýunça dostlar topary barada aýratyn durup geçmek gerek. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açan Aşgabat duşuşygy 2021-nji ýylyň oktýabrynda Pekinde dowam etdi. Işjeň hyzmatdaşlyk we netijeli gepleşikler üçin oňyn meýdança öwrülen bu ählumumy forumyň çäklerinde geçen ýylyň iýulynda Durnukly ulag boýunça dostlar topary döredildi.   

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändiginiň, bu taryhy ýoluň ýüreginde ýerleşýän Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişliginde öz ornuny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň güwäsidir.  

                                                                                                           

Muhammetrahym ÖWEZOW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.