Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň on aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

  • Halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň makroykdysady görkezijileri şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda täze sepgitlere ýetdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen geňeşdirilende, 2021-nji ýylyň on aýynda öndürilen önümleriň mukdary 6,1 göterim, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi bolsa, 16,5 göterim,daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim köpeldi. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi bolsa 96,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde, 1 milliard 938 million manatlyk maýa goyumlary özleşdirildi.
  • Diýarymyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla senli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň on aýynda nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda önümçilik görkezijileri kanagatlanarly boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim, maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 101,8 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 122,8 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 134,7 göterim berjaý edildi.
  • Ýylyň başyndan bäri gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 134,4 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,2 göterim berjaý edildi. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 128,3 göterime, elektrik energiýasyny öndürmekde 111,7 göterime barabar boldy, onuň eksportunyň ösüş depgini bolsa 133,9 göterime deň boldy.
  • Oba hojalyk toplumy boýunça 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 108,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça – 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça – 102,9 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça – 102,8 göterime deň boldy.
  • Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça hyzmatlaryň hem-de önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 107 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça – 137,5 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça – 139,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça – 111,1 göterime barabar boldy.
  • Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 118,2 göterime, ministrligiň kärhanalary boýunça alnan girdejiiniň ösüş depgini 138,3 göterime, gazanylan peýdanyň ösüş depgini bolsa 133,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,8 göterime, nah matalaryň öndürilişi 105,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 117,6 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 105,6 göterime deň boldy. Bu döwürde ministrligiň kärhanalary tarapyndan geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüş depgini 126,9 göterim üpjün edilip, önümçilik meýilnamasy 165,8 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,9 göterim, şol sanda harytlyk önüm öndürmegiň önümçilik meýilnamasy 135,1 göterim berjaý edildi. Şu döwürde alnan girdejiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 142,8 göterime deň boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda birža söwdalarynyň 248-si geçirilip, 26 müň 341 şertnama hasaba alyndy. Şu döwürde hasaba alnan eksport-import şertnamalaryň umumy bahasy 23 milliard 372 million manada deň bolup, şolardan eksport şertnamalary amallaryň 23,8 göterimini, import şertnamalary amallaryň 76,2 göterimini düzýär. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime deň bolup, 8 sergi we 37 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 134,6 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça ösüş depgini 119,5 göterime barabar boldy.
  • 2021-nji ýylyň on aýynda okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Umumybilim berýän mekdeplerde esasy ugurlar boýunça ders olimpiadalary geçirildi. Halkara ders olimpiadalaryna gatnaşan talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary birnäçe altyn, kümüş we bürünç medallara hem-de dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we bilim işgärleri üçin watansöýüjilik dersine öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna «Bilimli» atly kompýuterler gowşuryldy. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýa kabul edildi.
  • Şu ýylyň başyndan bäri tassyklanan meýilnama laýyklykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirildi. Hasabat döwründe döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli çäreler, şol sanda duşuşyklar, sergiler, konsertler, wagyz-nesihat çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar guraldy. Köpçülikleiýn habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini giňden wasp etmek, Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň okgunly ösüşiniň we halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini hem-de maksadyny düşündirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe çäreler guraldy we degişli resminamalara gol çekildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugynda şu ýylyň on aýynyň önümçilik meýilnamalasy 106,5 göterim berjaý edildi.
  • Hasabat döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Geçen on aýyň dowamynda ýurdumyza Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri sapar bilen geldiler. Şu döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna we Birleşen Arap Emirliklerine iş saparlary, Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy, birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen onlaýn duşuşyklary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly BMG-niň ulag ulgamy boýunça ikinji Ählumumy maslahatyna, YHG-niň ХIV sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşine, ylym we tehnologiýalar boýunça YHG niň sammitine gatnaşdy, sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi, şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen telefon arkaly gepleşikleri boldy. Şu döwürde ýurdumyza DIM-niň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 67-si geldi, Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 36-sy bolsa daşary ýurtlara iberildi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1507-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gepleşikleriň we duşuşyklaryň 144-si boldy. Ýylyň dowamynda halkara resminamalarynyň 163-sine gol çekildi. DIM-niň ulgamy boýunça gatnaşyklary we geňeşmeleri geçirmek yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Hökümetara toparlarynyň we beýleki düzümleriniň çäklerinde duşuşyklar geçirildi, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler guraldy.
  • Mähriban Arkadagymyz şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň toý ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Eziz Diýarymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary hem-de beýleki ençeme desgalar bar. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda 30 desgany işe girizmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagta çenli bolsa, 66 sany iri desga açylyp, ulanylmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Umumy meýdany 750 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary kämilleşdirilýär. Bazar ykdysadyýeti kemala getirilýär. Täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan» elektrik we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň, «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar hem-de beýleki halkara taslamalary taýýarlanylýar. Ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge goldaw bermek boýunça syýasat yzygiderli dowam edýär. Ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga ýurdumyzyň telekeçileri giňden çekilýär. Mähriban Arkadagymyz şu ýyl öňümizde durýan wezipeleriň Ministrler Kabinetiniň ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde we ýurdumyzy 2020 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlenilendigine ünsi çekip, edilmeli işleriň örän köpdügini, bu işleri amala aşyrmak üçin köp we tutanýerli zähmet çekmelidigini nygtady. Biziň öňümizde şu ýyl gazanan ösüş depginimizi saklap galmak hem-de geljek ýylda ony has-da artdyrmak wezipesi durýar. Ýylyň tamamlanmagyna bolsa, bir aýdan gowrak wagt galdy. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli jemlemek hem-de täze – 2022-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, biz galan wagtyň dowamynda köp soraglary çözmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, mähriban Arkadagymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny has-da çaltlandyrmagyň, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak we önümleriň eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr.

* * *

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine ser salnyp, sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Şolaryň barşynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47170