Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan telekeçilik ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, senagat pudagyny ösdürmekde telekeçileriň gazanýan netijeleri guwandyryjydyr. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 167,9 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgininiň 109,2 göterime deň bolmagy-da muňa aýdyň mysaldyr.
Türkmen telekeçileri täze tilsimatlara daýanyp, olary önümçilige ykjam ornaşdyryp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutup bilýän önümçiligi işe girizýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykarmakda-da türkmen telekeçileri işeňňirlik görkezýärler. Oňa mysal edip, «Röwşen» hususy kärhanasyny görkezmek bolar.
«Röwşen» ýurdumyzda aýakgap önümçiligini ýola goýan ilkinji kärhanadyr. 2003-nji ýylda işe girizilen bu kärhana dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil enjamlar ornaşdyrylandyr. Munuň özi öndürilýän önümleriň hiliniň ep-esli ýokary bolmagyna şert döredýär. «Röwşen» haryt nyşanly dürli ölçegdäki aýakgaplar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da höwes bilen satyn alynýar. Ýeri gelende aýtsak, kärhananyň öndürýän aýakgaplary arassa gönden tikilýär. Sap gönden tikilen aýakgaplar berk we ykjam bolýar. Ine, şonuň üçinem bu aýakgaplara bolan isleg barha artýar.
Kärhana «Maksatderi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk edýär, çünki bu jemgyýet diňe «Röwşen» hususy kärhanasynyň aýakgaplary üçin her aýda bir million dessimetrden gowrak gön öndürýär. Paýdarlar jemgyýetiniň öz önümleri bilen daşary ýurtlara-da çykyp başlandygyny aýtmak gerek.
Häzirki wagtda hususy kärhanada 300-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Önümçilikdäki enjamlaryň sazlaşykly işleýşi, hünärmenleriň öz işine yhlas bilen çemeleşmekleri netijesinde, kärhana her aýda 15 müň jübüte çenli aýakgap öndürýär. Bu ýerde tikilýän aýakgaplar erkek adamlar, zenan maşgalalar, mekdep okuwçylary üçin niýetlenendir. Şeýle-de türgenler, esgerler üçin hem ýörite aýakgaplar tikilýär.
Kärhananyň ýurdumyz boýunça 30-dan gowrak dükany bar. Gözel Aşgabadymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 91/1 jaýyndaky kärhananyň «Gadamly» aýakgap önümleri dükany hem halkymyza medeniýetli hyzmat edýär. Kärhananyň dükanlarynda öz islegiňe görä dürli reňkdäki aýakgaplary saýlap alyp bolýar.
Aýakgap önümçiliginde Italiýanyň döwrebap enjamlary ulanylýar. Kärhananyň hünärmenleri aýakgaplaryň görnüşlerini, reňkini, dizaýnyny yzygiderli kämilleşdirýärler. «Röwşen» haryt nyşanly aýakgaplar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Kärhana ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, şeýle-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga saldamly goşant goşýar. «Röwşen» öz önümlerini goňşy we dostlukly döwletleriň birnäçesine eksport edýär. Geljekde daşary ýurt döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meýilleşdirilýär.
Kärhananyň işçi-hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine bildirýän ynamyny özleriniň päk zähmeti bilen ödejekdiklerini aýdýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän asylly işleriniň has-da rowaçlanjakdygyna berk ynanýarlar.
Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».