Belent işleriň mekany

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda ýaşlaryň eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny buýsanç bilen belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň zähmetine ýokary baha berýän pursadynda Amyderýanyň kuwwatly köprüleriniň, Köýtendagda gurlan iri kärhanalaryň, Garlyk şäherçesiniň, etrabymyzyň çägindäki «Watan» döwlet elektrik stansiýasynyň, Kerki şäherindäki Halkara howa menziliniň gurluşyklary göz öňümden hatar-hatar kerwen gurap geçdi. Garaşsyz döwletimiziň bu şanly gurluşyklarynda ýaşlarymyz yhlasly zähmet çekdiler. Häzirki wagtda hem sebitde iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Gurluşyk işlerine ýaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlara ýetmek üçin halal zähmeti hemra edinmegiň zerurdygy barada eden öwüt-nesihatlaryna wepalydyklaryny işde subut edýärler.

Ynsan zähmeti bilen bagtly ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän giň zähmet meýdançalary olaryň durmuşyna many çaýýar. Ýaşlarda gujur-gaýrat bar, olarda belent maksat bar. Hormatly Prezidentimiziň sebitleri gyradeň ösdürmek maksady bilen işlenilip düzülen ykdysady strategiýasynyň çäklerinde gündogar sebitde amala aşyrylýan işler hem belent maksatlaryň durmuşa geçmegini üpjün edýär. Köýtende gurlan we gurulýan desgalar hem diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere çykarman, eýsem ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşlaryna hem täsirini ýetirýär. Sebitde kuwwatly inženerçilik-kommunikasiýa, ulag infrastrukturasy döredildi, täze desgalaryň onlarçasy guruldy. Soňy bilen uly bir senagat merkezleriniň birine öwrüljek sebit ýaşlarymyzyň bagtyýarlyk mekanyna öwrüler. Ýaşlarymyz bu sebitde Türkmenistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazjak işleriň heniz sanawynyň giňeljekdigine ynanýarlar.

Erkin NYÝAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Döwletli etrap geňeşiniň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42390