Beýik başlangyçlaryň şuglasy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň belent maksatlary ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanmagyna täzeçe badalga berdi. Biz muňa ata-babalarymyzyň parasatly däplerine we jemgyýetimiziň demokratik kadalaryna eýerip, şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde has hem aýdyň göz ýetirdik.

Ýokary derejede geçirilen bu ählihalk forumynda Garaşsyz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem hut şu ýörelgelerden ugur aldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşygyndaky çykyşynda: «Biz halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna täze belentliklere tarap ynamly barýan ata Watanymyzy ösdürmegiň geljekki döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk» diýip belledi. Şonuň üçin hem ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna kämil hünärmenleri ýetişdirmegiň, sanly ulgamy has-da ösdürmegiň degişlidigini bellemegimiz gerek.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşygyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Biziň döwletimizde ýaşlar, ösüp gelýän nesil barada uly alada edilýär». Ilki bilen, ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, zehinlerini ösdürmekleri, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek.

Hut şonuň netijesinde-de, ýaşlaryň jemgyýetde özüni ykrar etdirmeklerine gönükdirilen, durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çärelerini öz içine alýan döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu hakykaty ýurdumyzyň çäklerinde we halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşikleriň netijelerinde hem görmek bolýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan sport desgalarydyr stadionlar, sport mekdepleri ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleriniň has giň gerim alýandygyny aýdyň beýan edýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürýän milli Liderimiziň ähli ulgamlar bilen birlikde bilim ulgamyny ösdürmek babatda durmuşa geçirýän beýik işleri hemmämizi buýsandyrýar. Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işler bu gün eziz Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürdi.

Ýaşlaryň ylym-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Bahar BEKGYLYJOWA,

Köneürgenç şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy.