Bedew batly beýik işler

2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

  • 2020-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri, döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň çäginde, ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirildi. Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynyň netijeleri boýunça döwlet býujetiniň girdejileri boýunça meýilnama 101 göterim, çykdajylary boýunça – 99,9 göterim ýerine ýetirildi. Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 121,4 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylda senagat pudaklarynda, 2019-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende ösüş gazanyldy, şol sanda benzin öndürmek boýunça 8,6 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça 16,7 göterim, çalgy ýaglary boýunça 11,7 göterim, polietilen boýunça 83,5 göterim, polipropilen boýunça 22,8 göterim, demir önümleri boýunça 1,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 45,8 göterim ösüş gazanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygynyň çäklerinde, geçen ýylda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak we pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň bank edaralarynda degişli işler alnyp baryldy.
  • 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda jemi içerki önüm 5,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly önümçilik görkezijileri gazanyldy. 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,8 göterim ýokarlandy. Geçen aýda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 178,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 83,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar aýynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamanyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 105-siniň, 222,9 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, döwlet býujetiniň girdejileri 1,8 esse, çykdajylar bolsa 83,1 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwarynda balans boparlarynyň 7 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 6 mejlisi geçirildi, hasabat döwründe döwlet emläginiň 13 desgasy hususylaşdyryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de 44,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit koksynyň öndürilişi boýunça 58,7 göterim, sement boýunça 28,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 6,8 göterim, şöhlat önümleri boýunça 2,2 göterim ösüş gazanylandygy bellenildi. Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 6,8 göterim artdy. Oba hojalyk toplumynda şu ýylyň ýanwarynda öndürilen gök önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,9 göterim, etiň öndürilişi 2,6 göterim, süýdüň öndürilişi 3,7 göterim we ýumurtganyň öndürilişi 2 göterim köpeldi. Hasabat döwründe ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy. Milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna, ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim artdy. Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,6 göterim ýokarlandy. Ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 göterim ýokarlandy. Şunda 1824 taslama maliýeleşdirildi. Oba hojalygynda zähmet çekýän önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,5 göterim artdy. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ipoteka karzlarynyň berilmegi dowam etdi. Pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, goýumlary çekmek, elektron düzümi netijeli herekete girizmek boýunça amala aşyrylan işler barada hem hasabat berildi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» we «QR-kod» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt hasaplaşyklaryň möçberi 1,86 esse artdy.
  • 2020-nji ýylda we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäginde, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmekde 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişinde 102,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmekde bolsa 116,7 göterim ösüş gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim, benzinleriň öndürilişiniň meýilnamasy 100,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 115,9 göterim, «mawy ýangyjyň» eksportynyň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň meýilnamasy 131,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylýan möçberi köpeldi, burawlamak işleri hem-de 2D we 3D usullary arkaly seýsmiki barlaglar geçirildi.
  • Ulag hem-de aragatnaşyk toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi. Toplumyň 2021-nji ýylyň birinji aýynda önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 114,7 göterime barabar boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentliginde bu görkeziji 100,4 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 102,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe «Türkmenhowaýollary» agentliginde hem degişli işler alnyp baryldy. Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,6 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa 106,2 göterim berjaý edildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça işleriň ösüşi 106,8 göterime barabar boldy.
  • Senagat-gurluşyk ulgamlarynda 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 118,4 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 122,5 göterime barabar boldy. Şu ýylyň birinji aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 131,6 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 115,6 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 102,4 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirilip, 120,6 göterim ösüş gazanyldy. Energetika ministrligi boýunça elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirilip, 106 göterim ösüş gazanyldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça meýilnama 127,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 112,9 göterime barabar boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 177,2 göterim ýerine ýetirilip, 148,6 göterim ösüş gazanyldy. Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,4 göterim berjaý edildi.
  • Mähriban Arkadagymyz şu ýyl üçin niýetlenen gurluşyk maksatnamasynyň meselelerine degip geçip, onuň çäklerinde uly işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar. Bu bolsa zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar. Milli Liderimiz gurluşygyň hiline aýratyn üns bermegi talap edip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek we mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak işiniň sanly ulgama geçmek, häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi.
  • 5-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň söwda toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, pudagyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek hem-de girdejileri köpeltmek boýunça zerur çäreler görülýär. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,2 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüşi 111,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 117,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 101,8 göterime, tikin we örme önümlerini öndürmek 123,2 göterime, gön önümlerini öndürmek 105 göterime barabar boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 106 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 24-si geçirilip, 2 müň 434 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 116,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe wideoaragatnaşyk arkaly üç maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi degişlilikde, 155,6 göterime we 101,3 göterime barabar boldy. Eksport ugurly harytlaryň çykarylýan mukdaryny artdyrmak zerurdyr, iň täze ýokary öndürijilikli enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, özüni ödeýän hem-de aýry-aýry pudaklaryň ösüşi bilen bagly meseleleri çözmäge ukyply iri tehnologik kompaniýalary we firmalary döretmek möhümdir.
  • 2020-nji ýylda Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 – 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy»we Türkmenistanda «Tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» taýýarlanyldy. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar döwlet hem-de halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular we ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrdylar. Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. 3 doktorlyk we 14 kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 11-sine gatnaşyp, 12 altyn, 9 kümüş we 18 bürünç medallara mynasyp boldular. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda şu ugurlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. 2020 – 2021-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň birinji sapagy «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» mowzugy bilen geçirildi. Okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 18 görnüşi neşir edildi. Hasabat döwründe ylmyň we tehnikanyň möhüm ugurlary boýunça 469 ylmy mowzuklaryň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, golýazmalaryň 32-sine seljerme geçirilip, 28-si makullanyldy. Şu ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylyk ugry boýunça işler dowam etdi. Teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IХ Türkmen-german forumy geçirildi. Russiýa Federasiýasynda öndürilen «Sputnik-V» hem-de «EpiWakKorona» waksinalary resmi bellige alyndy. Şu ýylyň başyndan bäri teleköpri arkaly halkara guramalary we daşary ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleri bilen duşuşyklar geçirildi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreler guraldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygy nazarda tutulyp taýýarlanylmalydyr. Bu hassahanalar keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlary hem-de ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezlerini hem gurmaly. Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we immunologiýa ýaly ugurlarda düýpli ylmy barlaglary geçirmek üçin şertler döredilmelidir. Şonuň ýaly-da, olarda endemiki keselleriň we onuň döremeginiň sebäplerini ylmy taýdan öwrenmek göz öňünde tutulmalydyr. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň mümkinçiligi, öňüni alyş çäreleri, etiologik çeşmeleriniň täsiri kesgitlenmelidir. Şeýle hem daşky şertler bilen baglylykda, barlaghana barlaglaryny geçirmegiň serişdeleri boýunça öwrenmek guralmalydyr. Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar biologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy babatda täze ylmy bilimleri almaga gönükdirilen düýpli ylmy-barlag işleri geçirilmelidir.
  • 2020-nji ýylda iri medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralar guraldy. Wideoaragatnaşyk ulgam boýunça dürli duşuşyklar geçirildi, halkara hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi, türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 108,9 göterim ýerine ýetirildi, dürli kitap önümleri, žurnallar we gazetler neşir edildi. Hasabat döwründe tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar giňden şöhlelendirildi, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň wakalaryna, milli däp-dessurlaryna bagyşlanan gepleşikler yzygiderli berildi. 2021-nji ýylyň ýanwarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň meýilnamasy 112 göterim ýerine ýetirildi. 39 görnüşli dürli kitap önümleri, şol sanda 11 görnüşli okuw kitaplary çap edildi. Ýurdumyzyň kitaphanalary jemi 16 müň 500 nusgalykdaky kitaplar bilen üpjün edildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Garaşsyzlygyň şanly senesi hem-de türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär.
  • 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynda resmi saparda boldy hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz onlaýn tertibinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň we forumlaryň birnäçesine gatnaşdy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş sekretary we daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Olaryň barşynda umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2020-nji ýylda wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1151-si geçirildi. Halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyz tarapyndan resminamalaryň 308-sine gol çekildi. Geçen ýylda daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda netijeli çäreler görüldi. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň 49-sy, şol sanda onlaýn tertibinde 42-si geçirildi. Hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň mejlisleriniň hem-de bilelikdäki işewürleriň forumlarynyň birnäçesi geçirildi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ähmiýetli wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda teleköpri arkaly Akina – Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli gurlan dabara hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzinde «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy bar. Däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.
  • 2020-nji ýylda Mejlisiň dört maslahaty geçirildi. Jemi 102 resminama, şol sanda 55 kanun we Mejlisiň kararlarynyň 45-si kabul edildi. Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy. Häzirki döwürde degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda täze hukuk resminamalary taýýarlanylýar. Şolaryň hatarynda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş, zähmet, ykdysady, medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine, bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamynyň ösdürilmegine, intellektual eýeçiliginiň goralmagyna, döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslarynyň berkidilmegine, oba hojalygynda telekeçiligiň işjeňleşdirilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, raýatlyk düzümleriniň berkidilmegine, demokratik esaslaryň tassyk edilmegine, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň özara gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk taslamalary bar. Mejlis Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň häkimlikleri, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, zerur bolan kadalaşdyryş-hukuk namalary, düzgünnamalar we usulyýet gollanmalary, saýlaw resminamalarynyň nusgalary, saýlaw toparlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlary, synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy. Parlamentiň deputatlary we hünärmenleri ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, kanunçykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän wideoduşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşdylar. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we netijeli daşary syýasatynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň ähmiýetini, hereket edýän kanunlaryň mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şu maksat bilen, tele we radiogepleşikleri guralýar. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýleki çykyşlar guralýar. Mejlisiň deputatlary «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşýarlar. Döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, ykdysadyýeti ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyň yzygiderli kämilleşdirilmegi wajypdyr. Ýubileý ýylynda ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki ösüşini, onuň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün edýän täze kanunlary kabul etmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeler durýar. Deputatlar jemgyýetçilik wakalarynyň jümmüşinde bolmalydyr, halkymyzyň oňyn çözgütlere we özgertmeler bolan isleglerini işjeň öwrenmelidir.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21160