Belent sepgitlere badalga

Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň senagat taýdan ösmeginde milli ykdysadyýetiň gurluşyny we ugurlaryny kämilleşdirmek, ileri tutulýan ugurlarda maýa we adam mümkinçiliklerini özleşdirmek, esasy pudaklary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek, işçi güýjüni netijeli peýdalanmak, zähmet bazarynyň meselelerini çözmek ýaly wajyp jemgyýetçilik-durmuş wezipeleriň döwrüň talabyna laýyklykda amal edilmegi möhüm orny eýeleýär. Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde döwrüň strategik meseleleriniň biri hökmünde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ileri tutulýar. Munuň şeýledigini, 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul edip, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajyplygyny nygtamagy aýdyň tassyklaýar. Munuň özi, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmakda täze menzillere ýetmäge itergi berýär. Şu maksatdan ugur alyp, ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlykda häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini çekmäge ünsi güýçlendirip, söwda-ykdysady gatnaşyklary geografiýa we gurluş taýdan diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň bar bolan tebigy serişdeleriniň senagat taýdan netijeli özleşdirilmegi, döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlik artykmaçlyklaryna giň ýol açýan maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlaryny emele getirýär. Şol bir wagtda, döwletimizde halk hojalygyny dolandyrmakda bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk usullar giňden özleşdirilýär, ykdysady we senagat zolaklary döredilýär, şol sanda dokma pudagy, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän önümçilik kärhanalary artdyrylýar. Şeýle hem telekeçiligiň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy we bu ugruň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi üçin maliýe, guramaçylyk we hukuk şertler üpjün edilýär. Bularyň ählisi döwlet serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagy, býujet-salgyt we pul-karz syýasatynyň netijeli ýola goýulmagy nukdaýnazaryndan ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnuklylygy arkaly dünýädäki ykdysady çökgünlikden daşda durmaga ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasy» ýaly döwletimiziň toplumlaýyn ösüşini ileri tutýan konsepsiýalar milli ykdysady ösüşiň durnukly häsiýetini üpjün etmekde maksatnamalaýyn esasy emele getirýär.

Ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda eksport-import amallarynyň kämilleşdirilmegi, milli eksport kuwwatlylygyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň oňyn aratapawudyny üpjün etmek wezipesi häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugruny kesgitleýär. Çünki daşarky bazarlaryň islegleri ýurdumyzda döredilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň doly derejede ulanylmagyna we iş bilen üpjünçiligiň artmagyna şert döredip, durnukly ykdysady ösüşiň şerti bolup çykyş edýär. Şunda, ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde telekeçiligiň ösdürilmegi aýratyn orny eýeleýär. Şu jähetden, ýurdumyzda işewürligiň ösdürilmegini nazarlaýan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» netijeli amala aşyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden belli bolşy ýaly, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamy bazarda bolup geçýän özgerişleri çalt duýmaga we oňa uýgunlaşmaga hem-de täze görnüşli harytlary we hyzmatlary öndürmäge aýratyn üns bermäge, bazar isleglerini öz wagtynda kanagatlandyrmaga, şeýle hem maglumatlaryň, serişdeleriň, çig mallaryň netijeli ulanylmagyny gazanmaga ukyply bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli telekeçilik pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýändigi bellenilmäge mynasyp. Munuň özi, milli önümçiligi ýola goýmaga gönükdirilen ýerli öndürijileriň goraglylygynyň, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy toýunyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze iri dokma toplumynyň işine badalga berildi. Bu bolsa, ýurdumyzyň içerki bazaryny dürli görnüşli dokma önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge giň mümkinçilikler döredýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň düýp mazmuny daşarky bazary göz öňünde tutup, içerki bazaryň güýç-kuwwatyny ýokarlandyrmaga çalyşýan we diwersifikasiýa ýoly bilen ösýän milli ykdysadyýeti täze ugra gönükdirmekden ybaratdyr. Şunda dokma toplumy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki kuwwatly önümçilik düzümine we uly çig mal binýadyna eýe bolan ýurdumyzyň dokma pudagy üçin döwletimiz tebigy-howa şertleri boýunça orta we inçe süýümli pagtanyň iň gymmatly görnüşlerini öndürmek üçin has oňaýly zolak bolup durýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de nou-haularyň esasynda işleýän, geljekde bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrjak köp pudakly senagaty kemala getirmekde dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän pudagynyň okgunly ösüşiniň mysalyna öwrüldi. Täzeçil tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň häzirki zaman şertlerine laýyk derejede guralmagy netijesinde arassa pagta süýümi iň gymmatly we bähbitli eksport harytlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň senagat taýdan ösmeginde öndürilýän önümleriň halkara ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna laýyk gelmegine aýratyn üns berilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Ýurdumyzyň dokma senagatynda «çig mal — taýýar önüm» tehnologik ulgamynyň ornaşdyrylmagy milli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň kämilleşýändiginiň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat önümçiligini çig mal bilen üpjün etmek, zähmet serişdelerini we enjamlary netijeli peýdalanmak, önümleriň görnüşlerini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak, milli telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi boýunça öňde goýýan wezipeleri häzirki zaman şertlerinde ileri tutulýan ykdysady ösüşiň döwrebap nusgasyny şöhlelendirýär.

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40199