Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

  • Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-mart aýlarynda halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gazanylan makroykdysady görkezijileri, şol sanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň oňyn netijelere beslenýändigini görkezýär. Ýanwar-aprel aýlarynyň jemleri boýunça önümçiligiň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,8 göterim artdy. Şeýle hem bölek satuw haryt dolanyşygynyň mukdary köpeldi. Şu ýylyň dört aýynda bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 128,3 göterim, çykdajy bölegi 96 göterim ýerine ýetirildi. 2020-nji ýylyň degişli döwrüne görä, ortaça aýlyk haklary 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk zähmet haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,3 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, 671,5 million manatlyga barabar möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Şu ýylyň başyndan bäri medeni-durmuş maksatly desgalaryň 105-sinde, suw arassalaýjy desgalaryň 35-sinde, 158,9 müň metr inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk işleri dowam etdi. Döwlet emlägine degişli desgalaryň 43-si hususylaşdyryldy we ondan 136,9 million manat serişde gelip gowuşdy.
  • Nebiti we gaz kondensatyny çykarmakda, gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdylanda, benzin önümçiliginiň meýilnamasy 109 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 107,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,6 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim berjaý edildi.
  • Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104,1 göterime deň boldy. Şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça –102,4 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça – 104,3 göterime deň boldy.
  • Ulag we aragatnaşyk ulgamynda önümçilik meýilnamasy 113,6 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ösüş 103,9 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça – 129,1 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça – 116,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.
  • Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 129,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 117,2 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 108,7 göterim berjaý edilip, 100,5 göterime barabar ösüş üpjün edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça meýilnama 125,2 göterim berjaý edildi. Bu babatdaky ösüş bolsa 119,3 göterime deň boldy. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 119,7 göterim berjaý edilip, 117,9 göterim ösüş gazanyldy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 109,9 göterime, elektrik energiýanyň eksport boýunça meýilnamasy 144,3 göterim berjaý edilip, ösüş 145,3 göterime barabar boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 159,3 göterim ýerine ýetirilip, 141,2 göterim ösüş üpjün edildi. Fosfor dökünlerini öndürmegiň meýilnamasy 107,7 göterim, kaliý dökünlerini öndürmegiň meýilnamasy 182,4 göterim, tehniki ýod öndürmegiň meýilnamasy 116,3 göterim, tehniki uglerody öndürmegiň meýilnamasy bolsa 100,4 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi.
  • Söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýdylanda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,7 göterim ýerine ýetirildi, öndürilen önümleriň ösüşi 109,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 114,4 göterime, nah matalaryň öndürilişi 100,4 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişi 123,3 göterime, gön önümleri 100,1 göterime barabar boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim berjaý edildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 10 müň 422 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 106,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe sergileriň üçüsi we sanly ulgam arkaly maslahatlaryň 17-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 124 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 129,6 göterime barabar boldy.
  • Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp birnäçe medeni çäreler geçirilýär. Sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, konsertler, wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi we birnäçe halkara resminamalaryna gol çekildi. Onlaýn tertibinde Türkmenistanyň we türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň konserti, «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat, paýtagtymyzda ýapon gurjaklarynyň sergisi guraldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Muzeýlerde birnäçe çäreler, göçme sergiler guraldy. Şu ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 148 görnüşi neşir edildi. Poligrafiýa harytlarynyň önümçilik meýilnamasy 116,1 göterim ýerine ýetirildi.
  • Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bilim ulgamynda geçirilýän özgertmelere laýyklykda, bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygy, ynanyşmak hem-de dostlukly ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek, ýaş nesli Watanymyza çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar. Bilim edaralary üçin okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 68 görnüşi neşir edildi. Ýurdumyzyň talyplary we mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejeli diplomlara we medallara mynasyp boldular. Halkara guramalarynyň wekilhanalary bilen bilelikde möhüm meseleler boýunça hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn okuw, ylmy maslahatlar geçirildi. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirildi. Döwlet ýaşlar syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaş nesli terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty işjeň wagyz etmek boýunça çäreler geçirildi. Ýaş olimpiýaçylary hem-de milli ýygyndy toparlarymyzy XXXII Tomusky olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri içeri we daşary syýasatymyza, taryhy özgertmelere bagyşlanan wagyz-nesihat işleri , halkara guramalary hem-de daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri bilen teleköpri arkaly dürli duşuşyklar, şanly seneler – Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar geçirildi.
  • Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler alnyp baryldy. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we gepleşikler möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklary boldy. Mart aýynda milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХIV sammitine gatnaşdy we türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Hasabat döwründe DIM-niň üsti bilen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň 13-si ýurdumyza sapar bilen geldi. Şol birwagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlarda 9 wekiliýet saparda boldy. Ýanwar-aprel aýlary aralygynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 638-si geçirildi. Daşary ýurtlar hem-de halkara guramalary bilen bilelikde duşuşyklaryň we gepleşikleriň 35-si guraldy. Ýylyň dowamynda gol çekilen 37 sany halkara resminamasy Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. DIM-niň ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň birnäçesiniň daşary syýasat edaralary bilen birnäçe gepleşikler we maslahatlaşmalar, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky «С5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus, Hökümetara türkmen-rus toparlarynyň çäklerinde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň hem-de Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň duşuşyklary boldy. Şeýle hem birnäçe ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
  • Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede saklanýar. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly ýubileý desgalary guruldy hem-de olaryň gurluşygy dowam edýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys. Ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz känleri özleşdirilýär. «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan» elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalaryny amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär. Hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek syýasaty alnyp barylýar.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29196