Beýik ösüşler bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmegi ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylmagyna şert döretdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady mümkinçiliklerini, ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna ýardam edýän şertleri has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet býujeti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde her ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzülýär we onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlary ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen, durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Döwlet serişdelerini jemlemek we pudaklaryň amatly ösüş şertlerini döretmek üçin has netijeli usullary peýdalanmak, ýurduň senagat mümkinçiligini we zerur bolan amatlyklary tehnologiýa taýdan täzelemek işleri sazlaşykly alnyp baryldy. Daşary ýurtly, şeýle hem ýurdumyzyň maýa goýumçylary üçin maýa goýum ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda işler netijeli alnyp barylýar. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň barşynda täze uly taslamalary amala aşyrmaga hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda ýetilen belent sepgitlere aýratyn ünsi çekip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini belledi.

Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň hataryna üstünlikli goşuldy. Watanymyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýjahan PALTAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42681