Beýik döwrüň batly gadamlary

Welaýatymyzyň 2020-nji ýyldaky ykdysady ösüşine syn

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylda Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjekleriniň hatarynda, biziň welaýatymyzda hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşykda ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi degişli edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, telekeçilikde, daýhan hojalyklarynda, hususyýetçilikde iş alyp baran adamlaryň ýylyň dowamynda çeken ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde mümkin boldy. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilmegini gazanmak, ilatyň durmuş derejesini ýene-de ýokary götermek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm goşant goşdular.

Welaýat statistika müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda welaýatymyz boýunça öndürilen senagat önümeriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 4285,6 million manada barabar boldy. Şonda onuň döwlet eýeçiligine degişli böleginiň mukdary 936,8 million manatlyk bolup, aňyrky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,3 göterim köpelendigini bellemek gerek. Gürrüňi edilýän döwürde senagatyň döwlet eýeçiligine degişli böleginiň kärhanalary tarapyndan sarp edijilere jemi 706 million manatlyk önüm ugradylyp, onuň 84,4 million manatlygy daşary ýurtlara goýberilen önümlerdir.

Geçen ýylda welaýatymyzyň senagat pudagynyň ösüşinde ýeňil we azyk senagatyna degişli kärhanalaryň goşantlary has uly boldy. Şonda ýeňil senagata degişli kärhanalarda önümçiligiň möçberi 647 million manada ýetip, aňyrky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürilişi 23,2 göterim köpeldi. Azyk senagaty kärhanalarynda bolsa 179,3 million manatlyk önüm öndürildi.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda welaýatymyzyň elektrik energetika senagatynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,4 göterim önüm köp öndürilip, onuň jemi möçberi 44,3 million manatlyga deň boldy. Şu deňeşdirmäniň çäklerinde alanyňda, işläp bejerýän senagatda öndürilýän önümler, et we et önümleri 2,1 esse, süýji-köke önümleri 181,3, plastmassadan ýasalan önümler 85, magdan däl gurluşyk materiallary 84,9, pagta süými 42,1, gurluşykda ulanylýan beton önümleri 26,9, diwar materiallary 22,3, peýnir, dorag önümleri 20,7, elektrik energiýasy 6, tikinçilik we örme önümleri 1,7 göterim möçberinde artdy.

Şol döwürde welaýatymyzyň oba hojalygynda zähmet çeken pagtaçylaryň, gök ekerançylaryň, bagbanlaryň gazanan üstünlikleri hem guwandyryjy boldy. Has takygy, welaýatymyz boýunça 281,5 müň tonna «ak altyn», 216,9 müň tonna gök önüm, 155 müň tonna ýeralma, 140,4 müň tonna bakja, 92 müň tonna miwe, ir-iýmiş, 25,4 müň tonna üzüm öndürildi.

2020-nji ýylda welaýatymyzyň çäklerinde idedilýän mallaryň, guşlaryň baş sany köpeldi. Şonuň netijesinde, olardan alynýan maldarçylyk önümleriniň möçberleri hem artdy. Bu baradaky maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýylyň ahyrynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda bar bolan gara mallaryň baş sany 1088,7 müňe ýetdi. Bu olaryň aňyrky ýyldaky bilen deňeşdirilende 0,2 göterim köpelendigini aňladýar. Şeýle hem şu döwründe dowarlar 3700,8 müňe, guşlar 4758,8 müňe, düýeler 16,8 müňe ýetip, olar babatda hem ösüş gazanyldy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, şol döwürde maldarçylyk önümleriniň esasy görnüşleriniň öndürilişinde hem 2019-nji ýyla garalanda artykmaçlygyň bolandygy görünýär. Şonda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda diri agramdaky etiň öndürilişi 140,1 müň tonna ýetdi. Elbetde, bu onuň deňeşdirilýän ýyldakydan 3,7 göterim köpelendigini subut edýär. Şeýle-de, süýdüň öndürilişi 1029,6 müň tonna, ýumurtganyň öndürilişi 300,5 milliona barabar bolup, olar hem degişlilikde 2,5 hem-de 2 göterim artdy.

Hasabat döwründe welaýatymyzyň çäklerinde maýa goýum-gurluşyk işleriniň barşynda hem ep-esli öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenilýär. 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri 1633,1 million manatdan ybarat boldy. Şol serişdeleriň esasy bölegi, ýagny 91,4 göterimi durmuş-medeni maksatly desgalara gönükdirildi. Olaryň 8,6 göterimi bolsa önümçilik maksatly desgalara çekildi. Şol döwürde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň düzüminde gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 173,8 million manat bolup, aňyrky ýylyň degişli döwründäkä seredilende 15,3 göterim ýokarlandy. Ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda welaýatyň önümçilik we medeni maksatly desgalary boýunça jemi 83,5 million manatlyk esasy serişdeler işe girizilip, munuň özi aňyrky ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 0,2 göterim köp boldy.

Welaýatymyzda geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» boýunça bellenilen meýilnama 110,5 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň netijesinde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 875126,6 müň manada deň boldy.

Geçen ýylda welaýatymyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynda amala aşyrylan derwaýys çäreler hem özüniň oňat netijelerini berdi. Şonda ýylyň ýanwar — dekabr aýlary aralygynda jemi 52,7 million tonna ýük daşaldy, gatnadylan ýolagçylaryň sany 168,8 million adama ýetdi. Şol döwürde demir ýol ulaglary bilen 221,5 müň adam gatnadyldy, awtomobil ulaglaryndaky bu görkeziji bolsa 168,6 milliona barabardyr. Olaryň 32 millionynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýerli kärhanalarynyň ulaglary bilen gatnadylandygyny nygtamak zerur bolup durýar.

Biziň döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda, aragatnaşyk pudagynda sanly ulgamy ornaşdyrmak giň gerimli hem-de esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şeýlelikde, geçen ýylyň dowamynda welaýatymyzyň aragatnaşyk kärhanalarynyň bellenilen işlerden alan girdejileriniň umumy möçberi 76,9 million manada deň boldy. Bu onuň aňyrky ýylyň degişli döwründäkiden 5,5 göterim köpelendigini alamatlandyrýar. Şol sanda, ilata edilen hyzmatlardan alnan girdejiler 30,4 million manat bolup, ol 2019-njy ýylyň netijelerine garalanda 52,9 göterim köpeldi.

Geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan şeýle işler, gazanylan öňegidişlikler welaýatymyzda içerki söwdanyň artmagyna, maliýe dolanyşygynyň gowulanmagyna, nyrhlaryň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, iş üpjünçiliginiň, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Hasabat döwründe welaýatymyzyň bölek satuw söwdasynyň düzüminiň döwlete dahylly bölegi 7,9, döwlete dahylsyz bölegi 92,1 göterimden ybarat boldy. Şol ýylda welaýatymyzdaky söwda kärhanalarynyň bölek satuw haryt dolanyşygy 716,5 million manatdan agdy. Bu onuň aňyrky ýyldakydan 6,1 göterim artandygyny görkezýär. Şonda hususy bölek boýunça 8344,6 million manatlyk söwda edilip, deňeşdirilýän döwürdäkiden 19 göterim artyk ösüş gazanyldy.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda welaýatyň ýerli býujetiniň girdejileri 1658,8 million manat bolup, bu baradaky meýilnama 101,5 göterim berjaý edildi. Şu döwürde salgytlar boýunça meýilnama 103,4, goşulan salgyt boýunça meýilnama 100,3, ilat salgytlary boýunça meýilnama 101,1, emläk üçin salgytlar boýunça meýilnama 112,2, peýdadan alynýan salgyt boýunça meýilnama 100,4 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda welaýatyň iri we orta kärhanalarynda işleýän adamlaryň sany 87377-ä deň boldy. Olaryň 40 göterimi bilim, 10,4 göterimi saglygy goraýyş, durmuş hyzmaty ulgamlarynda zähmet çekýärler. Şol kärhanalarda işgärleriň ortaça aýlyk iş haky 9,3 göterim ýokarlanyp, 1751,6 manada barabar boldy. Şol döwürde hojalyk subýektleriniň sanawynda hukukly şahslaryň 2640 sanysy hasaba alyndy. Olaryň sany Ruhubelent, Köneürgenç, Görogly etraplarynda has köpeldi.

Hasabatdaky maglumatlardan görnüşi ýaly, welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine möhüm goşant goşýan pudaklaryň ählisi ösüşleriň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam goýýarlar. Elbetde, bu olaryň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralar bilen belleniljek üstümizdäki ýylda ýene-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam döredýär.

Gutlymyrat AŞYROW,

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19064