Ýurdumyzda hususy pudaga berilýän ünsüň netijesinde döredilen “Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýeti bu gün alyp barýan üstünlikli işleri bilen uly meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanalary Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.
Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly kärhana reňklenen aýna penjireleri, gapylary, birleşdirilen panelleri gurmaga ýöriteleşdirilendir. Onda işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekmek bilen, kämil tehnologiýalary başarjaňlyk bilen dolandyrmagy başarýarlar. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti netijesinde öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär. Şol önümler öýlere, edara-binalara özboluşly görk we rahatlyk berip, göreniň ünsüni çekýär.
Kärhananyň önümçilik işinde ekologiýa taýdan arassa çig malyň ulanylmagy, önümleriň bezeginde, daşky görkünde buýrujylaryň islegleriniň nazara alynmagy olara bolan islegi ýokarlandyrmak bilen, hiline hem oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, Ýewropanyň meşhur önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen önümçilik bölümlerinde taýýarlanylýan alýumin penjiredir gapylar, aýnadan dürli ölçegdäki duş kabinalary, balkon aýmançalary, şeýle-de panjur we ýygnalýan saýawanlar, daşky žalýuzlar, awtomatik sensorly gapylar, derwezeler, günden goraýan telärler, ofis üçin taplanan aýnadan ýasalan germewler uly gyzyklanma eýedir.
Kärhananyň hünärmenleri hemişe täzeçillige ymtylýarlar. Olaryň täzeçillige ýugrulan gözlegleri netijesinde öndürilýän önümleriň görnüşleri barha artýar. Bu bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümleriniň ornuny tutýan ýerli önümleriň önümçiliginiň giňelmegine oňyn täsirini ýetirýär.