Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly ulgama geçmek boýunça giň möçberli özgertmeler dowam etdirilýär.
Häzirki zamanyň möhüm talaplaryndan ugur alnyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde hem poligrafiýa önümçiligi, tehnologik prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy, neşirýat işi hünärleri boýunça talyplara döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Şunda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. Bitewi portal diňe bir mekdebimiziň çäginde hereket etmän, eýsem, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň torlary bilen hem birikdirilendir. Munuň özi teleköpri arkaly wideoşekilli okuw sapaklaryny geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bilşimiz ýaly, islendik döwletiň ösüşi şol döwletiň ylym-biliminiň ösüşine bagly bolup durýar. Ylym akyl-paýhasyň önümi bolmak bilen, ösüşi kämillik derejesine çykarýan güýçdür. Şeýle ösüşiň binýady berk, kökleri çuň, geljegi uludyr. Häzirki döwürde batly depginler bilen ösýän durmuşymyz täze gözýetimleri açýar, täze talaplary öňde goýýar. Şu nukdaýnazardan hem talyplara berilýän bilimiň hili, döwrebaplygy birjik-de ünsden düşürilmeýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi ýüreklerimizi buýsanja besledi. Bu kitapda ýaşlaryň gujur-gaýratly, maksada okgunly, döredijilik hyjuwly, ruhy we beden taýdan sagdyn, ynsanperwer, akyl-paýhasly, iň esasysy hem kämil ylymly-bilimli hünärmenler bolup ýetişmelidikleri ündelýär. Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamy ýaşlary röwşen geljege ruhlandyrýar. Öňde goýlan asylly maksatlaryň myrat tapmagyna halal zähmetimiz bilen goşant goşmak her birimiz üçin uly bagtdyr.
Annagözel ÝAGŞYÝEWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri.