Bäsdeşlige ukyply önümler

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy hereket edýär. Şolaryň biri-de «Türkmen şöhle» hususy kärhanasynyň plastmassa önümçiligi boýunça kärhanasydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda agzalan kärhanada bolup, önümçilik işleriniň ýola goýluşy, öndürilýän önümleriň görnüşleri we hili bilen iş üstünde tanyşmak miýesser etdi. Kärhanada dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriň ugurdaş önümçiliklere niýetlenen ýokary tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we şol enjamlary ýerli hünärmenleriň ussatlarça dolandyrmagy plastmassa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň çekýän agzybirlikli zähmeti bilen oturgyçlaryň, stollaryň, güldanlaryň, sebetleriň, bedreleriň, süzgüçleriň, legenleriň, sabyn gaplarynyň, mejimeleriň, çaga wannalarynyň, çekerleriň, asgyçlaryň, daraklaryň, çaga oýnawaçlarynyň hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlaryň köp dürli görnüşi öndürilýär. Bu önümler bäsdeşlige ukyplylygy, ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Buýurmalar esasynda öndürilýän önümlerde sarp edijileriň islegleri göz öňüne tutulýar. Munuň özi dürli ölçegdäki we görnüşdäki plastmassa önümleriniň önümçiliginiň geriminiň giňemegine hem oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylda kärhanada öndürilen önümleriň daşary ýurtlara hem eksport edilendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Şeýle ýurtlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasyny, Belarus Respublikasyny, Gazagystan Respublikasyny agzamak bolar. Kärhananyň önümlerine islegiň barha ýokarlanmagy önümçilik işinde ýokary hilli ýerli çig malyň, şol sanda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýän polipropileniň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW,

                       

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.