Arkadag şäheri, 3-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew hem-de Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy S.Atageldiýew garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektromobil taksileri we elektrobuslar bilen tanyşdy. Ilki bilen, elektromobilleriň ýangyjyň guýulmagy arkaly däl-de, elektrik energiýasy bilen işledilýändigini bellemek gerek. Ulagyň elektrik zarýad beriji ulgamynyň işleýşiniň barlanylmagy ulag serişdeleriniň ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklady. Bu talaplaryň berjaý edilmelidigi barada türkmen halkynyň Milli Lideri hemişe aýdýar.
Arkadag şäheriniň ÝHHG-niň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulandygy baradaky hoş habar ähli watandaşlarymyzy buýsandyrdy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşky gurşawyň abadançylygyna uly üns berilýändiginiň netijesidir.
Häzirki zaman elektromobiliniň ýene-de bir aýratynlygy, onuň gapysynda “kýu-ar” (QR) kodunyň bolmagydyr we sanly ulgama birleşdirilenligidir. Bu bolsa elektromobil taksisi barada, hususan-da, onuň tehniki häsiýetnamasy, sürüjisi, ulagyň şäheriň haýsy künjeginde hereket edýändigi barada doly maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyz elektrobuslaryň tehnologik aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Arkadag şäherinde dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidigi barada Gahryman Arkadagymyz yzygiderli belläp, birnäçe görkezmeleri beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary we yhlasly tagallalary esasynda täze “akylly” şäher peýda boldy. Bu elektrobuslardyr elektromobil taksileri hem “akylly” şäher maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijesidir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ulanyljak elektrobuslaryň, elektromobil taksileriniň şekil taslamalary, olaryň Arkadag şäheriniň çäklerinde hereket etjek ugurlarynyň meýilnamalary bilen tanyşdy. Elektrobuslaryň hereketiniň bir aýlawynyň wagty we barýan ugurlary, beýleki ulag serişdeleri barada maglumatlar berildi. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslaryň we elektromobilleriň duralgasynyň, başlanýan nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň baş meýilnamasy hem-de şekil taslamasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna hödürlenildi. Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň binalarynyň we ýollarynyň atlandyrylyşy, san belgileri boýunça şekil taslamalary-da görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalaryny we çyzgylary gözden geçirip, olara birnäçe belliklerini aýtdy we soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen, şäherleriň, obalaryň keşbiniň has-da özgerendigini belläp, şunda adamlaryň amatly ýaşaýşyny we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigini nygtady. Munuň özi biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu ýörelgäniň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini, ýerine ýetirilýän hemme işlerde, şol sanda Arkadag şäherinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy we oňyn zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz ajaýyp giňişlikde emele gelen täze şäheri synlap, Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde soňky ýyllarda alnyp barlan işleriň ählisi raýatlaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň nyşanydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmelerde halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, ekologik talaplara möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine, meýilleşdiriş çözgütlerine, bezeg aýratynlyklaryna, hil we ekologiýa babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmegine ýokary derejede üns berilýär. Munuň özi Arkadag şäheri babatda-da şeýledir.
Şäher ilatyna we onuň myhmanlaryna edilýän ulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda tagallalaryň edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugra degişli alnyp barylýan işleriň wajypdygyny nygtady. Çünki täze şäherde sanly ulgamlar bilen üpjün edilen döwrebap ulaglar ulanylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň açylyş dabarasyna-da ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky işleri dowam etdirmegi tabşyryp, Akhan şaýolunyň ugrundaky duralgada saklandy hem-de duralgany synlap, bezeg aýratynlyklaryna häkimiň ünsüni çekdi we onuň behişdi bedewlerimiziň şekilleri bilen bezelmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi Akhan şaýoly bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer.
Duralga elektrobus gelende, Gahryman Arkadagymyz we şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew oňa mündüler. Onuň içinde Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy S.Atageldiýew elektrobus barada giňişleýin maglumat berdi. Elektrobusyň giň şaýol arkaly hereket edip barşyna, töwerekde binagärlik-şähergurluşyk babatda döredilen gözellik ünsüňi özüne çekýär. Elektrobus bilen tanyşdyrmagyň barşynda bu döwrebap “akylly” tehnikanyň sanly ulgam arkaly üpjün edilmeginiň netijesinde, onuň gapylarynda ornaşdyrylan enjamlaryň kömegi bilen ýolagçylaryň ondan düşenleriniň we girenleriniň, onuň içindäki ýolagçylaryň sanyna çenli maglumatlary görkezip bilýändigi barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, elektrobus ýolagçylara niýetlenen sowadyş we ýyladyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bular barada aýtmak bilen, S.Atageldiýew täze şäherde raýatlaryň şeýle ýokary derejeli, ekologik taýdan arassa, rahat we oňaýly elektrobus hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin döredip beren şertleri we mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Milli Liderimiz sürüjiniň ýanyna baryp, onuň bilen söhbetdeş boldy we elektrobusyň tehniki aýratynlyklaryna ünsi çekdi.
Sürüji bu tehnikanyň ýokary derejedäki iň kämil, örän rahat elektrobusdygyny, onuň tehniki we elektron aýratynlyklarynyň ýolagçylara, sürüjä köp oňaýlyklary döredýändigi barada buýsanç bilen belledi. Şeýle hem ol henize çenli özüniň şunuň ýaly kämil jemgyýetçilik ulagyny dolandyryp görmändigini aýdyp, şeýle ajaýyp mümkinçiligi döredip berendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyp, ähli sürüjileriň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzdan elektromobili ilkinji bolup synagdan geçirip bermegini haýyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri elektromobili herekete girizip, Akhan şaýoluna tarap ugur aldy.
Arkadag şäherinde dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň, ulag düzümleriniň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşilip, asyrlaryň dowamynda ýurtlary we yklymlary baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesiniň ulanylmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşiniň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjegindäki bu giňişligiň oýlanyşykly we döwrebap derejede peýdalanylmagy täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesidir. Munuň özi şäher ilatynyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň häzirki günüň esasy talaby bolup durýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy elektromobili ussatlyk bilen dolandyryp, ýolugra onuň tehniki häsiýetnamasyna baha berdi. Arkadag şäherinde amala aşyrylýan işleriň halkara ülňülere, hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi döwletiň alyp barýan durmuş syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň esasy görkezijisi bolup durýar.
Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Arkadag şäheri “akylly”şäher hökmünde hem eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Munuň şeýledigine ýakynda ÝHHG-niň Baş sekretary tarapyndan Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzyň täze şäherinde — milli kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan işler daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljek nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak boýunça durmuşa geçirilýän wezipeleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny-da görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan ähli işleriň halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmelerde-de desgalaryň binagärlik keşbine, meýilleşdiriş çözgütlerine hem-de bezeg aýratynlyklaryna, dürli maksatly desgalaryň hil we ekologik howpsuzlygyna uly üns berilýär. Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamasy durmuşa geçirilende, binalardyr desgalar bilen birlikde, ulag düzümini döretmek boýunça işleriň hem öňdebaryjy tejribeleriň, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy esasynda, häzirki günüň ýokary talaplaryna laýyklykda alnyp barlandygyny bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri elektromobili synap görmek bilen, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we bilim almagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy hem-de ulag hyzmatlaryny hödürlemek boýunça meselelere zerur üns berilmelidigini nygtady. Şunda sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmegi esasy ýörelgä öwrülmelidir, “akylly” şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň taslamasynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir.
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe degişli tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka boljak Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmelidigini belledi we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek dabarasyna taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda girişilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, elektrobuslaryň we elektromobilleriň tehniki häsiýetnamalaryny göz öňünde tutup, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, ekologiýa, rahatlyk taýdan amatlylygyny kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezme berdi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen gutlap, berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.