Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginde pagta çigidini gaýtadan işlemegiň hasabyna alynýan azyk we hojalyk önümleriniň mukdary barha artýar. Muny önümçilik birleşiginde şu ýylyň başyndan bäri edilen işler hem aýdyň görkezýär.
Birleşikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri 25 müň tonna golaý çigit gaýtadan işlenilip, arassalanylmadyk pagta ýagynyň 3950 tonnasy öndürildi. Şeýle hem birleşige degişli kärhanada sarunyň 9850 tonna golaýy, harpygyň 6600 tonnadan gowragy, arassalanan pagta ýagynyň 3200 tonna golaýy öndürilip, alyjylara ýetirildi. Önümçilik birleşiginde eýýäm onlarça ýyl bäri hojalyk sabynynyň önümçiligi hem üstünlikli alnyp barylýar. Şu ýylyň geçen döwründe bu önümiň 78 tonnasy öndürildi. Sabyn welaýatyň çäginden daşgary, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki söwda nokatlaryna hem iberilýär.
Umuman, welaýat Azyk önümçilik birleşiginde edilen işiň manat hasabyndaky möçberi 37,5 million manada golaýlady. Şunda girdejiniň agramly böleginiň arassalanan pagta ýagynyň önümçiliginden gelýändigini nygtamak gerek. Gazanylýan zähmet ýeňişleri birleşigiň işgärleriniň agzybir zähmetiniň miwesi bolup, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan olary höweslendirmek, durmuş taýdan goldamak işleri hem yzygiderli alnyp barylýar. Işgärlerimiziň arasynda göreldeli zähmeti bilen döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary hem bar. Önümçilik birleşiginiň işgärleri döredilýän döwrebap zähmet we ýaşaýyş şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Jennet ALTYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Azyk önümçilik birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.