Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, halkymyz döwletli, döwranly zamanada ýaşaýar. Ol halkyň ykbalynyň tüýs bagtyň çür başyna ýeten döwri bolup, taryhyň sahypalaryny altyn syýa bilen boýaýar.
Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ak günleriniň aýdymyna maýyl bolan ömürleriň örki diňe asylly işleri, Watany, halky gülletjek amallary durmuşa geçirmäge baglanýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuş ýörelgesi aklygyň, sahawatlylygyň hem-de halk bilen birligiň ýoludyr.
Muňa geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň Täze ýyl baýramyny mynasyp derejede garşylamagyny üpjün etmek bilen bagly berlen tabşyryklaryň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu ajaýyp maşgala baýramçylygynda ilatyň toý saçagynyň giňden ýazylmagyny hem-de birek-biregi ýakymly sowgatlar bilen begendirmegini guramak maksady bilen, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýurdumyzyň dükanlaryndadyr bazarlarynda harytlaryň käbir görnüşlerini 50 göterime çenli arzanlatmak boýunça görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli harytlarynyň dürli görnüşleriniň bahalary bellenilen görkezijä çenli arzanladylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda we dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda «Sahawatly söwda» çäresi guralyp, onuň barşynda harytlar elýeterli bahadan alyjylara hödürlenilýär.
«Sahawatly söwda» çäresi paýtagtymyzdaky «Aşgabat», «Berkarar», «Çagalar dünýäsi», «Bagtyýarlyk», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezlerinde, «Aşgabat», «Paýtagt» söwda merkezlerinde, «Bereketli» bazarly söwda merkezinde we «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezinde geçirilýär. Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bu çäre degişlilikde, Balkanabat şäherindäki «Hazar» söwda merkezinde, «Daşoguz» şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezinde, Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde hem-de Mary şäherindäki «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezinde dowam edýär. Olaryň ählisinde alyjylaryň baýramçylyk mynasybetli söwda işleri gün-günden gyzyşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy esasynda ýola goýlan «Sahawatly söwda» çäresiniň barşynda çagalar, erkekler we zenanlar üçin egin-eşikler, çaga oýunjaklary, mekdep harytlary hem-de garyşyk önümler arzanladylan bahadan alyjylara ýetirilýär.
Şeýle hem 24-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyz üçin şäher awtobuslarynyň mugt hyzmat etmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan bu goşmaça durmuş çäreleri ilatymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da joşdurýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýar zamanasynda gowulygyň, eşretiň hem bagtyň ömrüniň uzaýandygyna, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyna, hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygyna aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy ömürlere ýakymly ýatlamalary ýazýan halk bähbitli ýene bir asylly göreldedir.
Aýsenem GURBANOWA,