Ahal welaýaty, 12-nji fewral (TDH). Şu gün Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň, kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri 9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek we etrabyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz etrabyň ilatyna iberen Gutlagynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň öňüsyrasynda Ak bugdaý etrabynyň durmuş, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünlikleriniň ata Watanymyzyň at-abraýyny artdyrmakda ildeşlerimiziň çekýän yhlasly zähmetini aýdyň görkezýändigini belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt depginler bilen ösýän döwlete öwürmek, halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde täze, belent wezipeler durýar. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgimiz bilen yhlasly, tutanýerli zähmet çekmelidiris. Şu belent wezipeleri amala aşyrmaga Ak bugdaý etrabynyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, kabul edilýän maksatnamalary ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly binalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi. Mundan başga-da, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek, raýatlaryň medeni dynç alşyny guramak, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler hem hasaba alyndy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda wezipeler üstünlikli çözülýär. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Bu günki gün Watanymyzyň her bir künjegi çalt depginler bilen özgerýär. Ahal welaýatynyň iri obasenagat merkezleriniň biri bolan Ak bugdaý etraby hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu sebitde gadymy döwürlerden bäri zähmetkeş ata-babalarymyz tarapyndan ak bugdaý, arpa, gök-bakja ekinleri, miweli baglar ýetişdirilipdir. Etrabyň gadymy ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän zähmetsöýer daýhanlary bagbançylygyň we maldarçylygyň okgunly ösmegine, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, önümçiligiň möçberiniň artmagyna saldamly goşant goşýarlar.
Ak bugdaý etrabynyň ykdysadyýetinde hususy düzümler uly orun eýeleýär. Telekeçiler tarapyndan gurlan ýyladyşhana hojalyklarynda gök-bakja ekinleri ýetişdirilýär. Şeýle hem maldarçylyk toplumlary hereket edýär. Şeýlelikde, bu etrabyň ilaty özünde öndürilýän azyk önümleri bilen dolulygyna üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleriniň çözgüdi daýhanlaryň ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly wezipeler bilen gönüden-göni baglydyr. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ekerançylaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Täze tehnikalary satyn almaga we obasenagat toplumynyň ähli önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýumlar çekilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Önümçiligiň netijeliligini artdyrmak bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlaryny satyn almak üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Bu bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär. Etrabyň çäginde durmuş maksatly binalaryň, energetika, senagat desgalarynyň, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, «Bagabat» şypahanasynyň hem-de beýlekileriň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza sebitiň ilatynyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşantlaryna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny we şan-şöhratyny artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Şanly waka mynasybetli baýramçylyk sergisi guraldy. Onda obasenagat pudagynyň gazananlary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen suratkeşleriniňdir heýkeltaraşlarynyň işleri görkezildi. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny synladylar we sport bäsleşiklerine tomaşa etdiler. Umuman, bu ýerde özüne mahsus şowhunly däpleri bilen uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy.
Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, teatrlaryň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ösüş ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.