Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we halk hojalygyna bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulyşmagyna we eksport mümkinçilikleriniň has-da artmagyna ýardam berýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek işleri giň gerime eýe bolýar. Bu ugurdaky işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli ykdysady özgertmeleriň maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetine öwürmek, olaryň binýadynda hususy kärhanalary döretmek babatynda öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilendir. Munuň özi hususy ulgamyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Öz nobatynda, bu işler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hyzmat eder.
Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy pudagyň paýyny artdyrmak, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek we «döwlet-işewürlik» hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmek öňde duran möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hususyýetçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň kanunçylyk binýady hem yzygiderli berkidilip gelinýär. Bu babatda «Eýeçilik hakynda», «Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda» hem-de «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.
Bu gün ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýän hususy ulgamyň işine döredilýän giň mümkinçilikler barha pugtalanýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň has içgin ornaşdyrylýan döwründe degişli ugurda kabul edilýän çözgütler uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga oňyn şertleri döredýär.
Garaşsyz Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we hususy ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.