«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere beslenýär. Şu şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň sebitlerinde, dürli künjeklerinde ägirt uly desgalar, binalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi. Munuň özi halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterdi, ýurdumyzyň ösüşleriniň yzygider rowaçlanýandygyny aýdyň beýan etdi.
Türkmen halkymyzda gurmak, bina galdyrmak asylly ýörelge hasaplanylýar. Ynha, şu ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan binalar hakynda oýlananymyzda halkymyzyň asylly ýörelgesiniň döwrebap dowam etdirilýändigine, has-da ösdürilýändigine göz ýetirýäris. Öňňin, has takygy 17-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ägirt uly dokma toplumy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygynyň, eksport mümkinçilikleriniň has-da ýokarydygynyň, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumy ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, 20 gektar ýeri tutýar. Özi hem ösen tehnologiýalar, enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, döwrebap mümkinçilikler döredildi. Maglumatlary beýan etsek, bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Aýratyn bellemeli ugurlaryň biri hem, bu ägirt uly toplumyň gurluşygyny türkmen hünärmenleriniň alyp baranlygydyr. Şundan görnüşi ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde
hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda iň kämil hünärmenlerimiz ýetişdirildi, olaryň işlemeklerine ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli babatda kuwwatly döwlete öwrülendigini, milli ykdysadyýetimiziň, senagatyň, ylym-bilimiň sazlaşykly ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Ýurdumyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar. Babadaýhan etrabynda açylan dokma toplumynda hem müňlerçe ildeşlerimiz iş bilen üpjün ediler. Has takygy, toplumda 1 müň 150 sany täze iş orunlary dörär. Hut şunuň özi hem täze dokma toplumynyň ägirt uly mümkinçilige eýedigini, bähbitli taraplarynyň juda kändigini aýdyň beýan edýär. Esasan hem onuň milli ykdysadyýetimize uly goşant goşjakdygyny, eksport mümkinçilikleri has-da artdyrjakdygyny-da bellemegimiz gerek.
Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş eden bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjekleri ösýär we özgerýär. Ykdysady taýdan güýçli we kuwwatly döwletde şäherleriň we obalaryň ösmegi, özgermegi bolsa, adam hakyndaky aladadan nyşandyr. Adamlaryň bagtyýar ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti, röwşen geljegi döwletimiziň alyp barýan işleriniň baş ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň il-halky baradaky aladalary netijesinde, täze binalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Gurulýan beýik binalar, ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlary bu günki günde Watanymyzyň belent ösüşinden habar berip, ildeşlerimiz üçin döwrebap şertlerdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň, ykdysadyýetimiziň mäkämdiginiň alamatydyr. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ösüşiniň halkymyzyň abadan durmuşyna, asudalygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilendigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, parasatly başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumynyň açylyş dabarasynda hem dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olar bu dokma toplumynyň ýokary derejelere eýedigini, döwrebapdygyny beýan edip, güwänamalaryň gowşurylýandygyny aýtdylar. Täze dokma toplumyna Şweýsariýanyň «Rieter Management AG» kompaniýasynyň, Belgiýanyň «Piсanol» kompaniýasynyň güwänamasy gowşuryldy. Türkiýäniň «Alberk QA» halkara tehniki gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasynyň daşary ýurtlar boýunça dolandyryjysy hanym Begüm Atakan Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumyna ISO 9001, ISO 14001, SA 8000, ISO 45001 we ISO 10002 hil güwänamalaryny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Babadaýhan dokma toplumy Germaniýanyň «Monforst» kompaniýasynyň güwänamasyna we guramalaryň hem-de kärhanalaryň hil menejment ulgamynyň ISO 9001 güwänamasyna, jemgyýet jogapkärçiligi menejment ulgamynyň SA 8000 güwänamasyna, şeýle hem Oeko-Teх Standard güwänamasyna mynasyp boldy. Babadaýhan dokma toplumyna önümçiligiň islendik tapgyrynda howpsuzlygy we zyýanly himiki maddalaryň ýokdugyny tassyklaýan Oeko-Teх Standard güwänamasynyň gowşurylmagy bolsa, ekologiýa taýdan iň arassa önüm öndürilýändigini aýdyň beýan edýär. Şeýle hem täze dokma toplumyna “Monforized” kompaniýasynyň güwänamasy gowşuryldy. Ynha, şu maglumatlaryň özi hem bu dokma toplumyň dünýäde iň döwrebapdygyny, ekologiýa taýdan hem ähmiýetlidigini aýdyň beýan edýär.
Babadaýhan etrap dokma toplumynyň uly mümkinçilikleriniň, döwrebap şertleriniň bardygyny tehniki enjamlaryndan, öndürýän ýokary hilli dokma önümlerinden görmek bolýar. Türkmen topragynda öndürilen inçe süýümli pagtadan iň ýokary hilli dokma önümleri, matalar dünýä bazarlarynda uly orun eýelär. Çünki bu ýerde öndürilýän önümleriň ýörite ylmy esasda ýola goýulýandygyny bellemelidiris. Toplumyň synag önümhanasynda enjamlaryň görnüşleri boýunça sarp edilýän ýüplük hem-de önüm öndürmäge sarp edilýän wagt hasaplanylýar. Şeýle hem bu ýerde awtomatlaşdyrylan biçüw bölümi bar. Şundan hem görnüşi ýaly, bu täze dokma toplumynda işler sazlaşykly alnyp barylýar hem-de önümleriň ýokary hil derejesi üpjün edilýär. Munuň özi bolsa, bagtyýarlyk döwrümizde işlemäge we döretmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga döredilýän mümkinçiliklerdir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň ähli kärhanalarynyň we täze toplumlarynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna, ylmyň iň täze gazananlaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde dokma toplumlarynyň, fabrikleriň, tikinçilik kärhanalaryň üstünlikli işleýändigini bellemek örän ýakymlydyr. Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň öndürýän matalarynyň, döwrebap eşikleriniň göze gelüwliligini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň dokmaçylykda gazanan üstünlikleriniň döwrebap usullar bilen ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän ululardyr çagalar üçin niýetlenen sport lybaslary, ýyly eşikleri hem-de köýnekleri milli nagyşlar bilen bezelip, uly islegden peýdalanýar. Bularyň hemmesi dokma pudagynyň uly mümkinçiliklere eýedigini, esasan hem kämil hünärmenleriniň bardygyny görkezýän anyk mysallardyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda açylyp ulanmaga berilýän ajaýyp binalar, desgalar, her bir taryhy wakalar ýurdumyzyň beýik ösüşleri bolup, dünýäniň ünsüni çekýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler milli ykdysadyýetimiziň yzygider kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan buýsandyryjy işler her bir ildeşimiziň ýürek töründe orun eýeleýär. Türkmen halkyna şeýle bagtyýarlygy peşgeş edýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».