Bazar söwdasynyň milli dessurlary

Halkymyz ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda öz milli ýörelgelerini, dessurlaryny, kadalaryny döredipdir. Olaryň biri-de söwda, täjirçilik bilen baglydyr. Halkymyzda iň adalatly, halal söwda «Pygamber söwdasy» diýlipdir.

Pygamber söwdasy bolanda, harydy şol bir duran ýerinde alyp satmak haram hasaplanylypdyr. Hakyky söwdagär alys ýurtlara gidip, ile gerekli harytlar bilen bazary doldurmaly ekeni. Şonda pygamber söwdasyny edýän adam on teňňä alan zadyny on bir teňňä satmaly bolupdyr. Terezide kem çekip bermek, alyja al salmak külli günä hasaplanypdyr. Bazardaky tereziniň, terezi daşlarynyň düzüwligine gözegçilik edýän adama «kepban» diýlipdir. Ondan daşary hem adalatly, halal söwdagärler peýdasynyň kyrkdan birini zekat çykaryp, mätäç adamlara, haýyr-sahawat işlerine sarp edipdirler.

Gallanyň, çöregiň, däri-dermanyň söwdasyndan peýda görmek halanmandyr. Şonuň üçinem galla getirmek üçin gidýänlere «kerwen» diýilmän, «argyş» diýlipdir.

Bazarda söwda etmegiň berk kada-kanunlary bolupdyr. Iki adam söwdalaşyp durka, arasyna sokulmak, gapdaldan goşulyp, onuň sorap duran nyrhyndan ýokary soramak erbet görlüpdir. Söwdalaşyp duran adam ylalaşman, söwdadan çykandan soňra, ikinji adam söwda girişip bilipdir.

Bazarda harydyň hilini tanap alyp berýän, alyjy bilen satyjyny ylalaşdyrýan dellallar hem bolupdyr. Olar söwdany gyzdyrypdyr. Şonda alyjy ýa satyjy bazar dellalyna hyzmaty üçin az-owlak pul oklapdyr. Şol dellala hyzmaty üçin berilýän pula hem «şirinkäre» diýlipdir.

Öňki döwrüň bazar gatnaşyklarynda «haýyr puly», «puşmana puly» ýaly düşünjeler hem bolupdyr.

Onda alyjy söwdalaşylan harydyň bahasynyň ujundan azajyk pul geçirip, galanyny haçan getirjegini aýdyp, harydy goýduryp gidýär. Eger alyjy birden pikirinden dänip, söwdany gaýtmyşym etmekçi bolsa, satyjynyň ýanyna baryp, onuň razylygyny almaly bolupdyr. Şonda satyjy söwdasyny saklany üçin gynanjak bolsa, ony razy etmek üçin az-owlak mukdarda puşmana tölegini tölemeli ekeni.

Bazar gatnaşyklary baradaky milli ýörelgelerimizde adalatlylyk esasy talap bolupdyr. Ýurdy goramakda aýratyn hyzmatlary bolan ýa-da öz baýlygyny ýap gazmaga, köpri, medrese gurmaga sarp edip, özüni tanadan adamlara tarhan haty berlipdir. Bu haty bolan adamlar bazar pajyny tölemekden boşadylypdyr.

Bazara gelýän-gidýänleriň kynçylyklarynyň göz öňünde tutulýan halatlary hem bolupdyr. Ir bilen bazara gaýdanda-da, öýlän öýüne gidende-de Güne garşy ýöremeli bolýanlygy üçin bazaryň günbatar derwezesinden girýänler üçin ýeňillikler göz öňünde tutulypdyr. Olar üçin bazar pajynyň möçberi beýlekileriň ýarym mukdary ölçeginde bellenilipdir.

Halkymyzyň geçmişdäki bazar, söwda gatnaşyklarynda köp sanly özboluşly milli dessurlary hereket edipdir. Däbe öwrülen ýörelgeler, kada-kanunlar bolupdyr. Olaryň hemmesinde hem adalatlylyk, halallyk, ynsanperwerlik esasy çelgi bolupdyr.

Şöhrat ABDYÝEW,

mirasy öwreniji.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25568