Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

  • 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk işleriň netijesinde, oňyn netijeler gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5 göterime, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 102-sinde, şol sanda suw arassalaýjy desgalaryň 35-sinde, meýdany 129,1 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 1 milliard 449,1 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.
  • Benzin öndürmek boýunça meýilnama 107,5 göterim, polipropilen önümçiliginiň meýilnamasy 109,7 göterim, tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 122,1 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 133,6 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 102,1 göterim berjaý edildi.
  • Ýanwar-awgust aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 120,8 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 117,6 göterime deň boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişi, degişlilikde, 116,8 göterim hem-de 104,4 göterim, tikin we örme önümleri boýunça 121,8 göterim, gön önümleri boýunça 104,3 göterim ýerine ýetirildi. Ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim berjaý edildi, şunda ösüş 155,2 göterime deň boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň sekiz aýynda birža söwdalarynyň 198-si geçirilip, şolarda 20 müň 866 şertnama bellige alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň ösüşi 105,7 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 137,4 göterime, senagat önümçiligi boýunça bolsa 107 göterime barabar boldy.
  • Gurluşyk, senagat hem-de energetika toplumlarynda hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de gurluşyk-senagat pudagynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110,5 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124,9 göterim berjaý edildi. Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120,4 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 111 göterime, ony eksport etmegiň ösüşi bolsa 135,8 göterime deň boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni önümleri öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 136,2 göterim berjaý etdi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasyna 165,8 göterim derejede amal edildi.
  • Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime deň boldy. Şol sanda bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 109,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,1 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 130,3 göterim ýerine ýetirildi.
  • Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere laýyklykda, hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek, olary milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemek babatda degişli işler geçirildi. Talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular. Ýylyň başyndan bäri halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýokary okuw mekdepler bilen köpsanly onlaýn okuwlary we ylmy maslahatlar guraldy. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglylykda, toplumyň garamagyndaky ministrlikleriň hem-de Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň düzümi kämilleşdirildi. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri utgaşykly alnyp baryldy. Saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy hem-de «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýa tassyklanyldy. Agyr atletikaçy Polina Gurýewanyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň sportunyň gazanan uly üstünlikleriniň hatarynda görkezildi. Olimpiadanyň kümüş medalyna mynasyp bolan ýaş türgeniň uly ýeňşi mynasybetli, Olimpiýa şäherçesindäki başa-baş söweş sungaty sport toplumynda tapawutlanan türgene hem-de onuň tälimçilerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna, taryhy özgertmelere bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, halkara guramalary hem-de daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri bilen teleköpri arkaly maslahatlar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar guraldy.
  • 2021-nji ýylyň geçen sekiz aýynda dürli medeni çäreler, şol sanda iýun aýynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň hem-de 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde çäreler geçirildi. Täze desgalary ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar guraldy, şanly seneleriň hormatyna döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreler görüldi. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça daşary işler ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp baryldy. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, şol sanda muzeýleriň, kitaphanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi.
  • Ýanwar-awgust aýlarynda ulag-kommunikasiýa toplumynda hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça meýilnama 111,9 göterim berjaý edildi. Şu döwürde «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 107,3 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 140 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde 141,1 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 110,6 göterime deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 103,1 göterime, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 105,2 göterime barabar boldy.
  • «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça degişli işler geçirildi. Ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar we gepleşikler halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti saparlar bilen boldy. 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hem-de Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy ýurdumyza geldiler. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly YHG-niň XIV sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde, «Durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagatyň özgerişi» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek soluň» başyndaky maslahata, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine hem gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň birnäçesi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1 müň 173-si guraldy. Ýylyň dowamynda halkara resminamalarynyň 109-syna gol çekildi. DIM-niň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli guraldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyk, «Merkezi Aziýa – Hytaý» we Merkezi Aziýa – Russiýa derejesinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty, «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» ýokary derejeli dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Hasabat döwründe ikitaraplaýyn Hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
  • Şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiri sebäpli ýüze çykýan daşarky ýagdaýlara garamazdan, ýubileý ýylynda hem Garaşsyz döwletimiziň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy depginli dowam edýär. Bu desgalaryň hatarynda täze şäherçeleridir ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, mekdepleridir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Bellenen meýilnama laýyklykda, şu ýyl 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desga işe girizildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Hasabat döwründe umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Ylym-bilim ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär, önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilip, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalaryny amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmegi, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmegi goldamak syýasatyny dowam edýäris. Mähriban Arkadagymyz şu ýubileý ýyly üçin wezipeleriň Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda anyk kesgitlenilendigini belledi. Bu wezipeler köp işleri amala aşyrmagy talap edýär we biz olaryň üstünde yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine goşmaça itergi bermelidiris. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmelidiris, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmelidiris.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40680