Bazar gatnaşyklarynyň wajyp şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz hemmetaraplaýyn ösýär we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Diýarymyzyň ösüşli ýollarynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek wezipesine uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň saýlap alan ykdysady ugrunyň gözbaşynda milli önümçilik binýadynyň yzygiderli giňeldilmegine, ahyrky ykdysady netijelilige gönükdirilen bazar ykdysadyýetine geçmek ýörelgesi goýuldy. Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu geçişiň binýatlaýyn ugurlarynyň biri-de döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak bilen bagly bolup durýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny işjeň kemala getirmek we düşewüntsiz kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Hususyýetçilik milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly böleginiň hyzmatlar ulgamynda, söwdada, oba hojalygynda we gaýry pudaklarda düşewüntsiz işleýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, ýaşaýyş jaý gaznalarynyň, söwda öýleriniň, söwda edaralarynyň, maldarçylyk hojalyklarynyň we başgalaryň hukuk gatnaşyklary ýagdaýynda dolulygyna ýa-da bölekleýin döwlete dahylsyz bölege, hususy kärhanalara, paýdarlar jemgyýetlerine ýa-da başga guramaçylyk hukuk görnüşli kärhanalara öwrülmegi, fiziki, ýuridiki taraplara şahslara satylmagydyr. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy maýa goýum bäsleşigi, bäsleşikli söwdalar hem-de döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržasynyň üsti bilen satylmagy esasynda amala aşyrylýar.

Hojalyk işi bilen meşgullanýan birlikleri hususylaşdyrmagyň baş maksady dürli ugurlarda önümçiligi ýola goýmakda we netijeli alyp barmakda, söwda we hyzmatlar ulgamynda baý tejribe toplan, özüne ynanylan edara-kärhananyň işinde berk hasaby we hasabatlylygy ýola goýmak arkaly onuň ahyrky ykdysady netijeliligini ýokary derejede üpjün etmegi, alyp barýan işine eýeçilik gözi bilen garamagy başarýan hünärmenleri tapmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň saýlap alan hemmetaraplaýyn täzeleniş hem döwrebaplaşmak ýoly bilen okgunly öňe barýan Türkmenistanda halal zähmetinden döwlet tapýan hususyýetçileriň kämil nesli kemala gelýär. Döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň netijeli usullary işe ornaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, öz ykbalyny telekeçilik işine baglan ildeşlerimize ýeňillikli bank karzlary berilýär, hususylaşdyrylan hojalyk subýektlerini döwlet belligine almagyň we olara salgyt salmagyň ýeňillikli tertip-düzgüni ornaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda hususyýetçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, telekeçileriň kanuny bähbitlerini goraýan kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, dürli maksatly desgalaryň gurulmagy hem-de oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýeňillikli karzlaryň we ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýurdumyzyň senagatçylaryna we telekeçilerine giň mümkinçilikleri açdy. Indi türkmen telekeçileriniň önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen satylýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, dünýäniň dürli döwletlerinde türkmen telekeçileriniň wekilhanalary we söwda öýleri hereket edýär.

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2018-nji ýylyň 16-njy martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda geçirilen taryhy duşuşykda kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de täze innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanda Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy hem döredildi. Bu ýuridiki şahs hökmünde döredilen gazna öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga hukuk hem berildi.

Şular ýaly döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde gysga wagtyň içinde türkmen hususyýetçileri dürli pudaklaýyn ugurly önümçiliklerde, gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda, hyzmatlar ulgamynda ýokary netijeleri gazandy. Paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde, oba ýerlerinde öňdebaryjy tehniki-tehnologik nusgalara laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap zawoddyr fabrikleriň, önümçilik sehleriniň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän hem-de söwda we dürli ugurly hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň, durmuş-medeni desgalaryň ýüzlerçesi peýda boldy. Oba ýerlerinde iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda öndürilýän önümler özüniň ýokary hili bilen diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Milli haryt öndürijileriň işjeňliginiň günsaýyn ýokarlanmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» bellenen möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşantdyr. Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde hereket edýän hususylaşdyrmagyň usulyýeti kämilleşdirilip, bazar gatnaşyklarynda gymmatly kagyzlaryň bazaryny, bilelikdäki paýly kärhanalaryň ornuny ýokarlandyrmak üçin maýa goýum taslamasy hem bäsdeşlikli söwda ugurlaryna üýtgeşmeleri girizip alyp barmak ýörelgeleri dowam edýär.

Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmek, bäsdeşlikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen kabul edilýän kadalaşdyryjy resminamalary, hukuk namalaryny has-da kämilleşdirmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu özgertmeleriň maksady berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, il agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmak bolup durýar.

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24306