Täze belentlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly tutumlar bilen utgaşyp, toý-baýramlarymyz giňden bellenilýär. Munuň özi baky berkararlygyň hem bagtyýarlygyň mekany bolan Türkmenistan Diýarymyzda il-ýurt bähbitli üstünlikleriň, taryhy ähmiýetli belent sepgitleriň eýelenýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýakynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde yglan edilen maglumatlar hem berkarar döwletimiziň durnukly we okgunly ösüşler bilen ynamly öňe barýandygyna güwä geçýär. Has takygy bu giňişleýin hökümet maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garalmagy Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän her bir hökümet maslahatynyň, beýik başlangyçlarynyň ösüşiň strategik maksatlara ýetmäge gönükdirilendigine, adam hakyndaky aladalara, watansöýüjilige ýugrulandygyna şaýatlyk edýär.
Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiz ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýyny barha artdyrýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri has-da ähmiýetlidir. Amatly daşary syýasat şertlerini üpjün etmek bilen, ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleri amala aşyryp, umumadamzat ähmiýetli iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýä döwletleriniň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen tagallalaryna öz saldamly goşandyny goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumynyň il-ýurt bähbitli aladalara ýugrulandygyna: «Üçünji müňýyllykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirmegi öz öňümde baş maksat edip goýdum. Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda ähli tagallalary edip, il-ýurt bähbitli beýik işleri amala aşyrmak abraý-mertebedir» diýen çuň many-mazmunly sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatlarymyza yzygiderli amala aşyran iş saparlarynyň barşynda hem zähmetkeş raýatlarymyz bilen duşuşyklarynda ýurdumyzda ähli zadyň adamyň hatyrasyna, raýatlarymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine gönükdirilýändigini, ilatymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görmegi, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ösüp, ulalmagy, mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli alada edilýändigini nygtamagy ulus-ilimizde çäksiz hoşallyk döredýär.
Berkarar döwletimizde işjeň maýa goýum syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady taýdan örän amatly şertler we halkara talaplaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady muňa çelgi bolup hyzmat edýär. Ösüşiň häzirki zaman tapgyrynda maýa goýum işi düýbünden täze dereje çykarylyp, ol diňe bir mukdar taýdan artman, eýsem, hil taýdan hem özgerdi. Milli ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagynyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegi, bar bolan pudaklaryň döwrebap ýagdaýa getirilmegi bilen, jemi içerki önümiň düzüminde senagat önümleriniň paýyny artdyrmagyň hötdesinden gelindi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň belli bir böleginiň önümçilige, beýleki bir böleginiň bolsa durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýändigini aýtmak gerek. Önümçilige goýulýan maýa goýumlaryň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar, ylmyň iň soňky gazanan üstünlikleri önümçilige ornaşdyrylýar, önümçilik kuwwatlyklary ýokarlanýar, täze önümleriň görnüşleri artýar, importy çalyşmaga ukyply we eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge döwletiň içinde we halkara derejesindäki uly möçberli iri taslamalary amala aşyrmaga oňyn we zerur şertler döreýär. Bu bolsa döwletimiziň çig mal öndürýän ýurtdan senagat taýdan ösen industrial ýurda öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek babatdaky giň möçberli tagallalar öndürýän önümlerimiziň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, gaýtadan işleýän önümçilikleriň kesgitlenmegine, kärhanalaryň esasy gaznalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, daşarky bazarlaryň öwrenilmegine, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň önümlerini ýerlemek üçin bäsdeşligiň döredilmegine gönükdirilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşynda hil taýdan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini, şol özgertmeleriň ykdysadyýetde netijeli ulanylmagyna esaslanýan yzygiderli ösüşiň gazanylmagyna düýpli itergi berjekdigini belleýär. Senagat we durmuş maksatly iri taslamalaryň giň möçberli gurluşyklary ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň, lukmançylyk merkezleridir dynç alyş öýleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň köpsanly gurluşyklary bar. Hususy telekeçileri goldamak, olary ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, berkarar Watanymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky amala aşyrylýan uly işleriň öz oňyn netijelerini berýändigi guwandyr‑yjydyr.
Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üç sütüne — bilim, milletiň saglygy we medeniýet ulgamlarynyň ösdürilmegine esaslanýandygyny belläp, üç ugruň ählisiniň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, munuň halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmegiň hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň baş şerti bolup durýandygyny nygtaýar. Döwlet syýasatynyň bu üç sütüniniň çuň many-mazmunyna içgin aralaşanyňda bolsa «Bilimli nesil — kuwwatly Watan», «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen ajaýyp şygarlar ör-boýuna galýar.
Bizi ösüşleriň şa ýolundan bedew bady bilen öňe, diňe öňe alyp barýan bu röwşen ýollarda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň nusgalyk şahsy göreldesine eýerip, ak ýürekden halal zähmet çekmek, Watanymyzyň dünýä nusgalyk ösüş-özgerişlerine mynasyp goşandymyzy goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, bütin dünýäde ykrar edilen Lider Gahryman Arkadagymyzyň haýyr-sahawatly tutumlary, dünýä nusgalyk belent başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç alyp, ata Watanymyzda toýlar toýa ulaşyp dursun!
Täçnabat GULBERDIÝEWA,