Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

2.MALIÝE-YKDYSADY TOPLUM

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan häzirki wagt dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçen hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna beslenen 2020-nji ýylda ykdysady ulgamda gazanylan makroykdysady görkezijileriň we möhüm wakalaryň seljermeleri yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň oýlanyşykly häsiýete eýedigi bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny düýpli özgertmegiň, sanly ulgama geçmegiň öz wagtynda amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi, täzeçil başlangyçlary höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Bu ugurlar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde çykyş edýär. Milli Liderimiz öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin dünýäde emele gelýän çylşyrymly ykdysady we maliýe ýagdaýlarynyň ulgamlaýyn we esasly öwrenilmegine daýanyp, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ileri tutulýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň we iş maslahatlarynyň dowamynda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni dünýäde we sebitde çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, durnukly ösüş depginlerini saklamagyň möhümdigine çekdi. Şunda Hökümetiň mejlislerinde bellenilen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de tassyklanylan meýilnamalara öz wagtynda düzedişleri girizmek esasy talaplaryň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsirini peseltmek we milli ykdysadyýetimizi 2020-2021-nji ýyllarda durnukly ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň hem-de ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy Türkmenistanda dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylandygyny bellemek gerek. Bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi COVID-19-yň pudaklaryň ösmegine we degişlilikde, makroykdysady görkezijilere ýaramaz täsirlerini peseltmäge mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça garalýan döwürde görlen ähli anyk çäreler Watanymyzyň ösüşine ýardam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, türkmen halky 2020-nji ýylda joşgunly zähmeti bilen milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmagy başardy, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine döwlet derejesinde möhüm başlangyçlaryň ençemesine badalga berildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 30-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde milli Liderimiz, umuman, 2020-nji ýylyň hemmeler üçin örän kynçylykly bolandygyny, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalaryň köp bolup geçendigini nygtady. Ýöne, muňa garamazdan, biz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň gowy, ýagny 5,9 göterim derejede bolmagyna garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk zähmet haky, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 10 göterimden gowrak artdy.

Ýurdumyz boýunça umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan iri desgalaryň 45-si ulanylmaga tabşyryldy.

Ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň döredilmegini ýatlap geçmek gerek. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek hem-de ähli pudaklara IT-ulgamlary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen kabul edildi.

Agzalan döwrüň dowamynda eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarmagyň mukdaryny artdyrmak, hususy ulgamy goldamak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bu bolsa, öz nobatynda, çig mallaryň, serişdeleriň, azyk we azyk däl harytlaryň daşary ýurtlardan getirilmegini ep-esli azaltmaga ýardam etdi.

Milli Liderimiziň geçen ýylyň 31-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň strategiýasynyň tassyklanylmagy möhüm ädimleriň biri boldy. Onuň amala aşyrylmagy häzirki zaman sanly ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak, Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak arkaly ýurdumyzda lomaý söwda bazarynyň has-da ösdürilmegini, şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny we “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge ýardam bermegi nazarlaýar.

Bu barada gürrüňi dowam edip, 28-nji fewralda tassyklanylan, Türkmenistanyň çäklerine getirilende we ýurdumyzyň çäklerinden çykarylanda, gümrük paçlary tölenilmeli birnäçe degişli harytlaryň sanawynyň hem-de gümrük paçlarynyň möçberleriniň ähmiýetini bellemek gerek. Bu çäre, ilkinji nobatda, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we söwda dolanyşygyny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem fewral aýynyň başynda halk hojalyk toplumynyň ýokary ösüş depginlerini saklamaga, Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, ylma-bilime we täzelenişe daýanýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň kabul edilendigini nygtamak zerurdyr. Bu resminama laýyklykda amala aşyrylan çäreler pudaklar we eýeçiligiň görnüşleri boýunça ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny üpjün etdi.

Milli manadyň durnuklylygyny saklamak, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek hem-de bank kepillikleriniň ygtybarlylygyny artdyrmak üçin hukuk gurallaryny peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlendi. Bu ulgamyň edaralarynyň üstüne pul dolanyşygyny düzgünleşdirmek, maliýe serişdelerini jemlemek we täzeden paýlamak, hojalyk edaralarynyň arasynda özara hasaplaşyklaryň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek, pudaklara, işewür düzümlere we ilata karz bermek wezipeleri ýüklendi.

Bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça häzirki wagtda geçirilýän işler döwlet strategiýasynda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, şeýle hem telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejililigini we düşewüntliligini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr.

Geçen ýyl bank işiniň netijeliligini we ygtybarlylygyny has-da artdyrmak, dünýä tejribesi esasynda hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamynyň karzlaşdyrylyşyny ösdürmek, kiçi önümçilikleri höweslendirmek, karz serişdeleriniň elýeterliligini kemala getirmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, esasy maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bank işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny halkara ölçeglere kybap getirmek maksady bilen görlen çäreleri bellemek gerek.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk görkezmeleri boýunça görlen çäreleriň netijesinde, 2020-nji ýyl elektron banking düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank önümleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi bilen ünsi çekdi. Munuň mysaly hökmünde “Altyn asyr”, “Millikart”, “Maşgala”, “Goýum bank karty” diýen kartlar hem-de “Internet-bank”, “Mobile-bank”, “Galtaşyksyz töleg” ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sanynyň artandygyny agzap bolar.

Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar we ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrikenergiýa), polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň “Visa” we “MasterCard” halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.

Hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we ýerlerde elýeterli bolmagy banklar bilen müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny üpjün etdi. Şeýle hem makroykdysady görkezijilere laýyklykda, manadyň daşary ýurt pullaryna bolan gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygyny bellemek gerek.

Geçen ýylyň netijelerine syn bermek bilen, güwälendirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçmek möhümdir. Bu mesele soňky ýyllarda döwletleriň arasyndaky söwda, önümçilik gatnaşyklary bilen baglylykda, esasy meseleleri çözmekde, şeýle hem hil standartlary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalaşdyrmakda wajyp orny eýeleýär.

Dünýäniň işewürlik ulgamyndaky häzirki zaman ýagdaýlary oňa gatnaşyjylaryň hojalyk-ykdysady işleriniň gurallarynyň döwrüň anyk ýagdaýlaryna kybap getirilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçiligi uly bolan müşderiler we hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmegiň oýlanyşykly strategiýasyny ýola goýmaga örän uly üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maliýe-ykdysady toplumynyň edaralarynyň öňünde ileri tutulýan meýilnamalar hökmünde kesgitledi.

Şu babatda geçen ýylyň 26-njy martynda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanylan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň sanawyny ýatlap geçmek gerek. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik taraplary daşary ýurtlaryň ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýärler.

Dünýä tejribesindäki ýagdaýlara görä, bazar gatnaşyklary şertlerinde käbir raýatlaryň we umuman, guramalaryň hem-de jemgyýetleriň bähbitlerine täsir edýän ykdysady, hukuk we durmuş ulgamlarynyň hakyky aýrylmaz bölegi ätiýaçlandyryş bolup durýar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ätiýaçlandyryş ulgamyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda goýdy. Bu meseläniň üstünlikli çözülmeginiň aýdyň subutnamasy hökmünde 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy baradaky düzgünnamany hem-de onuň merkezi edarasynyň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekmegini görkezmek bolar. Resminama bu ulgamdaky işleri kämilleşdirmek, şahsy we ýuridik taraplaryň emläk, hususy we raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň esasy ugry täzeçil tehnologiýalary giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Bu bolsa Watanymyzyň uzak möhletleýin geljegini nazara alyp, kuwwatly binýadyny kemala getirýän durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin aýrylmaz şert bolup hyzmat edýär.

2020-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentarileriň öňünde çykyş edip, döwletimizi depginli ösdürmegiň, şonuň bilen birlikde, sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň hasabyna şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aýyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Şunda maglumat-kommunikasiýa hyzmatlaryny, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we durnuklylygynyň kämilleşdirilmegine maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine hem-de adamyň akyl-paýhas mümkinçiliginiň doly amala aşyrylmagyna aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitledi. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň Mejlisi “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdi. Resminama bu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulyp, 2020-nji ýylyň dowamynda geçirilen işleriň möhümdigini bellemek gerek.

Hususan-da, 21-nji fewralda milli Liderimiziň kabul eden Kararynyň ähmiýetini nygtamak möhümdir. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edara-kärhanalara we guramalara, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan hususy telekeçi-şahsy taraplara elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny bellenen tertipde döretmegi üpjün etmek tabşyryldy. Işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmek bellenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek hem-de ony 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli işe girizmek tabşyryldy.

Ýokarda agzalan resminamalaryň çäklerinde 2020-nji ýylda meýilleşdirilen ähli işler üstünlikli ýerine ýetirildi.

Içeri syýasatymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygaryndan ugur alnyp, adam mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna maýa goýumlarynyň goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Şundan ugur alnyp, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýär.

Häzirki wagtda jemgyýetiň akyl-paýhas mümkinçiliginiň amala aşyrylmagyna, bilim berlişiniň, ylmy barlaglaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, işçi güýjüniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlar ykdysady ösüşiň depginlerini saklamaga uly täsir edýär.

Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu babatda Türkmenistanda 2018 — 2020-nji ýyllarda ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmek ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamasynda ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen wezipeleri çözmegiň çäklerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Durmuş ulgamyndaky ähmiýetli çäreleriň hatarynda geçen ýylyň 9-njy oktýabrynda gol çekilen Permany belläp geçmek ýerlikli bolar. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy.

Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri telekeçiligi ösdürmekden ybaratdyr. Milli Liderimiziň kiçi we orta işewürligi ýeňillikli karzlaşdyrmaga berýän hemmetaraplaýyn goldawy we başlangyçlary netijesinde, bu ulgam Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösüşe tarap kuwwatly itergä eýe boldy. Munuň mysaly hökmünde soňky ýyllarda hususy ulgamyň wekilleriniň ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyny görkezmek bolar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň ýokary tehnologiýaly önümçilige maýa goýmaklary, bazaryň üýtgeýşine dessine uýgunlaşmagy, täze pudaklary özleşdirmegi arkaly ýerine ýetirýän giň gerimli işleri azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň mukdarynyň artmagyna getirýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi şeýle hem öndürilýän harytlaryň hiliniň ýokary bolmagyna, olaryň bahalarynyň elýeterli bolmagyna, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär.

Işewürleriň 20 müňden gowragyny özünde jemleýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününden bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň düzüminde ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň paýy ep-esli artyp, bu görkeziji 2020-nji ýylda ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, 60 göterimden gowraga barabar boldy.

Diýarymyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň 2020-nji ýylyň mart aýynda geçirilen sergisi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny hem-de welaýatlaryny täzeçil we sazlaşykly ösdürmekde, döwrebap önümçilikleri döretmekde, eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda türkmen işewürleriniň eýeleýän ornuny aýdyň görkezdi. Bu forumyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyndaky tapgyry Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli özgertmelerine daýanýan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hususy ulgamyň goşýan goşandynyň giň gerimliligi bilen baglylykda, aýratyn mazmuna eýe boldy.

2020-nji ýylyň fewralynda milli Liderimiziň gol çeken Karary bu ugurda ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna telekeçileriň — şahsy we ýuridik taraplaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin OPEK halkara ösüş gaznasy bilen karz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmäge, kiçi we orta işewürligi goldamaga, hususy telekeçilige maliýe taýdan goldaw bermäge gönükdirilendir.

2020-nji ýylda möhüm ugurlaryň hatarynda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek arkaly döwlet eýeçiligindäki desgalary azaltmak boýunça işler işjeňleşdirildi. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri giňeltmek maksady bilen, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalarynda eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri amala aşyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ösüşlere beslenen özgertmeleriniň aýrylmaz bölegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Şonda kesgitlenen wezipeleriň amala aşyrylmagy welaýatlarda önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy-serişde mümkinçilikleriniň has-da artdyrylmagyna ýardam berýär.

Garalýan döwürde ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlary, köp sanly mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynyň binalary, inženerçilik desgalary ulanylyşa tabşyryldy. Mundan başga-da, häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan, giň gerimliligi bilen tapawutlanýan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 2020-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine beslendi. Bu şöhratly sene mynasybetli geçen ýylyň dekabrynda halkara sergi geçirilip, ol 12 gün dowam etdi. Giň gerimli gözden geçiriliş Garaşsyz Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigini nygtady.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň esasy ugurlarynyň biri abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. Ýurdumyz bu ugurdaky strategiýany yzygiderli amala aşyryp, özüniň maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de esasy önümçilik gaznalaryny tehnologiýa taýdan täzelemäge, düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge iri maýa goýumlary çekmek bilen, esasy maliýe guramalary bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar.

Ykdysady topluma girýän ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda ýurdumyzyň banklary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, wideomaslahatlar görnüşinde işewür gepleşikleri geçirmek arkaly netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin anyk çäreleri gördüler. Maýa goýum ulgamynda, ilkinji nobatda, dünýäniň we sebitiň esasy banklary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwletimiziň köptaraply ykdysady kuwwatynyň amala aşyrylmagyny, onuň mundan beýläkki depginli ösüşini üpjün edýär.

Abraýly maliýe düzümleriniň ýurdumyza iri maýa goýumlaryny gönükdirmäge bolan gyzyklanmalarydyr ymtylmalary ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana ýokary ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

2020-nji ýylyň iýul aýynda ýurdumyza Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, daşary söwdada onuň eýeleýän ornuny berkitmäge, köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmäge, daşary ýurt maýalarynyň has-da köp gelmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Ol üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasynyň taýýarlanylmagyna hem degişlidir.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň, ikitaraplaýyn işewürlik geňeşmeleriniň işleri hem-de yzygiderli esasda geçirilýän maslahatlar, halkara sergiler hem daşary ýurtlaryň maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagyna ýardam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gazanylan degişli ylalaşyklar, Türkmenistan bilen birnäçe döwletleriň arasynda baglaşylan Ähtnamalar ähli ulgamlarda we ugurlarda dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli uzak möhletleýin gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Synymyzyň ahyrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde 2021-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny makullamak hakynda kabul edilen Kararyny belläp geçmek gerek. Şonda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe örän uly özgertmeleri başdan geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerine çykýandygy bellenilýär.

Ýurdumyzdaky häzirki tapgyr jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze pudaklary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna ykdysadyýetiň düzüminiň kämilleşdirilmegi, şeýle hem hususy ulgamyň giňden ösdürilmegi bilen häsiýetlenýär. Jemgyýetde demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek we gazanylan üstünlikleri ygtybarly berkitmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Şöhratly senäni — halkara jemgyýetçilik tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny dabaraly bellän ýurdumyz häzirki wagtda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýetde, syýasatda, ylymda we bilimde, saglygy goraýyş ulgamynda, medeniýetde, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyna oňyn täsir edip, geljege bolan ynamy artdyrýar. Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara we sebit ähmiýetli iri möçberli hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ýokary ösüş depginlerini saklamaga maliýe serişdeleriniň uly möçberiniň gönükdirilendigini agzap bolar.

Maliýe-ykdysady ulgamda 2020-nji ýylyň netijelerini jemläp, toplanan oňyn milli tejribä hem-de ägirt uly gazanylan üstünliklere daýanyp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynda gülläp ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda öňe tarap nobatdaky möhüm ädimleri ätjekdigini pugta ynam bilen nygtap bolar. Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş maksady her bir türkmenistanlynyň bähbitlerini üpjün etmekden ybarat bolan durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýär.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19988