Demirgazyk welaýatda-da «Sahawatly söwda» çäresi Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezinde gyzgalaňly dowam edýär. Döwrebap merkeziň dürli yşyklar bilen şugla saçýan toý lybasy, söwda dükanlarynyň köp görnüşli harytlardan, Täze ýyl sowgatlaryndan doly uzyn tekjeleriniň baýramçylyk bezegi, bereket-bolçulygy alamatlandyrýan görkana görnüşler aýratyn gözellik döredýär. Bu ýerde uly şatlyk bilen garşy alynýan Täze ýylyň toý saçagyna bezeg berýän azyk önümleriniň, käbir harytlaryň arzanladylan nyrhlardan satuwy göwnejaý ýola goýuldy. Merkeziň ähli söwda dükanlarynyň gapysyndaky harytlaryň arzanladylandygy baradaky ýazgylar bada-bat göze ilýär. Birinji gatda ýerleşýän «Kämil» market ýokary derejede hyzmatlary guramagyň, baýramçylyk mynasybetli arzanladylan harytlaryň iň köp görnüşiniň satylýan iri söwda nokady hasaplanýar. Şoňa görä-de, ol şäher ýaşaýjylarynyň, welaýatyň ähli künjeklerinden bolan adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
— Önümleriň nyrhynyň arzanladylmagy bilen, gündeki edilýän söwdanyň möçberi ep-esli artdy. Marketimizde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän süýji-köke önümleri, dürli içgiler, et önümleri, ir-iýmişler, ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän sitrus miweleri, hyýar-pomidorlar ilata hödürlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrýan tutumly işleri netijesinde, öndürilýän ýerli önümleriň görnüşleri has-da artdy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda geçirilýän «Sahawatly söwda» çäresinde süýji-kökeleriň onlarça görnüşi, miwe suwlarydyr gök önümler we beýleki azyk harytlary 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan nyrhlardan ilata hödürlenýär. Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly günleriniň bu sahawatly çäresi alyjylaryň göwünlerini ganatlandyrýar, buýsanjyny artdyrýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar — diýip, satyjy Selbi Çaryýewa gürrüň berýär.
«Rysgal» söwda we dynç alyş merkezindäki «Rowaç» söwda dükanynda egin-eşikleriň giň görnüşleri satylýar. Baýramçylyk günlerinde höwes bilen satyn alynýan köýnekleriň, penjekleriň, gyşky eginbaşlaryň käbir görnüşleri 10 — 20 göterime çenli arzanladyldy. Bu ýerdäki «Nusaý», şeýle-de dokma önümleri satylýan «Altyn asyr» dükanlarynda häzirki arzanladyş çäresiniň dowamynda söwdanyň möçberi ep-esli artdy.
«Sahawatly söwda» çäresiniň geçirilýän günlerinde Täze ýyl baýramy üçin dürli görnüşli harytlary arzanladylan nyrhlardan satyn alýan bagtyýar ildeşlerimiziň göwünleri şatlykdan doly. Olar eşretli zamanany peşgeş berip, toýly günleriň ýakymyny has-da artdyrýan şeýle sahawatly çäreler üçin hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdýarlar.
Amanmyrat SAPAROW.