Bazar bolçulygy: rowaçlygyň we berekediň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Türkmen telekeçileri halkara derejede ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýärler. Täzeçillik, ylma we ösen tehnologiýalara daýanmak, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegini üpjün edýär.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bazar ulgamynyň döredilmeginiň möhüm bölegi bolan hususy işewürligiň ösdürilmegine ýardam bermek bilen, olaryň innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge gatnaşýandygyny goldaýar. Netijede, ýurdumyzyň halk hojalygynyň düzüminde işewürleriň paýy ýylsaýyn artýar. Döwrebap önümçilikleriň, bilelikdäki kärhanalaryň, hojalykdyr paýdarlar jemgyýetleriniň sany yzygiderli köpelýär. Şunlukda, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdary barha artýar. Bular ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredýär. Bolçulyk bolsa halkymyzy guwandyrýar. Bolçulyk rowaçlygyň, abadançylygyň, eşretli durmuşyň nyşanydyr.  

                                                                   

Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Çünki ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balaryçylyk ýaly ugurlar ýokary depginler bilen ösdürilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde türkmen işewürlerine möhüm orun degişlidir. Olar et, süýt, ýumurtga, balyk, un, şeker, ýag önümleriniň, çaga iýmitleriniň, gök we miwe şireleriniň, agyz suwlarynyň, süýji-kökeleriňdir doňdurmalaryň dürli görnüşlerini öndürýärler. Bu ugurda ýurdumyzda hut geçen ýylyň özünde 3 sany maldarçylyk, 3 sany hem guşçulyk hojalygy, 2 sany sowadyjy ammar, 8 sany ýyladyşhana, 4 sany azyk ugurly kärhana işe girizildi. Munuň özi öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna ýardam etdi. Şeýle-de olaryň görnüşleriniň sany hem köpeldi, ýagny 227 sany täze önüm öndürilip başlandy. 

                                                                   

Ýurdumyzda bazar bolçulygyny pugtalandyrmakda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryna uly orun degişlidir. Bu toplumlar boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Meselem, «Sahabatly» hojalyk jemgyýetini alyp göreliň! Bu hojalyk jemgyýetiniň ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerini, şeýle hem 30 tonna et önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bar. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda süýdi köp berýän tohum mallaryň 500-e golaýy, geçileriň hem 500-den gowragy idedilýär. Sygyrlardan her gün 5,5 tonna çenli süýt alynýar. Süýdi gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň birnäçe görnüşi söwda nokatlaryna ugradylýar.  

 «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetiniň ýyllyk kuwwatlylygy 20 müň tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenilen maldarçylyk toplumy bolup, ol etiň mermer görnüşini öndürmäge ýöriteleşendir. Toplumda gara mallaryň simmental, angus, golştin tohumlarynyň 4 müň 800-si bar. Günde her sygyrdan 25 litr süýt alynýar.  

                                                                   

«Uly ynam» daýhan hojalygynda simmental tohumly iri şahly mallaryň 200-den gowragy idedilýär. Sygyrlardan aýda 8 tonna süýt alynýar. «Garlawaç-1» hojalyk jemgyýetinde hem golştin tohumly gara mallaryň 150-den gowragyna ideg edilýär. Boldumsaz etrabyndan telekeçi Arslan Çowdurowyň maldarçylyk toplumynda golştin we simmental tohumly gara mallaryň 170-den gowragy, goýun-geçileriň 300-e golaýy bar. Olar, esasan, süýt berýän mallardyr. «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumynda golştin tohumly mallaryň 300-den gowragy, ownuk mallaryň 500-e golaýy idedilýär.  

                                                                   

Türkmen işewürleri şöhlat önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde hem baý tejribe topladylar. Mysal hökmünde aýtsak, «Lebap et önümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan et we şöhlat önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. «Aşgabat», «Ak şäher», «Gökdere», «Laçyn», «Arkadaş», «Lebap», «Saýatly» haryt nyşanly şöhlatlara isleg barha artýar. «Ak toprak» hususy kärhanasy hem şöhlat önümleriniň bolçulygyna goşant goşýar. Öndürilýän «Bolelin», «Teýli» we «Ararat» haryt nyşanly şöhlatlar uly islegden peýdalanýar.  

                                                                   

«Bereketli» hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň 60-a golaý görnüşini öndürýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hatarynda kakadylan towugy, towuk buduny, towuk ruletini, goýun gapyrgasyny we buduny, gowrulan döş etini, jylka etden taýýar önümleri, sygyr etinden taýýarlanan buglanan et ýapmasyny, şöhlat önümleriniň birnäçe görnüşini görkezmek bolar.  

                                                                   

«Buýsançly toprak» hususy kärhanasy «Buýsançly» haryt nyşanly et önümleriniň gaplama önümçiligine ýöriteleşendir. Kärhanada buglanan sygyr etiniň, üwelen, buglanan sygyr we towuk etinden, öz çorbasyna bişirilen towuk etinden ýapmalar, gowurdak taýýarlanylýar. Önümler, görnüşine görä, 90, 100, 180, 240, 250, 290, 350 gramlyk gaplara gaplanýar we alyjylara hödürlenilýär.  

                                                                   

Gökdepe etrabyndan telekeçi Polat Kanaýewiň düýedarçylyk hojalygynda düýeleriň 500-e golaýy bar. Olaryň 200-si sagylýan düýelerdir. Kärhanada öndürilýän düýe çalydyr agarany «Çöl gämisi» haryt nyşany bilen täzeligine söwda nokatlaryna ugradylýar. «Aýazbaba» haryt nyşanly süýt önümleri-de halkymyzyň uly höwes bilen satyn alýan harytlarydyr. Gatyk, gaýmak, dorog ýaly süýt önümlerine isleg barha artýar. Kärhanada ýaglylyk derejesi 40 göterim bolan peýnirdir mesge ýagy hem öndürilýär. «Toraňňy» hojalyk jemgyýetinde-de gatykdyr peýniriň önümçiligi ýola goýlandyr. «Peýnirçi» hususy kärhanasynyň öndürýän peýnirleri ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde öndürilýän peýnirler «Ýaýla» haryt nyşany bilen bellidir. 

  Güneşli Diýarymyzda guşçulyk pudagy hem barha ösýär. «Guş toplumy», «Altyn hilal», «Altyn jüýje», «Nurly meýdan», «Hoşzaman», «Şowly» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri halkymyzyň guş etine, ýumurtga bolan islegini kanagatlandyrmaga uly goşant goşýarlar. Mysal hökmünde «Altyn jüýje» hojalyk jemgyýetini alyp göreliň! Onuň guşçulyk toplumynyň birbada 100 müň jüýjäni saklamaga mümkinçiligi bar. Topluma öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylandyr. Ondaky inkubatoryň kuwwatlylygy ýylda 5 million jüýjäni çykarmaga barabardyr. Et üçin niýetlenilen jüýjeler 45 günde ýetişýär. Olaryň her biriniň agramy 1,5-2 kilograma barabar bolanda, et görnüşinde söwda nokatlaryna ugradylýar. Guşlar üçin iým öndürýän kärhananyň kuwwatlylygy sagatda 10 tonna iým öndürmäge mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Halkymyzyň toý saçagyny süýjüdir kökesiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bu babatda-da türkmen işewürleri yhlaslylyk görkezýärler. Mysal üçin, «Hojaly» hojalyk jemgyýeti konditer önümleriniň 80-den gowrak görnüşini öndürýär. Kärhananyň hünärmenleri geçen ýylyň ahyrynda täze önümlerini — «Tans» atly iki görnüşli waflileri, «Wasp» karamel huruşly, «Mardor» zefir huruşly şokolad örtülen petir kökeleri «Kesp», «Rende» şekerli kökeleri, ilatymyza hödürledi. Bu önümler dessine alyjylaryň göwnünden turdy. 

                                                                   

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň süýji, köke, şokolad önümleri halkymyzyň saçagynyň bezegine öwrüldi. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 15 müň tonna golaý önüm öndürmäge barabardyr. Kärhananyň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ýokary hilli önümleri öndürmäge ýardam edýär. Bu önümler Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Yrak, Hytaý ýaly ýurtlara eksport edildi. Bu kärhananyň önümleriniň Moskwa şäherinde bolup geçen Halkara azyk önümleriniň sergisinde hem görkezilendigini bellemek ýakymlydyr. Serginiň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça hususy kärhananyň «Glory» haryt nyşanly plitka şokoladlary, «Well» şekerli sakgyçlary altyn medala mynasyp boldy. Bu bäsleşikde «Balam» haryt nyşanly konditer kärhanasynyň künjüli «Grilýaž», «Ýürek» hem-de şokolad tagamly «Balam», «Ýürek» kökeleri altyn medallaryň 4-sini aldy. Bu üstünlikler hem türkmen işewürleriniň öndürýän önümleriniň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigine güwä geçýär.  

                                                                   

«Misgär», «Duýgy» hojalyk jemgyýetleridir «Mekan», «Nygmat», «Oguzhan» hususy kärhanalary hem süýji-kökeleriň dürli görnüşlerini öndürmek bilen, alyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrýarlar.  

                                                                   

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti özüne berkidilen ekin meýdanlarynyň 510 gektarynda günebakaryň hasylly görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Hojalyk jemgyýetiniň ýag öndürýän kärhanasynyň kuwwatlygy ýylda 7200 tonna günebakar ýagyny öndürmäge barabardyr. Günebakar ýaglary «Günaý» haryt nyşany bilen 1 we 5 litrlik gaplarda müşderilere hödürlenýär. Deslapky maglumatlara görä, günebakar ýagynyň düzüminde lesitin, karotinoidler, tokoferollar, fitnosmepollar bardyr. Şeýle-de bu ýag dürli witaminlere baýdygy bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

«Peragat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan marinadlanan hyýar, burç, pomidor, ýaga basylan gyzyl burç, assorti, badamly işbil, şugundyr-kelem ýaly birnäçe görnüşli önümler öndürilýär. Böwürslenden, ýertudanadan, erikden, şetdalydan, üljeden taýýarlanan mürepbelere isleg uly. Hojalyk jemgyýeti şetdaly, ülje, böwürslen, alça, beýi, ýertudana ýaly dürli miwelerden we ir-iýmişlerden şerbetleri hem taýýarlaýar. Bu önümler «Nesil» haryt nyşany bilen bellidir. Şeýle-de hojalyk jemgyýetiniň bir gezek ulanmak üçin niýetlenilen «Eko gap» haryt nyşanly önümleri daşarky bazarlarda-da isleglidir. 

                                                                   

Umuman, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek işine hususyýetçileriň goşandy hökmünde hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalardyr aýry-aýry işewürleriň käbiriniň öndürýän önümlerini mysal getirdik. Aslynda, bu ugurdan zähmet çekýänler sanardan köpdür, olar müňlerçedir. 

                                                                   

Hususy telekeçiler döwlet Baştutanymyzyň ynamyna jogap edip, täze taslamalary durmuşa geçirmekde, badalga berlen işleri dowam etdirmekde yhlasyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekýärler. Önümçilige innowasion tehnologiýalary batyrgaý ornaşdyryp, harytlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýýarlar. Eksport ugurly önümleriň görnüşini artdyrýarlar. Bu bolsa halkymyzyň abadan hem bolelin durmuşda ýaşaýandygynyň guwandyryjy alamatydyr. 

                                                                                                           

Akmyrat NURALYÝEW.

                       

“Türkmenistan”.