«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşli ýollary barha berkidilýär. Ykdysadyýetimiziň bitewiligini we mizemez kuwwatyny alamatlandyrýan türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde pul dolanyşygy kämilleşdirildi, milli pul birliginiň hümmeti ýokarlandyryldy.
Milli manadyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, bäsdeşlige ukyply bank ulgamynyň döremeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem, ol özbaşdak maliýe syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär we hakyky ykdysady özygtyýarlylyga eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda türkmen manady Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Milli manat Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilýär hem-de ýurduň çäginde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişli bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge ukyply bank ulgamyny kemala getirmek ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, karzlaşdyrylmagyň hem-de ilatyň bank goýumlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen internet we online bank hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna pul amallarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän maliýe syýasatynyň ýokary netijeliligi ýurdumyzyň ösüşiniň makroykdysady görkezijilerinde öz beýanyny tapýar. Geçirilýän çäreleriň netijesinde milli pul birligi häzirki zaman elektron serişdelerinde işjeň peýdalanylýar. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni ýurdumyzyň senenamasynda aýratyn orun eýeleýär. Şol gün degişli pudaklarda, bank edaralarynda duşuşyklar, dürli maslahatlar ýokary derejede geçirilýär.
Ýurdumyzy parahatçylygyň, asudalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Maýa GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Maliýe bölüminiň esasy hünärmeni.