Bereketli meýdandan bereketli desterhana

Türkmenabatdaky galla önümleri kärhanasynyň döwrebap binalar toplumy şu aýda sekiz ýaşyny doldurdy. Yzda galan ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygyny berkarar etmäge uly goşant goşan kärhana şu günler täze ýylyň bugdaý hasylyny gaýtadan işläp, ak una öwürýär. Kuwwatly kärhanadaky zähmet depgini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna hem mynasyp sowgatlar bilen barylýandygyny subut edýär.

Desterhanda müň bir nygmat bolsun, ýöne mele-myssyk nanyň orny başgadyr. Hut şonuň üçin hem «Azyk garaşsyzlygy» diýlende, ilki bilen çöregiň, unuň bolçulygy seriňe dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri türkmen gallaçylary ýyllyk borçnamalaryny her ýyl abraý bilen berjaý edip, Watan ammaryna million tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp gelýärler. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygynda hem nygtaýşy ýaly, Türkmenistan gallany diňe bir bol öndürýän däl-de, eýsem, gerek bolsa eksport edýän döwlete hem öwrüldi.

Bu bolsa bugdaýy gaýtadan işleýän kuwwatly kärhanalaryň gurulmak zerurlygyny hem ýüze çykarýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda şeýle kärhanalaryň onlarçasy guruldy. Şolaryň biri hem Türkmenabatdaky galla önümleri kärhanasydyr.

Ýadyňyzda bolsa, bu kuwwatly kärhana 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Kärhana 2014-nji ýylyň başyndan doly önümçilik güýjünde işläp başlady. Şeýle bolansoň, onuň önümçilik kuwwaty baradaky sanlardyr maglumatlar hem öz gözbaşyny şol ýyldan alyp gaýdýar.

Kärhananyň hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Muny ýetilen sepgitler hem aýan edýär. Şu ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynda kärhanada unuň ýokary hilli görnüşleriniň 30 müň 200 tonnasyny öndürmek meýilleşdirilen bolsa, öndürilen un göz öňünde tutulanyndan hem 119 tonna kändir. Şeýlelikde kärhanada ýylyň sekiz aýy üçin meýilnama 100,4 göterim berjaý edildi.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kuwwatly kärhanada ýokary hilli unuň önümçiligini bökdençsiz ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Gurluşygy Türkiýäniň kompaniýalarynyň biri tarapyndan alnyp barlan kärhana 5,2 gektar meýdanda guruldy. Onda oturdylan döwrebap enjamlar ýylda 80 müň tonna un öndürmäge mümkinçilik berýär.

Döwrebap enjamlar işleriň agramly bölegini awtomatlaşdyrylan ulgam bilen alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, eýýäm sekiz ýyldan bäri işläp gelýän kärhana 250-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün edýär.

Şu ýyl welaýatymyzda bugdaýyň 310 müň tonnadan gowragy öndürildi. Lebaply gallaçylar ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamasyny abraý bilen amal etdiler. Bu zähmet ýeňşi hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iýun aýyndaky saparyna mynasyp sowgat boldy. Häzir kärhanada şu ýylyň hasyly işlenilýär. Her gün onlarça tonna un öndürilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar.

Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, mele-myssyk nan desterhanlarymyzyň naýbaşy nygmatydyr. Şonuň üçin hem Türkmenabat galla kärhanasynyň agzybir işgärleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamagyň, oňa zähmet sowgatlary bilen barmagyň höwesi bilen işleýärler. Üstüne halta-halta un ýüklenen ulaglaryň bu ýerden häli-şindi çykyp duran kerweni munuň şeýle boljakdygyna ynamyňy artdyrýar.

Irina HEMRAKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40486