Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň, ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda kabul eden Karary ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek üçin uly ähmiýetli çözgütleriň biri boldy. Çünki soňky ýyllarda ýerli telekeçilerimiziň arasynda telekeçiligiň girdejili pudagy hökmünde guşçulyga bolan gyzyklanma has-da artýar. Netijede, guş etini we ýumurtga önümçiligini ýola goýýan telekeçileriň döreden hususy hojalyklary hereket edip, olar içerki bazarlary bu peýdaly azyk önümleri bilen doly üpjün edýärler. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginiň çäginde 4 gektar meýdany tutýan guşçulyk toplumyny esaslandyryjy Hojamyrat Hojanyýazow hem bar.
Türkmen halkynyň asyrlara barabar köpýyllyk tejribesinden gelip çykan we nesilden-nesle geçirilip gelnen hem-de ýedi hazynanyň biri hasaplanýan towuga ideg etmek bilen meşgullanýan Hojamyrat Hojanyýazow öz guşçulyk toplumyny 2015-nji ýylda esaslandyrdy.
— Toplum 125 müň towuk saklamak üçin niýetlenendir. Bar bolan towuk ketekleriň her birinde 40 müňden gowrak towuk idedilýär. Munuň özi her günde 120 müňe golaý ýumurtga almaga mümkinçilik berýär. Ketekleriň her biri Türkiýe, Eýran ýaly döwletlerden getirilen enjamlar bilen abzallaşdyrylan. Towuklar jüýjeligiň birinji gününden 150 gün geçensoň, ýumurtga berip başlaýar. 18-20 aý geçenden soňra olaryň ýumurtga beriş ukyby peselip başlaýar. Olaryň ýerini üznüksiz dolmak üçin 1-3 günlük jüýjeleri satyn alyp, ideg edýäris. Toplumymyzda ýöriteleşdirilen weterinariýa otagy hem bar. Ol ýerde zerur bolan dermanlary saklar ýaly sowadyjy enjamlar, melhemlikler taýýarlar ýaly häzirki zaman abzallary bar. Toplumymyzda ýaşlaryň 30-a golaýy zähmet çekýär. Olardan Batyr Akmämmedow, Nurberdi Annaberdiýew, Orazjemal Saparmyradowa, Ýusup Öwezdurdyýew we Allamyrat Annadurdyýew ýaly işgärler guşçulyk pudagynda zähmet çekmekde tejribe toplan ýaşlaryň hatarynda tanalýarlar — diýip, toplumyň iş ýöredijisi Baýramguly Remezanow gürrüň berýär.
Toplumda alnyp barylýan işler bilen tanyşdygyňça, bu ýerde önümçiligiň geriminiň has-da giňeýändigine, onda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlaryndan gelip çykýan çözgütleriň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ady agzalýan guşçulyk toplumyna bölünip berlen ýerlerde ýylyň-ýylyna iýmlik mekgejöwen, soýa, bugdaý, ýorunja ekilýär. Munuň özi guş etiniň we ýumurtganyň önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hojamyrat Hojanyýazow Kaka etrabynyň çäginden bölünip berlen 500 gektar ýeriň 100 gektaryna turuwbaşdan kanola ekip, ondan bitginli hasyl ýygnady. Ýygnalan kanola hasylyny paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň ösümlik ýagyny öndürýän zawodyna tabşyryp, ondan 40 göterim derejede ýag almagy başardy. Mundan başga-da, telekeçi 100 gektar ýerde beýleki däneli ekinleriň her gektaryndan 40-45 sentnere barabar hasyl almagy başardy. Ol geljekde hem iýmlik ekinleriň ekilişiniň gerimini has-da giňeltmekligi maksat edinýär. Elbetde, özleriniň hojalyk jemgyýetinde hili boýunça-da, görnüşi boýunça-da daşary ýurtlaryň önümlerinden pes bolmadyk dürli harytlary öndürip, diňe bir welaýatyň däl, eýsem, ýurdumyzyň ilatyny hem datly azyk önümleri bilen üpjün etmekde mynasyp goşant goşýan Hojamyrat Hojanyýazow ýaly öňdebaryjy telekeçiler Ahal welaýatynda bir ýa-da iki däl, olar onlarça. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurduň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiligiň ösüşi mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merjen IŞANGULYÝEWA,
«Bereketli toprak». Surata düşüren Muhammet ATAÝEW.