Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady.
Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi.
Dünýä döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we her gezek Türkmenistana gelende, özüni ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýtdy.
Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, BAE-de Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda deňhukuklylyga, özara bähbitlilige esaslanýan uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýokary wezipeli wekilini Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýdyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna öz adyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz hormatly Arkadagymyzyň ýakynda Abu-Dabi şäherine amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi we iki ýurduň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtady. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda BAE amala aşyran resmi saparynyň, onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleriniň we saparyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň iki döwletiň däp bolan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berendigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan şu ýylyň 11-12-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE bolan resmi saparynyň ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam berýändigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň ägirt uly mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini nazara almak bilen, dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekiliniň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar. Syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda ösdürilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi daşary ýurtly işewürler, şol sanda Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, durmuş desgalarynyň gurluşygy we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hususan-da, ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamynyň düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa, demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça giň möçberli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýandygy, şunda bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-niň belli kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygy ýola goýmagyň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi portlary dolandyrmak we logistik hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalar üçin bähbitli taslama bolup biler.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berip, maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, bank-maliýe ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan kuwwaty doly derejede ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen mähirli hoşlaşdy.
Soňra belent mertebeli myhman hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, paýtagtymyzdan ugrady.