Medeniýet ulgamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalary hem şaýatlyk edýär.
Mysal üçin, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda” Kanun halkymyzyň milli medeni özboluşlylygyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga we ösdürmäge, medeniýetiň döreýşi, ösüşi hakyndaky maglumat çeşmelerini ygtybarly goramaga bolan hukugy üpjün edýär. “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny medeniýetiň strategik ähmiýetini tassyklaýar, medeni gymmatlyklary döretmek, türkmen halkynyň medeniýetini dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ulgamlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde-de ajaýyp teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, kinokonsert we sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär.
Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, olary halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary, baý aýdym-saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup ulanmaga berildi we olarda aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlary guralýar. Ýaşlaryň köpüsi ilkinji aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde, oba medeniýet öýleriniň döredijilik toparlarynda alýarlar. Bu ýerlerde döredijilik bilen meşgullanmak, özboluşly milli aýdym-saz sungatymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga ukyply ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän hem-de döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösüşine, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna, ýaşlary milli medeniýetiň genji-hazynasyna giňden çekmäge ýardam edýän “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda ýaş höwesjeň aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşigi, körpe zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigi we beýlekiler geçirilýär. Arkadag şäherinde geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakasy boldy. Aýdymçy-sazandalaryň arasyndaky bu bäsleşikler olar üçin sungat älemine ýol açýan hakyky mekdep bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, režissýorlaryň arasynda hem dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda-da ýurdumyzda milli we halkara baýramçylyklar, şanly wakalara bagyşlanan çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.
Asylly däbe görä, her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Ýurdumyzyň medeni forumy kabul edýän her bir sebiti we şäheri özüniň gazananlaryny, döredijilik mümkinçiliklerini, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerine goşýan goşantlaryny beýan etmäge çalyşýar. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyz üçin taryhy waka öwrüldi. Şol gün «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany çapdan çykyp, adybir teleýaýlym öz gepleşiklerini ýaýlyma berip başlady. Täze şäherde ýerleşýän Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň bilelikdäki konserti guraldy.
Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçirildi. ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň dilleri” we “Parahatçylygyň medeniýeti” atly ÝUNESKO klublary açyldy.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üsti “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi. Şeýle hem guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi dünýä medeniýetine uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de ilerledilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň ahalteke bedewlerini bezeýän çeperçilik önümleri halkymyza mahsus, nesilden-nesle geçip gelýän milli aýratynlyklarymyzyň biri bolup durýar.
ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň geçen ýylyň maý aýynda geçirilen 216-njy mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle-de mejlisde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldamagynda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar. 20-nji sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny, şunuň bilen birlikde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi.
31-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi barada ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi. Dünýä jemgyýetçiligi Aşgabady dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman halkara urbanistika meýillerine laýyklykda ösýändigi aýratyn bellenilip, oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary döwletler bilen dürli ulgamlardaky, şol sanda halkara we sebit düzümleriniň ugry boýunça medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy okgunly ösýär. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, umumy taryhy geçmişi we ruhy gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda dost-doganlygy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýän Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen türki halklaryň maddy hem-de medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, ösdürmekde, geljek nesillere ýetirmekde oňyn dialogyň kemala getirilendigini bellemek möhümdir. 2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda bu guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, 2024-nji ýylda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meselelere deglip geçilendigini nygtamak gerek.
TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi. 2023-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirildi. Onuň çäklerinde döredijilik, folklor we tans toparlarynyň, sazandalaryň, opera aýdymçylarynyň bilelikdäki konsertleri, fotosuratlaryň, çagalaryň döreden surat eserleriniň sergisi guraldy. Şeýle hem iýun aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň işine TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler, medeniýet, ylmy işgärler, ýazyjylar, žurnalistler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary noýabr aýynda Baku şäherinde geçirilen I Halkara “TÜRKSOÝ” festiwalynda üstünlikli çykyş etdi.
Giň hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň barşynda pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary we beýlekileri alyşmak ýaly medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanýar. Bu işler halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär. Geçen ýylyň ýanwar aýynda Rus filmleriniň we animasiýasynyň hepdeligi geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Aprel aýynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň, «Metropoliten» sungat muzeýiniň wekilleriniň hem-de türkmen hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge we rejelemäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bu ugurlarda bilim alýan talyplar üçin Tehas uniwersitetiniň wekilleriniň okuw sapaklary guraldy.
Syn berilýän ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde “Milli teatr mekdebi” taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Milli drama teatrynyň, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň we Russiýanyň Sahna sungaty döwlet institutynyň wekilleri “Häzirki zaman milli teatrynda dolandyryşyň esaslary” bilim maksatnamasy boýunça okuwlary guradylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň ýaş dolandyryjylary, teatr artistleri hünär kämilleşdiriş sapaklaryna hem-de netijeli aktýorçylyk endiklerini öwredýän ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp, keşp janlandyrmakda täze tejribeleri özleşdirdiler.
Her ýylda geçirilýän medeni çäreler umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny ähli öwüşgini bilen görkezmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu döredijilik çäreleri parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary aýdyň şöhlelendirip, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi beriji güýç hökmünde çykyş edýär. Munuň şeýledigine geçen ýylyň fewral aýynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem şaýatlyk edýär. Onuň çäklerinde dostlukly ýurduň artistleriniň konserti, amaly-haşam sungatynyň sergisi, döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary, dürli žanrdaky filmleriň görkezilişi, eýran aşhanasynyň tanyşdyrylyş çäresi guraldy.
Mart aýynda Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri baý medeniýetli halklaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Seul şäherinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dostluk konserti, türkmen filmleriniň görkezilişi, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi guralyp, onda milli lybaslar, sowgatlyklar, ýurdumyz barada maglumatlary özünde jemleýän neşir önümleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi. Maý aýynda Rumyniýada geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň taryhyna we medeniýetine uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady. Forumyň çäklerinde Buharest we Konstansa şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, milli lybaslaryň sergisi, döredijilik duşuşygy, sungat ussatlarynyň konserti guraldy, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň “Istärin” atly filminiň görkezilişi boldy. 31-nji maý — 3-nji iýun aralygynda geçirilen Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerindäki konsert, sergi, kinofilmleriň görkezilişi, duşuşyklar ýokary döredijilik ruhunda geçip, dostlukly ýurduň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döretdi.
Oktýabr aýynda Aşgabat we Mary şäherlerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri geçirildi. Giň gerimli dabaranyň çäklerinde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeperçilik sergisi, Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan fotosurat sergisi guraldy. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri hem türkmen we özbek halklarynyň arasynda medeni, ruhy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda nobatdaky waka boldy. Şol günler Daşkent şäherinde dürli çäreler — beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy, sazçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy, dabaraly konsert, halkymyzyň taryhyna, özboluşly däp-dessurlaryna, senetçiligine, häzirki döwürde gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi guraldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň Buharadaky bilim alan “Gögeldaş” medresesine baryp, bu ýerde Türkmen halylarynyň muzeýiniň we haly önümhanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Geçen ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Albukerke şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçirildi. Medeniýet günleriniň hut ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Çünki Albukerke 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Çäräniň çäklerinde duşuşyklar, ylmy maslahat, baýramçylyk konserti, milli şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, türkmen halylarynyň we haly önümleriniň, fotosuratlaryň sergisi guraldy. Oktýabr aýynyň ahyrynda türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen iri döredijilik çäresiniň — Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Noýabr aýynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ynsanperwer ulgamda türkmen-türk döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine möhüm goşant goşdy. Çäräni ýokary derejede geçirmek üçin iň gowy konsert zallary, teatr sahnalary, sergi meýdançalary oňa gatnaşyjylaryň ygtyýaryna berildi. Medeniýet günleriniň maksatnamasy dürli çärelere baý bolup, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam eserleriniň, «ebru» usulynda kagyzy «mermerlemek» sungatynyň sergisi, türk tagamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy, türk halkynyň milli we häzirki zaman lybaslarynyň, matalarynyň görkezilişi boldy. Şeýle-de filmler, çagalar üçin bolsa «Garagöz» türk teatrynyň däp bolan kölege sahna oýny görkezildi.
Noýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe medeni çäreler — milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, türkmen artistleriniň baýramçylyk konserti, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp, iki dostlukly ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy, “Istärin” we “Gyzyl kürte” filmleriniň pars dilindäki görkezilişi boldy.
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat we Mary şäherlerinde bu guramanyň Medeniýet günleri geçirildi. Ýewropa medeniýetiniň forumy bilelikdäki konsertleri, duşuşyklary, maslahatlary, animasion filmleriň görkezilişini öz içine aldy. Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň guramagynda Ýewropa sungaty bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi. Dekabr aýynda Mary welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde nobatdaky ädim boldy. Sergide amaly-haşam sungatynyň, keramika, heýkeltaraşlyk, şekillendiriş sungatynyň we halk senetçiliginiň ussatlarynyň eserleri, şol sanda haly, keçe, kilim önümleri, milli lybaslar, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan beýleki esbaplary dürli öwüşginde görkezildi. Çäreleriň çäklerinde mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy, iki ýurduň aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
Dünýä halklarynyň sungatyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallar milli medeniýetimiziň özboluşly, gymmatly aýratynlyklaryny aýawly saklamak hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň iýun aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan we Özbegistandan aýdym-saz, tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly, «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumyň çäklerinde duşuşyklar, horeografiýa boýunça ussatlyk sapaklary guraldy. Oktýabr aýynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden kino sungatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Kinofestiwalda görkezilen dürli ýurtlaryň özüne çekiji we gyzykly filmleri hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Bu medeni çäre ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň durmuşynda möhüm waka boldy hem-de halklaryň arasynda medeni arabaglanyşygy has-da berkitdi. Bu döredijilik çäresi ýurtlarymyzyň döredijilik işgärleriniň we toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary baýlaşdyrmak, täze Arkadag şäherini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
Şeýle hem oktýabr aýynda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirildi. Noýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlaryny, sahna sungaty boýunça hünärmenlerini bir ýere jemledi. Birnäçe günläp ýurdumyzyň teatrlary dostlukly döwletleriň sahna sungatynyň ussatlaryny kabul etdi. Sahna eserleriniň ählisi aktýorçylyk, režissýorlyk we keşpleri janlandyrmak taýdan tomaşaça ýetirmegiň görnüşine garamazdan, arassa duýgulara, çuňňur özboluşlylyga, keşpleriň ynandyryjy ýerine ýetirilişine beslenendigi, hiç wagt gymmatyny ýitirmejek ynsaplylyk, borç, söýgi we dostluk, wyždan arassalygy, adam mertebesi, ýaşaýşyň manysynyň gözlegi ýaly mowzuklar bilen berk baglanyşýandygy bilen tapawutlandy.
Özara gatnaşyk etmegiň netijeli serişdesi bolup durýan medeniýet we sungat ýurtlarydyr halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Wena balynyň geçirilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Oktýabr aýynda Arkadag şäheriniň «Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançada geçirilen V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti artistlerdir tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Türkmenistan asyrlaryň çuňlugyna uzaýan milli mirasy we häzirki zaman gazananlary bilen sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde özboluşly taryhy-medeni mirasyny we sungatyny wagyz etmek boýunça döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär.
Şeýlelikde, geçen ýylyň medeni durmuşyndaky wakalar ýurdumyzyň diňe bir ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem, milli medeniýeti ösdürmek babatda durmuşa geçiren ägirt uly işleri bilen hem dünýä ykrarnamasyna eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen geçirilýän döredijilik çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigini tassyklaýar. Ruhy gymmatlyk hökmünde milli medeniýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändiginiň nyşany bolan şeýle çäreler halkymyzyň ägirt uly döredijilik, ruhy we medeni kuwwata eýedigini dolulygyna açyp görkezýär.